Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk

view-icon 765
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Walloniýa” maliýeleşdirmek we daşary söwda boýunça agentliginiň baş direktory jenap Filipp Sýuneniň ýolbaşçylygyndaky türkmen paýtagtynda saparda bolýan Belgiýa Patyşylygynyň wekilýeti bilen duşuşyk boldy. Onda ikitaraplaýyn türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurtdan gelen myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda öňdengörüjilik bilen durmuşa geçirilýän Türkmen döwletiniň durmuş ugruna gönükdirilen içeri syýasaty biziň ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna esaslanýan işjeň daşary syýasat strategiýasy bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanda bolup geçýän uly özgertmelere tüýs ýürekden haýran galýandyklaryny beýan etmek bilen, Belgiýanyň wekilýetiniň agzalary ýangyç -energetika, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda, gurluşykda, oba hojalygynda, syýahatçylyk boýunça, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda, atçylyk we atçylyk sportunda hem-de beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandyklaryny bellediler.

Duşuşygyň möhüm meseleleriniň biri Türkmenistanyň we Belgiýanyň döwlet hem-de hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge dahylly boldy. Düzümine dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri, işewürleri giren Belgiýanyň wekilýetiniň agzalarynyň pikiriçe, olar geljegi uly bolan türkmen bazaryna özleriniň gatnaşmagyny giňeltmäge isleg bildirýärler.

Belgiýa Patyşalygynyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde, ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we edaralarynda hem duşuşyklar geçirildi.