Ï Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

view-icon 613
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary biri-biri bilen mähirli, doganlarça salamlaşyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze itergi alan we many-mazmun bilen baýlaşan döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň topary boýunça pikir alyşmaga, şeýle hem halkara gün tertibiniň käbir möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.

Pursatdan peýdalanyp, Ermenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny we ýurdumyzyň ähli halkyny türkmenleriň ata-babalarymyzyň gymmatly medeni mirasyna sarpaly çemeleşmegini beýan edýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen gutlady.

Milli Liderimiz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Ermenistanyň doly möçberli hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga alnan umumy ugruň eýýäm ýakyn wagtlarda äşgär netijeleri getirjekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Prezidentleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde hem-de birmeňzeş pikire görä, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler iki halkyň hoşniýetli goňşuçylygynyň we köp asyrlyk dostlugynyň mäkäm esasyna daýanýan türkmen-ermeni gatnaşyklaryny kanagatlanmak bilen belläp, uzakmöhletli, özara peýdaly esasda guralýan deňhukukly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ermeni kärdeşini onuň üçin islendik amatly wagitda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň senesi diplomatiki ugurlar boýunça ylalaşylar.

Hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri iki dostlukly ýurtlaryň halklaryna düýpli özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy arzuw edip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ermeni tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.