“Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça işçi toparynyň birinji maslahaty
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy boýunça Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça Bilelikdäki utgaşdyryjy iş toparynyň birinji maslahaty geçirildi. Oňa üç ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.
Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar täze demir ýoluny döretmäge gönükdirilen taslamanyň durmuşa geçirilişiniň geljegi bilen baglanyşykly birnäçe anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taslamanyň amala aşyrylmagy Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky halkara ýük daşalyşynda möhüm halka bolar.
Mälim bolşy ýaly, ulag-aragatnaşyk pudagy ýaly şeýle ähmiýetli we geljegi uly bolan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen Ähtnama 2013-nji ýylyň 20-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynda Aşgabatda gol çekildi.
Gadymyýetden söwda ýollarynyň çatrygy bolan, Ýewropadan Aziýa köpri bolup hyzmat eden Türkmenistanyň amatly geografiki ýerleşişi biziň häzirki döwrümizde-de möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen badalga berlen täze polat ýol hem sebitiň ýurtlarynyň dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň, ygtybarly ulag ýoly bolar. Türkmen Lideriniň bu başlangyjy Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan uly goldaw bilen kabul edildi, çünki bu demir ýol üç goňşy döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bütin sebitde ulag ulgamyny ösdürmäge we onuň halkara ulag-aragatnaşyk düzümine has giňden ygtybarly birleşmegine hyzmat eder.
Duşuşykda bellenip geçişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça depginli ösdürilýär.Ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň möçberi artýar. Sebitde Bitarap Türkmenistanyň ynamyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berkemegine goşýan uly goşandyny bellemek bilen, myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şol sanda ulag pudagynda işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, hususan-da, owgan topragynda durmuş-ykdysady düzümiň dikeldilmegine, halkara jemgyýetçiliginiň degişli tagallalarynyň mundan beýläk-de birleşdirilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn döwrebapdygy bellenildi.
Şu babatda iki ýyl mundan ozal—2011-nji ýylyň maýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň barşynda “Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý” ugry boýunça demir ýoluň gurluşygy barada hökümetara türkmen-owgan Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekilendigini bellemeli. Eýýäm şonda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öňdengörüjilik bilen geljekde Owganystanyň çäklerinde dowam etmek mümkinçiligi bilen, Türkmenistandan Owganystana demir ýol gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak barada pikiri aýtdy. Şol taslamada demir ýoly iki ýerde gurmak: Türkmenistanyň çäklerinde 85 kilometrlik Atamyrat-Ymamnazar ugruny we Owganystanyň çäklerinde Ymamnazardan Andhoýa çenli 38 kilometrlik ugruny gurmak barada gürrüň edildi.
Şu günki duşuşykda-da türkmen tarapy owgan kärdeşlerine häzirki wagtda Atamyrat-Ymamnazar böleginiň gurluşygy boýunça ähli taslama işleriniň tamamlanyp barýandygy barada habar berdiler. Gurluşygyň bu şahasyny Türkmenistanyň Demir ýolunyň ministrliginiň düzümleri amala aşyrar. Owgan wekiliýetiniň agzalary Owganystanyň çäklerinde Ymamnazar-Akina demir ýol ugrunyň gurluşygy we tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamaga türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagy barada teklip aýtdylar.
gatnaşyjylaryň belläp geçişleri ýaly, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi, şeýle hem täze, döwrebap düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetiniň mundan beýläkki ösüşi üçin kuwwatly itergi berer, möhüm durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde, şol sanda ilatyň iş üpjünçiligi bilen bagşlanyşykly meseleleriň çözülmegine, maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam eder. Umuman, munuň özi ýurduň ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirer.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, häzirki zamanda Türkmenistanyň ýol-ulag pudagynda, şol sanda onuň gündogar böleginde eýýäm birnäçe taslamalar amala aşyryldy. Amyderýanyň sag kenarynda sebitiň baý serişdelerini özleşdirmäge kuwwatly itergi bolan, Jeýhunyň üstünden gurlan Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi ulanmaga tabşyryldy, Türkmenistanyň gündogar welaýatynyň merkezinde Amyderýanyň üstünden ýene-de iki köprini gurmagyň düýbi tutuldy. Olar 1600 metr bolan awtomobil köprüsi we 1750 metre barabar bolan demir ýol köprüsidir. Biziň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny baglanyşdyrýan awtomobil ýollarynyň gurluşygy berk halkara talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.
düzümi—ykdysadyýetiň daýanç sütünidir we şunda esasy orun demir ýol ulagyna degişlidir. Munuň özi ýük daşamakda öňdäki orny eýeläp, onuň hyzmatlaryndan her günde ýolagçylaryň millionlarçasy peýdalanýar. Bütin ýurdumyzyň durmuşynyň takyk hereketi polat ýollarynyň işiniň ygtybarly we üznüksiz bolmagyna köp babatda bagly bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tutuş ykdysadyýetiň düýpli döwrebaplaşdyrylýan wagtynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň her bir pudagy giň gerimli wezipeleri çözýär. Şunuň bilen baglylykda, demir ýol pudagyna has ýokary talap bildirilip, olar hojalygy dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, menejmentiň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemek we döwrebap wagonlary netijeli peýdalanmak, ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlary we howpsuzlygy, işgärleriň iş şertlerini üpjün etmek ýaly dürli ugurlary gurşap alýar.
Iki günlük duşuşygyň barşynda “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan” demir ýoluny gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly guramaçylyk meselelerine hem garalar.
Şeýlelikde, häzirki zaman ulag ulgamynyň döredilmegini gadymy döwürlerde türkmen döwletiniň çäginden geçen we häzir tapgyrlaýyn dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň mümkinçilikleri bilen deňeşdirip bolar. Üçünji müňýyllykda goňşy ýurtlary baglanyşdyrjak täze demir ýoly deňhukukly hyzmatdaşlygyň we özara bähbitli ykdysady peýdanyň şertlerinde diňe taslama gatnaşýan ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň goşulyşmagyny üpjün eder.