Şu gün Latwiýa Respublikasynyň paýtagtynda, Kipsaladaky Halkara sergi merkezinde “Moda we dokma 2013” atly dokma önümleriň, egin-eşikleriň, deri önümleriniň hem-de önümçilik enjamlarynyň 18-nji Halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu forum özüne modalaryň gözden geçirilişiniň giň maksatnamasyny, “Moda we dizaýn: ugurlar we mümkinçilikler” atly maslahaty, işewürligi goldamak bilen baglanyşykly biržany, şeýle hem ýazky-tomusky lybaslaryň gözden geçirilişini we “Habitus Baltija 2013” atly ýaş moda hudožnikleriniň bäsleşigini birleşdirýär.
Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Finlýandiýanyň, Polşanyň, Hindistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen birlikde, bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Rigadaky foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem iberildi. Onuň düzümine ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdiler. Bu saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde işewür toparlaryň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekden, şeýle hem ýurdumyzyň dokma senagatynyň we halyçylyk pudagynyň gazanýan üstünliklerini, zergärçilik önümlerini görkezmekden ybaratdyr.
Türkmen wekiliýetiniň Halkara sergisine gatnaşmagynyň Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn manysy bardyr. Biziň wekillerimiziň bu sergä gatnaşmagy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant bolar. Geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Latwiýa Respublikasyna bolan resmi sapra hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda taraplaryň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge meýillidigi beýan edildi. Rigada geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berdi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýdy.
Ykdysady ulgamda türkmen-latwiýa gatnaşyklaryny ösdürmekde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi, öz nobatynda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny doly açmaga ýardam eder. Hyzmatdaşlygyň şu kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy bolsa Türkmenistanyň we Latwiýanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu iri foruma gatnaşmagy şu ugurdaky nobatdaky möhüm ädimdir.
Däp bolşy ýaly, Latwiýanyň paýtagtynda geçirilýän her ýylky abraýly gözden geçirilişi halkara sergilerini guraýjy BT 1 kompaniýasy Latwiýanyň maýa goýumlary we ösüş agentligi, Latwiýanyň söwda-senagat edarasy, Latwiýanyň ýeňil senagaty kärhanalarynyň assosiasiýasy hem-de Latwiýa-Beýik Britaniýa Söwda edarasy bilen hyzmatdaşlykda gurady.
Öndürilýän dürli görnüşli önümleri görkezmek, tejribe alyşmak, şol sanda iň täze tehnologiýalary ulanmak, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we bazaryň häzirki ýagdaýyny öwrenmek babatda tejribe alyşmak üçin özboluşly binýat bolup hyzmat edýän sergi hem-de maslahat nobatdaky gezek Baltiýanyň, Skandinawiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň meşhur lybaslaryny, dokma we deri önümlerini, önümçilik enjamlaryny hem-de tikin esbaplaryny öndürijileri jemledi. Mundan başga-da, ýokarda agzalan çärä gatnaşmak üçin modanyň abraýly bilermenleri, meşhur stilistler, dizaýnerler Riga geldiler. Serginiň wekilçilikli düzümi oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu çäräniň meşhurlygynyň ýylsaýyn artmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň şu sergä gatnaşmagy onuň üçin dünýäde ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazanan ýokary üstünliklerini görkezmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak babatda täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, daşary ýurt işewürligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. şunda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çägini giňeltmäge, täze bazarlary özleşdirmäge hem-de beýleki ýurtlaryň daşary söwda dolanyşygynda Türkmenistanyň ornuny berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli sergi ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan dokma senagatynyň ägirt uly maýa goýum, tehnologiki we eksport kuwwatyna göz ýetirmäge, şol bir wagtyň özünde, sergä gelýän köp sanly adamlara türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Kipsaladaky ägirt uly sergi merkeziniň pawilony beýleki ýurtlaryň pawilonlaryndan özüniň köp öwüşginliligi hem-de özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde jinsi, tüýjümek, trikotaž matalardan öndürilen taýýar önümler, lukmançylyk pamygy, nah ýüplük, türkmen panbarhat we keteni matalarynyň nusgalary görkezilýär. Bu önümler biziň ýurdumyzyň dokma pudagynyň kärhanalarynda öndürilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça dokma senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde nah ýüplükleriň, matalaryň we taýýar önümleriň öndürilişi ep-esli artdy. Şol maksatnamanyň çäklerinde esasy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen dokma, tikin we boýag fabrikleriniň onlarçasy işe girizild we şeýle kärhanalaryň gurluşygy şu günler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Örän wajyp taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar, matalaryň we beýleki önümleriň täze görnüşlerini öndürmek işi özleşdirilýär hem-de biziň önümlerimize isleg bildirýänler bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýulýar. Biziň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli trikotaž we beýleki matalar, “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili taýýar önümleriň dürli görnüşleri häzirki wagtda bütin dünýäde uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanyň dokma önümlerini ABŞ, Kanada, Russiýa, Ukraina, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Türkiýe, Italiýa ýaly ýurtlar alýarlar.
“Türkmenbaşy jinsi toplumyna” hem-de “Serdar” pagta egriji fabrigine berlen ISO 9002 “Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy” we ISO 14001 “Daşky gurşawy goramak” şahadatnamalarynyň berilmegi dokma pudagynda çykarylýan önümleriň ýokary hillidiginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Galyberse-de, munuň özi çykarylýan önümleriň ýokary hiliniň halkara ykrarnamasyna hem-de menejmentiň ýokary derejedigine şaýatlyk edýär.
Ykdysadyýetimizde ýüpekçilik önümçiligini ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Biziň ýurdumyzda öndürilýän ýüpeklere daşary ýurtlarda ýokary baha berilýär.
Sergä gelýänler türkmen halylaryna uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Biziň halylarymyz milletiň aýrylmaz bölegi hem-de bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda biziň halkymyz çeper halyçylygyň tehnologiýasyny aýawly saklap galmagy hem-de biziň günlerimize ýetirmegi başarypdyr. Bu beýik sungatda türkmen halkynyň dünýägaraýşy, milli pelsepesi, ruhy dünýäsi hem-de pähim-paýhasy öz beýanyny tapypdyr. Türkmen halylary halkymyzyň milli buýsanjy, onuň dünýä ähmiýetli çeper gymmatlyklaryň genji-hazynasyna goşundy bolmak bilen dünýäniň haýran galdyrmagyny dowam etdirýär.
Ine, şu gün hem Türkmenistanyň sergide görkezilýän zatlary bilen içgin tanşan adamlar bu täsin önümleriň gaýtalanmajak gözelligine haýran galdylar. Şol önümler bolsa özleriniň köp öwüşginliligi, inçeligi hem-de täsinligi bilen tapawutlanýar. Haly dokamak üçin saryja goýnunyň ýazda gyrkylan ýüňüniň ulanylmagy türkmen halylarynyň möhüm aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Halylaryň tebigy boýaglar bilen boýalmagy bolsa olaryň uzak ýyllaryň dowamynda durkuny üýtgetmän saklamagyny üpjün edýär.
Biziň ajaýyp ussalarymyzyň taýýarlan halk-amaly haşam sungatynyň önümleri foruma gatnaşyjylaryň we köp sanly myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Şol önümleriň özboluşlylygy, milli öwüşginliligi hem-de ýokary hilliligi hemmeleri haýran galdyrdy.
Rigada geçirilýän şu duşuşygyň esasy ugurlarynyň biriniň bezeg önümleri bilen baglanyşyklydygy nazara alnyp, Türkmenistanyň ekspozisiýasynda zergärçilik sungatynyň önümleri giňden görkezilýär. Bu sungat öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar we milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Zergärlerimiziň zehini we yhlasy bilen döredilen täsin bezegler –monjuklar, bilezikler, ýüzükler, gulakhalkalar foruma gatnaşyjylarda we myhmanlarda, aýratyn hem zenanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Aşgabadyň modalar öýüniň “Ýüpek ýoly” hem-de “Gülzaman” we “VepaSoyun” toplumlarynyň modalarynyň gözden geçirilişi serginiň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu toplumlar egin-eşikleriň modasynyň hem-de bezeginiň milli mekdebiniň häzirki wagtda ýokary derejä çykýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdiler. Bu lybaslaryň toplumlary dürli görnüşli matalardan – ýokary hilli keteniden, şifondan, mahmaldan, atlasdan we beýleki matalardan täsin milli nagyşlary ulanmak arkaly taýyarlanyldy. Ussat zergärlerimiziň kümüşden taýýarlan zergärçilik önümleri türkmen lybaslary bilen bilelikde aýratyn sazlaşyk döredip, gözden geçirilişe gatnaşýanlary gündogar ýurdunyň özboluşly gözel dünýäsi bilen tanyşdyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, özünde gadymy däpleri we häzirki zaman modasynyň aýratynlyklaryny birleşdiren biziň modellerimiziň gaýtalanmajak milli öwüşgini köp sanly tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy hem-de modanyň esasy dizaýnerleriniň we bilermenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Umuman, Latwiýa Respublikasynyň paýtagty Riga şäherinde geçirilýän “Moda we dokma 2013” atly 18-nji Halkara sergisiniň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny, onuň ýurdumyzyň önüm öndürijileri üçin Baltiýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň bazarlaryna çykmak babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyny bellemelidiris.
Ertir forum öz işini dowam etdirer. Çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde ertir “tegelek stoluň” başynda geçiriljek duşuşyk möhüm ähmiýete eýe bolar. Şol duşuşykda täze bazarlara çykmakda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Biziň ýurdumyzyň wekilýetiniň agzalary hem onuň işine gatnaşarlar we Türkmenistanda dokma senagatynyň ösüşiniň aýratynlyklary barada çykyş ederler.
Düýn türkmen wekiliýetiniň agzalary Latwiýanyň maýa goýumlar agentliginde duşuşyk geçirdiler. Onuň barşynda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *