Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 768
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, Türkmenistanda ýaýbaňlandylyran giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk işleri, sebitde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak, gurluşygy alnyp barylýan binalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwrüň derwaýys çäreleriniň biri bolan galla oragynyň ýokary derejede geçirilmegine dahylly ähli zerur düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz sebitiň senagat düzümini ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň, hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde sebitiň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçirilýän abatlaýyş işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, galla oragyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda -- “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, galla oragyna taýýarlyk görmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin, galla oragyny gije-gündiziň dowamynda alyp barmagyň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülmelidigini, welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny nygtady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini we depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de, häkim galla oragyna taýýarlyk işleri boýunça meýilnamalaşdyrylan çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu babatda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz galla oragyna taýýarlyk boýunça meýilnamalaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny, orakda işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklara, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň göwnejaý guralmalydygyny nygtady.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty diňlenildi. Ol häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem galla oragyna taýýarlyk boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýtmak bilen, häkim desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagyň we olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän galla oragynyň guramaçylykly alnyp barylmagyny, oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň anyk meýilnamasynyň düzülmelidigini nygtap, welaýatdaky ähli elewatorlaryň, ammarlaryň we däne saklanýan beýleki binalaryň täze hasyly kabul etmäge doly taýýarlanmalydygyny belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat bermek bilen, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň gidişi we galla oragyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde durmuşa geçrilýän çäreler hakynda habar berdi. Şeýle hem häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň ýagdaýy barada durup geçdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynyň häzirki döwürde durmuşa geçirýän çäreleriniň wajypdygyna ünsi çekip, pudagyň beýleki ugurlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwrüň möhüm wezipesi bolan galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigi babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýörite maksatnama laýyklykda alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Ol türkmen paýtagtynda işleriň ýagdaýy, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, ýurdumyzyň baş şäheriniň arassaçylyk we düzgün-tertip babatda nusgalyk derejesiniň üpjün edilmegine degişli meselelere ünsi çekdi. Türkmen halkynyň milli gymmatlygy we hakyky buýsanjy bolan şöhratly “behişdi bedewlerimize” bagyşlanan ählihalk baýramçylygy baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlygy üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Däp bolşy ýaly, bu dabaralara köp sanly myhmanlar geler. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe degişli anyk tabşyryklary berip, milli Liderimiz şöhratly ahalteke bedewlerimiziň halkymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýändigini, milletimiziň öz gadymy gymmatlyklaryna we ajaýyp medeni mirasyna mizemez ygrarlylygyny beýan edýän täze taryhy eýýamda bu ajaýyp baýramçylygyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi.

Ak mermerli türkmen paýtagtynyň ýetip gelýän şanly baýramçylygy ähli gözelligi bilen garşylamalydygyny ýene bir gezek nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz şäheriň abadanlaşdyrylyşyna we baýramçylyk lybasyna beslenmegine degişli ähli meseleleri oýlanyşykly çözmegi, myhmanlary halkymyzyň iň oňat myhmansöýerlik däplerine laýyk mynasyp derejede garşylamagy üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy, ol ýurdumyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň aralygynda Oguzhan köçesiniň durkuny täzelemek hem-de ony döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen cäreler hakynda hem habar berdi.

Milli Liderimiz ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, paýtagtymyzyň bu sebitinde sürüjiler we pyýadalar üçin amatly ugurdaş desgalaryň döredilmeginiň zerurdygyna ähmiýet berdi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz bu ýerde geçirilýän işleri amala aşyrmakda iň soňky gazanylan ylmy üstünlikleri we inžener-tehniki işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly iň döwrebap hem-de öňdebaryjy tehnologiki çözgütler doly derejede nazara alynmalydyr diýip belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Oguzhan köçesini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işlere jogapkärçilikli çemeleşmek barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda 320 orunlyk ýolagçy gämisiniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmekde ulag pudagynyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň içinde bolşy ýaly, halkara ulag ugurlarynda-da yzygiderli ösýän deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşalyşynyň barha artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere deňiz ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýolagçy gämisiniň gurluşygynda ulanylýan ýöriteleşdirilen tehnologiýalar we innowasiýalar bilen içgin gyzyklanyp, milli Liderimiz bu gün Türkmenistanyň esasy senagat pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamany amala aşyryp, iň häzirki zaman dünýä tejribelerini, döwrebap inženerçilik oýlap tapmalary çekmäge möhüm ähmiýet berýändigine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň hil taýdan täze, ýokary sepgitlere çykmagyna mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hasabat bermegi dowam etdi. Ol gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, Gökderedäki sapaly künjekde ýerleşýän çagalaryň-sagaldyş dynç alyş merkezlerini mekdep okuwçylarynyň ýetip geýlän tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylyk desgalarynyň işlerini guramak hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, başlanmagyna örän az wagt galan tomusky dynç alyş möwsüminiň meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezlerini tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlamakda işleriň ýagdaýyna we depginlerine nägilelik bildirip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere 15-nji maýa çenli işleri talabalaýyk ýola goýmak barada berk talap bildirdi. Milli Liderimiz dynç alyş döwründe ýaş türkmenistanlylaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi, saglyklaryny berkitmegi üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, hemme zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam edip, tebigatyň ajaýyp künjeginde ýerleşen şypaly Gökderede döredilen täsin çagalar şäherçesiniň töwereklerini abadanlaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylyk desgalarynyň işlerini guramak hakyndaky” Karara gol çekip, döwlet Baştutanymyz onuň ýerine ýetirilişini üpjün etmäge degişli anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy A. Gurbanowy çagyrdy. Ol öz garamagyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezini tomusky dynç alyş möwsumine taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.

Döwlet konserniniň ýolbaşçysyna bu işleriň alnyp barlyşynyň kanagatlanarsyz ýagdaýlary bilen baglylykda düýpli nägilelik bildirip, hormatly Prezidentimiz oňa käýinç yglan etdi hem-de bar bolan kemçilikleri gyssagly ýagdaýda aradan aýyrmak üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Ösüp gelýän ýaş nesliň abadançylygy we olaryň saglygy baradaky alada mundan beýläk-de döwletimiziň aýratyn üns merkezinide boljakdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak boýunça işleriň ýokary depginini we hil derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, ýurdumyzyň öňünde duran wezipeleri çözmäge örän oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şol wezipeler döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösmegine, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.