Şu gün Latwiýa Respublikasynyň paýtagtynda “Moda we dokma 2013” atly 18-nji Halkara sergisiniň resmi taýdan ýapylyş dabarasy boldy. Ol her ýyl Rigada dünýäniň dürli döwletlerinden dokma pudagynyň esasy wekillerini - egin-eşikleri, öý dokma önümlerini, gön önümlerini, egin-eşikleriň bezeglerini, önümçilik enjamlaryny we tikinçilik esbaplaryny öndürijileri ýygnaýar.
Ozal habar berlişi ýaly, bu maslahatda Türkmenistanyň dokma senagatynyň gazanan üstünliklerini we ägirt uly mümkinçiliklerini görkezmek maksady bilen dostlukly ýurduň paýtagtyna biziň ýurdumyzyň wekiliýeti iberildi. Söwda-senagat edarasynyň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň düzümine girýän birnäçe kärhanalaryň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri onuň düzümine girdi.
Latwiýanyň maýa goýumlary we ösüş agentliginiň, Ýeňil senagaty kärhanalarynyň assosiasiýa, Latwiýa-Beýik Britaniýa söwda edarasynyň, Latwiýa modalar geňeşiniň goldaw bermeginde halkara sergileriniň guramaçysy bolan WT1 tarapyndan geçirilýän gözden geçirilişe Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Italiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Ukrainadan, Türkiýeden, Belarusdan, Hindistandan Litwadan, Estoniýadan, Özbegistandan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan wekiller hem-de önüm öndürijiler gatnaşdylar. Bu ýere abraýly moda bilermenleri, bezegçiler ýygnandylar.
Häzirki duşuşygyň maksatnamasy sergilere gatnaşyjylaryň ählisiniň giňişleýin sergileri guramagyny, dürli ýurtlaryň modalarynyň gözden geçirişlerini, maslahatlary we iň täze ýazky-tomusky kolleksiýanyň görkezilişlerini, ýaş suratkeşleriň bäsleşigini özünde jemledi. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen geçirilýän gatnaşyk biržasy bu maslahatyň aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň bu abraýly maslahata gatnaşmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüş ýolundan ynamly gadam urýan we dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň girýän biziň ýurdumyza Latwiýanyň , Baltiýa ýurtlarynyň, Ýewropa ýurtlarynyň, GDA-nyň işewür toparlarynyň we başgalaryň ägirt uly gyzyklanma bildirýändiginiň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasy boldy.
Üç günüň dowamynda Kipsaladaky ägirt uly Halkara sergi merkezinde özüniň öwüşginli we oňat bezegi, taýýar dokma önümleriniň köp görnüşleri bilen tapawutlanan milli sergiler işewür toparlaryň wekilleriniň hem, serginiň köp sanly myhmanlarynyň hem ünsüni çekdi. Biziň ýurdumyzyň sergi diwarlyklarynda dokma senagatynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän köp dürli önümler, şol sanda senagat önümçiligi üçin pagta ýüplüginiň nusgalary, matalaryň dürli görnüşleri, çig ýüpek görkezildi. Sergide goýlan zatlaryň hatarynda trikotaž, jinsi we tüýjümek matalardan taýýar önümler, şeýle hem lukmançylyk harytlary bar. Dünýäde giňden meşhur türkmen halylary, zergärçilik şaý-sepleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem elde edilen özboluşly keşdeler bilen bezelen owadan milli zenan lybaslary biziň ýurdumyzyň sergisine aýratyn ösüşgin berdi.
Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatdaky modeller öýüniň we “Gülzaman” salonynyň görkezen önümleri halkara maslahatyna gatnaşyjylarda we onuň myhmanlarynda unudylmaz täsir galdyrdy. Türkmen bezegçileriniň işlerine modanyň abraýly bilermenleri tarapyndan ýokary baha berildi. Mysal üçin, Rimdäki Ýewropa bezeg institutynyň ýolbaşçysy hanym Lara Arano Gili türkmen modaçylarynyň işlerine haýran galýandygyny beýan etdi. Beýik Britaniýadan Fashion Enteriň baştutany hanym Jenni Holloueý tarapyndan ýokary gyzyklanma bildirmek we hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk beýan edildi.
Düýn dokma senagatynyň durnukly ösüşine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda geçirilen duşuşyk boldy, oňa Türkmenistandan, Latwiýadan, Litwadan, Belarusdan, Ukrainadan we Özbegistandan bilermenler gatnaşdylar. Önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy we täze bazarlary özleşdirmegi maksat edinýän hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak gün tertibine girizildi.
Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçilikleriniň tanyşdyryş çäresi aýratyn gyzyklanma döretdi. Onuň barşynda anyk mysallarda ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazanan uly üstünlikleri we ony ösdürmegiň artýan depgini görkezildi. Bellenip geçilişi ýaly, biziň ýurdumyzda uly tebigy-çig mal serişdeleri bardyr, pagta hem şolaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirilýän, bazar ykdysadyýetine tapgyrma-tapgyr geçmegi, dürli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy, halkara standartlaryna laýyklykda kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn kämilleşdirmegi maksat edinýän ykdysady strategiýa esasy daşary ýurt kompaniýalary we maliýe düzümleri tarapyndan işewür işjeňligi ýokarlandyrmaga, özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge we iri maýa goýum taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmäge ägirt uly gyzyklanma bildirmäge kuwwatly itergi berdi.
Uly çig-mal binýadynyň bolmagy dokma senagatyny okgunly ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda onuň düzüminde nah ýüplügi öndürmek, matalaryň dürli görnüşlerini, trikotaž polotnasyny we taýýar tikinçilik önümlerini öndürmek boýunça kärhanalaryň 70-den gowragy, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, şeýle hem göni ilkinji gezek gaýtadan işleýän zawodlar bar.
Soňky ýyllarda täze kärhanalary gurmaga, işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge we olary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryndan gowragy goýuldy. Ýurdumyzda öndürilýän pagta süýümini senagat taýdan gaýtadan işlemegiň üzül-kesil ýokarlanan derejesiniň hasabyna pagta ýüplügini öndürmegiň soňky ýyllarda 2,1 esse, nah matanyň öndürilmeginiň 2,9 esse artandygyny hem belläp geçmeli.
Häzirki zaman menejmentiň we marketiengiň guralmagy netijesinde dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleri öndürmek ýola goýuldy. Mysal üçin, häzirki wagtda öndürilen dokma önümleriniň esasy möçberi ABŞ-a, Kanada, Russiýa, Günbatar Ýewropanyň ýurtlaryna, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Hindistana, Baltiýa ýurtlaryna, Ukraina we beýlki ýurtlara eksporta iberilýär.
Munuň özi ilkinji nobatda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hili we olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen şertlenendir. Esasy dokma toplumlarynyň birnäçesinde öndürilýän önümleriň halkara derejesinde ykrar edilendigi we “Önümçiligi dolandyrmagyň we hile gözegçilik etmegiň ulgamy” atly ISO 9001 we 9002, şeýle hem “Daşky gurşawy gormak” atly ISO 14001 güwänamalaryna mynasyp bolmagy munuň aýdyň görkezijileridir. Mundan başga hem kärhanalaryň birnäçesinde “Taýýar önümleri öndürmekde umumydünýä jogapkärçiligi” atly standartlar ulanylýar. Taýýar önümleriň esasy satyn alyjylarynyň we buýuryjylarynyň hatarynda Kalwin Klýan, Sara Li, Ikeýa, Wol-Mart, Miss Eirka, Beşko, Wespolino we beýleki ençemeler ýaly iri halkara kompaniýalarynyň hem çykyş edýändigi ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümlerine ýokary islegiň beýleki aýdyň tassyklanmasy bolup durýar.
Ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda söz açmak bilen häzirki günde onuň öňünde täze uly wezipeleriň durýandygy bellenildi, olaryň esasysy ýurdumyzda gaýtadan işlenýän pagta süýüminiň möçberini yzygiderli artdyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek bolup durýar. Türkmenistanyň dokma senagatyny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda täze döwrebap kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar, olaryň işe girizilmegi her ýylda pagta süýüminiň ýüzlerçe müň tonnasyny gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.
Dokma pudagyna maýa goýumlaryny goýmagyň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň hasabyna täze toplumlary gurmak dowam etdiriler. Tutuşlygyna alnanda ýokarda agzalan maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dokma senagatynyň önümlerini, şol sanda ýüplügi, matalary, trikotaž we tikinçilik önümlerini öndürmegiň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Bellenip geçilişi ýaly, esasy daşary ýurt kompaniýalary we maliýe institutlary bilen uzakmöhletli özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm taraplarynyň biri bolup çykyş edýändigini nazara almak bilen, Türkmenistan gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdyr. Bu babatda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän daşary ýurt maýa goýumlaryny mundan beýläk-de çekmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýadarlar üçin has amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.
Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýokary derejede gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler, Türkmenistanda maýa goýumlaryny goýmak üçin örän amatly şertler döredildi. Gyzyklanýan taraplaryň hatarynda KOVOP, Texrep Baltika, SIA MIEDZINI, Midyat Import and Expert. UAB RUDHOLMAS, IPLETEKS TEKSTIL we köpsanly beýleki kompaniýalar bar.
Tutuşlygyna alnanda bu abraýly maslahata guraýjylaryň we oňa gatnaşyjylaryň umumy pikiri boýunça Türkmenistanyň oňa gatnaşmagy diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynyň gazanan üstünliklerini görkezmek bilen bir hatarda türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti, däpleri we baý taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Iň esasysy bolsa ol dünýäniň täze bazarlaryna, şol sanda Baltika sebitiniň bazarlaryna çykmagyň ýolunda ýene-de bir amaly hem-de üstünlikli ädim boldy.
Resmi ýapylyş dabarasynyň barşynda “Moda we dokma 2013” atly 18-nji halkara sergisine gatnaşyjylaryň hemmesi degişli diplomalar bilen sylaglanyldy. Diplomlar gowşurylan mahaly maslahaty guraýjylar bu abraýly maslahata gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna ägirt uly hoşallyk bildirdiler we bu waka netijeli türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýlelikde, häzirki maslahata gatnaşmak ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmäge möhüm goşant bolar, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açar, munuň özi öz nobatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pudagy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam eder.