Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji aprelinde geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanandygy barada habar berildi. Bu habar Birleşen Millteler Guramasynyň Ženewadaky bölüminden gelip gowuşdy. Şol ýerde ýakynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 65-nji maslahatynyň 5-nji mejlisi geçirildi. Ýolbaşçy düzümiň saýlawlarynyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasyna agza döwletleriň biragyzdan çözgüdi boýunça Türkmenistan komissiýanyň Başlygynyň orunbasary boldy.
Mundan başga-da, biziň ýurdumyz şu derejä laýyklykda, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň her iki ýyldan bir gezek saýlanýan dolandyryjy guramasy bolmak bilen, ol 2015-nji ýylyň aprel aýyna çenli BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini hem ýerine ýetirer.
Bu waka Türkmenistanyň we parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli işjeň daşary syýasat strategiýasyny maksadalaýyk durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň barha ösýän halkara abraýynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Syýasy durnuklylyk, milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşi milli Liderimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan ýörelgesi bilen bitewülikde döwlet ösüşiniň netijeli häsiýete eýedigini ykrar eden işjeň syýasaty durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň oňyn tejribesine bolan gyzyklanmalary ykrar edýän hakykatdyr.
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak Ýewropa ykdysady komissiýasynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we häzirki döwürde durnukly ösüşe goldaw berilmegine gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy 1947-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin bäş komissiýasynyň biri hökmünde esaslandyryldy. Guramanyň maksady Ýewropa we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň işjeňligini ösdürmekden we pugtalandyrmakdan ybaratdyr. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hökümetler üçin hereketleriň sazlaşygyny we agza ýurtlaryň arasyndaky pikir alyşmalaryň ýola goýulmagyny ugur edinýän konwensiýalary, kadalary we ülňüleri işläp taýýarlaýan sebitleýin forumy bolup hyzmat edýär. Bu wezipäni ýerine ýetirmek bilen, komissiýa sarp edijileriň howpsuzlyk we hil üpjünçiligini kepillendirýär, daşky gurşawyň goralmagyna, söwda alyş-çalyşlarynyň ýönekeýleşdirilmegine ýardam berýär, şeýle hem agza döwletleriň sebitiň çäginde has-da ýygjamlaşmagyny we dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär.
BMG we onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de işjeňleşdirmek türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty BMG-niň parahatçylygy, howpsuzlygy, sebitleýin hem-de ählumumy möçberdäki durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan maksatlary hem-de wezipeleri bilen sagzlaşykly alnyp barylýar. Biziň ýurdumyz köpýyllyk hyzmatdaşlygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň hereketine işjeň goşulýar we onuň düzümleri bilen özara gatnaşyk saklamak arkaly, özüni jogapkärli hem-de halkara gatnaşyklary ulgamynda oňyn teklipleri öňe sürýän ýurt hökmünde tanatdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasy netijesinde, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy we ol ýurdumyza dünýä bileleşiginiň abraýly agzalarynyň hataryna goşulmaga ýardam berdi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji maslahatynda çykyş etmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen doly möçberli we maksadaokgunly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň strategik ugry bolup durýar diýip belledi.
Türkmenistan BMG-a agza bolan döwrüniň tutuş dowamynda BMG-niň gün tertibindäki ähli meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşýar we bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki birnäçe möhüm wezipelere aýratyn ähmiýet berýär. Netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürmek bilen, biziň ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşi, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy ýaly möhüm guramalary bilen ýola goýulýan özara gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär.
BMG-niň howandarlygynda biziň ýurdumyzda iri halkara forumlarynyň geçirilmegi BMG-niň esasy çäreleriniň ählisine Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli artmagy we Ženewada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň açylmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär, şol ýerde onuň birnäçe möhüm guramalary ýerleşýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň belent münberinden halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň berkidilmegine, sebitleýin möhüm durmuş-ykdysady meseleleriň çözülmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary we olaryň dünýä bileleşiginiň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolmagy türkmen döwletiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde işjeň orny eýeleýändigini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen geçirýän duşuşyklary we gepleşikleri Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, oňa ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýet berilýändigini aňladýar.
Bu babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň işine yzygiderli gatnaşýandygyny bellemelidiris. Bu bolsa ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň 58-nji, 62-nji we 64-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanmagyna mümkinçilik berdi.
2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Orta Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy örän möhüm wakadyr. Merkeziň baş maksady Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümetlerine jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekden we olary gepleşikler arkaly kadalaşdyrmakdan, degişli taslamalary durmuşa geçirmekde halkara goldawyna daýanmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň esasy orun eýeleýändigini nygtamak ýakymlydyr.
Owgan meseleleri boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistan goňşy döwletdäki ýagdaýyň diplomatik ýollar we gepleşikler arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Biziň ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Şu jähetden goňşy Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryna BMG ýokary baha berýär. Türkmenistanyň bu babatdaky başlangyçlary owgan ykdysadyýetiniň ösüşine we möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Türkmen döwletiniň günortadaky goňşy ýurduna BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň çäklerinde hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini nygtamak gerek.
Şeýle hem 2008-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň teklibi boýunça Baş Assambleýanyň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýasy kabul edildi. Biziň ýurdumyzyň energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçiriji ýurtlaryň we ony ulanyjylaryň gyzyklanmalarynyň goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen teklibi halkara-hukuk guraly hökmünde umumy gyzyklanmalara jogap bolmak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasy bilen BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk maksatnamasy ýaly sebitleýin we sebitara agentliklerini döretmegi teklip etdi. Şu jähetden biziň ýurdumyzda 2010-2015-nji ýyllarda BMG-niň üç agentligi, has takygy Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we BMG-niň Ilat gaznasy üçin hereket etmegiň maksatnamasynyň meýilnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini bellemelidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň biziň ýurdumyza sapar bilen gelen ýokary wezipeli wekilleriniň bitrnäçe gezek belleýişleri ýaly, BMG Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýar. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda halkara gatnaşyklarynda wajyp orny eýeleýän ýurdumyzyň işjeň içeri we daşary syýasaty bilen şertlendirilendir. Biziň ýurdumyzyň 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine hemişelik esasda saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy barada aýdanyňda, onuň energetika, daşky gurşawy goramak ulgamlaryndaky, suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ulag we söwda pudaklarynda özara gatnaşyklary özünde jemleýändigini bellemek gerek. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler soňky ýyllarda bilermenler toparlarynyň, komitetleriniň we BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamanyň çäklerinde uly ösüşe eýe boldy, şol maksatnamany Ýewropa ykdysady komissiýasy işläp taýýarlady. Şunlukda, Türkmenistanyň bassyr iki ýyl BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin ýörite Maksatnamasynyň başlyklygyna saýlanandygyny ýatlamak gerek. Türkmen döwletiniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde durmuşa geçirýän anyk çärelerine ünsi çekmek bilen, 2010-njy ýylyň noýabrynda biziň ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanandygyny agzamak zerurdyr.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky möhüm wakalaryň hatarynda Türkmenistanyň 2012-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň esasy alty guramasynyň biri bolan 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanmagyny görkezmek bolar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öňdäki orny eýelemegini şertlendiren oňyn syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň düzümine saýlanmagy biziň ýurdumyz üçin türkmen döwletiniň beýleki ýurtlar we milli Liderimiziň sebitleýin hem-de ählumumy möçberdäki durmuş-ykdysady meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, abraýly halkara guramalary bilen ählumumy hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň birnäçe gezek belleýşi ýaly, milli we umumy gyzyklanmalaryň oňyn sazlaşygy, ikitaraplaýyn peýda hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk, türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek boýunça esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we BMG bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmaga mümkinçilik berdi. Häzir gürrüň biziň ýurdumyzyň halkara derejesindäki taslamalary durmuşa geçirmäşe ukyply döwlet bolandygy barada barýar. Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara düzümleri bilen ýola goýýan netijeli hyzmatdaşlygy biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk esaslaryna daýanýan we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän daşary syýasat konsepsiýasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Bu bolsa Türkmenistana işjeň döwletara hyzmatdaşlyk syýasatyny ýola goýmaga, ony gatnaşyklaryň täze derejesine çykarmaga ýardam berýär. Häzirki hoş habar bolsa biziň ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Şeýlelikde, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmak bilen, Türkmenistan häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdi boýunça strategik başlangyçlary öňe sürmek üçin täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Şol bir wagtyň özünde BMG-niň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berer.