Ï Owadanlygyň we sazlaşygyň nyşany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owadanlygyň we sazlaşygyň nyşany

view-icon 960
Ahalteke atlarynyň tohumyndan bolan bedewleriň dünýä atçylyk hojalyklary üçin ähmiýetini göz öňünde tutup, Türkmen bedewiniň baýramynyň halkara ähmiýeti barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu senä bagyşlanyp geçirilýän çärelerdir maslahatlar daşary ýurtly myhmanlary, dünýäniň çar künjeginden ahalteke atlary bilen gyzyklanýan bilermenleri we hünärmenleri Aşgabada ýygnady.

Baýramçylyga gelen myhmanlara söz berýäris:
Çžan Mu, Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiýasynyň daşary aragatnaşyklar bölüminiň müdiri:

- Ahalteke atlary bize gadym döwürlerden bäri belli. Hytaýyň Atçylyk assosasiýasy Ptezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halakara ahalteke atçylyk assosasiýasyny döretmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdi. 2011-nji ýylda biz onuň agzasy bolduk.

Şu ýyl bu bayramçylyk mynasibetli geçiriljek Halkara ahalteke atçylyk assosiýasynyň III mejlisine we beýleki çärelere gatnaşajak biziň wekilýetimiziň düzüminde 15 adam bar. Olaryň arasynda döwlet ýolbaşçylary, alymlar, atçylyk zawodlarynyň eýeleri bar. Biziň hemmämiz Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň agzalary.

Hytaýyň Atçylyk assosiýasiýasy hem ahalteke tohumyndan bolan atlaryň baş sanyny artdyrmak, saklamak we gowlandyrmak boýunça işleri geçirýär. Olary wagyz etmek üçin Pekinde „Behişdi bedewler“ ady bilen agşam geçirildi. Şu ýylyň sentýabr aýynda biz Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň nobatdan daşary forumyny geçirmegi göz öňünde tutýarys. Bu forumyň temasy „Ahalteke atçylygyny ylmy esasda ösdürmek. Ahalteke atçylyk medeniýetiniň mirasy we onuň ösdürilmegi“ diýlip atlandyrylar. Formuň çäklerinde ahalteke atlarynyň owadanlyk bäsleşigi geçiriler hem-de bu forum üçin ýörite taýýarlanan bedewleriň gatnaşmaklarynda dabaraly tomaşa geçiriler.

Tito Pontekorowo, Ahalteke tohumly atlaryň atçylyk zawodynyň wekili we üç görnüşli ýaryş hem-de konkur boýunça seýsi, Kanada:

Men bütin ömrüme diýen ýaly atçylyk bilen meşgullanyp geldirm. Hususanda, ahlteke tohumly atlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullandym. Häzir mende bu atlaryň ýüzden gowragy bar.

Ahalteke bedewleriniň at sporty üçin gerek bolan ähli häsiýetlere eýedigini men özümiň bu ugurda toplan tejribämden aýdyp biljek. Olar konkur boýunça dünýäde iň gowy tohum atlar diýen deregä eýe boldular. Bu hakykatdan hem deň-taýy bolmadyk ajaýyp atlar.

Bu günki gün Türkmenistan atlaryň bu tohumynyň iň gowy wekilleriniň baş sanyna eýedir. Atşynaslaryň ählisi hem Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke atçylygynyň ösdürilmegine berýän ünsi, bu ugra döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi, Halkara ahalteke atçylyk assosiýasyny döredendigi, ýurtda Türkmen bedewiniň baýramynyň geçirilýändigi üçin çuňňur hoşaldyrlar. Ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Türkmenistanda iň gowy şertler döredilendir. Türkmen seýisleri bolsa, atlaryň bu tohumynyň iň gowy häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça ata-babalaryndan galan däpleri üstünlikli dowam etdirýärler. Men muny tejribeli atçylyk zawodynyň wekili hökmünde aýdýaryn.

Häzirki wagtda dünýäde Türkmenistan barada öňki döwre garanyňda has köp bilýärler. Ahalteke atçylygyny ýaýratmak üçin uly göwrümli işler amala aşyrylýar. Ýokary yssatlyk derejede atçylyk sportunyň ösdürilmegi ahalteke argamaklarynyň şähratyny has hem artdyrmakda möhüm ädim bolar. Tejribeli seýisleri elinde ahalteke bedewleri özleriniň başarnyklaryny we zehinlerini açyp görkezýärler. Atlaryň tohumynyň bu görnüşy häzirki wagtda kanuny taýdan iň gowy konkur bedewleriniň sanawynyň başyny çekip barýar. Ahalteke atlarynyň tohumyndan bolan bedewleriň dünýä atçylyk hojalyklary üçin ähmiýetini göz öňünde tutup, Türkmen bedewiniň baýramynyň halkara ähmiýeti barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu senä bagyşlanyp geçirilýän çärelerdir maslahatlar daşary ýurtly myhmanlary, dünýäniň çar künjeginden ahalteke atlary bilen gyzyklanýan bilermenleri we hünärmenleri Aşgabada ýygnady.

Baýramçylyga gelen myhmanlara söz berýäris:
Çžan Mu, Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiýasynyň daşary aragatnaşyklar bölüminiň müdiri:

- Ahalteke atlary bize gadym döwürlerden bäri belli. Hytaýyň Atçylyk assosasiýasy Ptezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halakara ahalteke atçylyk assosasiýasyny döretmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdi. 2011-nji ýylda biz onuň agzasy bolduk.

Şu ýyl bu bayramçylyk mynasibetli geçiriljek Halkara ahalteke atçylyk assosiýasynyň III mejlisine we beýleki çärelere gatnaşajak biziň wekilýetimiziň düzüminde 15 adam bar. Olaryň arasynda döwlet ýolbaşçylary, alymlar, atçylyk zawodlarynyň eýeleri bar. Biziň hemmämiz Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň agzalary.

Hytaýyň Atçylyk assosiýasiýasy hem ahalteke tohumyndan bolan atlaryň baş sanyny artdyrmak, saklamak we gowlandyrmak boýunça işleri geçirýär. Olary wagyz etmek üçin Pekinde „Behişdi bedewler“ ady bilen agşam geçirildi. Şu ýylyň sentýabr aýynda biz Halkara ahalteke atçylyk assosiýasiýasynyň nobatdan daşary forumyny geçirmegi göz öňünde tutýarys. Bu forumyň temasy „Ahalteke atçylygyny ylmy esasda ösdürmek. Ahalteke atçylyk medeniýetiniň mirasy we onuň ösdürilmegi“ diýlip atlandyrylar. Formuň çäklerinde ahalteke atlarynyň owadanlyk bäsleşigi geçiriler hem-de bu forum üçin ýörite taýýarlanan bedewleriň gatnaşmaklarynda dabaraly tomaşa geçiriler.

Tito Pontekorowo, Ahalteke tohumly atlaryň atçylyk zawodynyň wekili we üç görnüşli ýaryş hem-de konkur boýunça seýsi, Kanada:

Men bütin ömrüme diýen ýaly atçylyk bilen meşgullanyp geldirm. Hususanda, ahlteke tohumly atlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullandym. Häzir mende bu atlaryň ýüzden gowragy bar.

Ahalteke bedewleriniň at sporty üçin gerek bolan ähli häsiýetlere eýedigini men özümiň bu ugurda toplan tejribämden aýdyp biljek. Olar konkur boýunça dünýäde iň gowy tohum atlar diýen deregä eýe boldular. Bu hakykatdan hem deň-taýy bolmadyk ajaýyp atlar.

Bu günki gün Türkmenistan atlaryň bu tohumynyň iň gowy wekilleriniň baş sanyna eýedir. Atşynaslaryň ählisi hem Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke atçylygynyň ösdürilmegine berýän ünsi, bu ugra döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi, Halkara ahalteke atçylyk assosiýasyny döredendigi, ýurtda Türkmen bedewiniň baýramynyň geçirilýändigi üçin çuňňur hoşaldyrlar. Ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Türkmenistanda iň gowy şertler döredilendir. Türkmen seýisleri bolsa, atlaryň bu tohumynyň iň gowy häsiýetlerini kämilleşdirmek boýunça ata-babalaryndan galan däpleri üstünlikli dowam etdirýärler. Men muny tejribeli atçylyk zawodynyň wekili hökmünde aýdýaryn.

Häzirki wagtda dünýäde Türkmenistan barada öňki döwre garanyňda has köp bilýärler. Ahalteke atçylygyny ýaýratmak üçin uly göwrümli işler amala aşyrylýar. Ýokary yssatlyk derejede atçylyk sportunyň ösdürilmegi ahalteke argamaklarynyň şähratyny has hem artdyrmakda möhüm ädim bolar. Tejribeli seýisleri elinde ahalteke bedewleri özleriniň başarnyklaryny we zehinlerini açyp görkezýärler. Atlaryň tohumynyň bu görnüşy häzirki wagtda kanuny taýdan iň gowy konkur bedewleriniň sanawynyň başyny çekip barýar.

Ahalteke bedewleriniň atşynasy hökmünde men atlary saýlamakda, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamakda we üç görnüşli ýaryş we konkur boýunça geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň toparyny döretmekde öz tejribäm bilen paýlaşyp biljek. Türkmenistanyň toparynyň baýrakly orunlary eýelemäge ähli mümkinçilikleriniň bardygyny ynam bilen aýdyp bilerin. Bu bolsa ýarduň halkara abraýyny has hem ýokary galdyrar.