Ï Daşary ýurt metbugaty türkmen halkynyň Lideri hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurt metbugaty türkmen halkynyň Lideri hakynda

view-icon 793
Azerbaýjan Respublikasynda neşir edilýän “Taryhy şahsyýetler” atly milli-ruhy mirasy öwrenmek boýunça halkara žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Garaşsyz Bitarap Türkmenistana bagyşlanylan ýörite sany taýýarlady. Bu neşir iki döwletiň we halklaryň häzirki eýýamda täze mazmun bilen baýlaşan däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Rus dilinde neşir edilen žurnalyň bu goýberilişiniň şanly senäniň—soňky ýyllarda ýurdumyzda halkara derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykmagy guwançlydyr. Şonuň üçin hem žurnalyň daş ýüzüni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp ahalteke bedewine atlanmagyny beýan edýän fotosuratynyň bezeýändigi simwolikdir. Mälim bolşy ýaly, bedewlere belet we olaryň özboluşly tohumlaryna ýokary baha berýän türkmen döwletiniň Baştutanynyň üns bermegi netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzyň atçylyk pudagy täze ýokary göteriliş ýagdaýyndadyr, meşhuri behişdi “bedewleriň” bütin dünýäde abraýy barha artýar.


Žurnalyň aprel aýyndaky ýörite sanynyň ilkinji sahypalarynda Garaşsyzlyk binasynyň, Bitaraplyk binasynyň we Konstitusiýa binasynyň fotosuratlary, şeýle hem ýurdumyzyň kartasy ýerleşdirilipdir. Aýry-aýry materiallar Türkmenistanyň resmi nyşanlaryna-Döwlet baýdagyna, Döwlet tugrasyna, Döwlet senasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ştandartyna bagyşlanypdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň esasy umumymilli baýramçylyklary—Garaşsyzlyk güni we Bitaraplyk güni hakyndaky makalalar okyjylara hödürlenýär. Makalalaryň biri Türkmenistanyň döwlet gurluşy, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan taraplary, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary hakynda düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Materiallaryň birnäçesinde daşary ýurtlarda giň meşhurlyga eýe bolan ak mermere örtülen türkmen paýtagty Aşgabat we onuň ajaýyp binalary hakynda gürrüň berilýär. Olaryň hatarynda “Türkmenistan” teleradiogepleşikler merkezi we “Älem” medeni dynç--alyş merkezinde dünýäde iň uly bolan ýapyk görnüşdäki synlaýyş halkasy bar. Owadan fotosuratlar bilen bezelen makalalarda bellenilişi ýaly, bu özboluşly halka we paýtagtymyzyň Teleradiomerkezini bezeýän Oguzhanyň ägirt uly 8 gyraňly ýyldyzy meşhur “Ginnesiň rekordlar “kitabyna” girizildi.

Öňdebaryjy täzeçil syýasatçy we häzirki döwrüň görnükli döwlet işgäri bolan türkmen Liderine bagyşlanylan makala “Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň aýdyň güneşidir” diýlip atlyndyrylýar. Makalada türkmen döwletiniň Baştutanynyň şahsyýetiniň esasy alamatlary, zähmetsöýerliligi, maksadaokgunlylygy, ugurtapyjylygy asyllylygy, ynsanperwerligi açylyp görkezilýär. Şol ýerde bütin ömrüni Watanymyza we mähriban halkyna gulluk etmäge doly bagyşlan Türkmenistanyň Prezidentiniň terjime halynyň möhüm pursatlary hem beýan edilýär. “Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň deňsiz-taýsyz tebigy başarnygy onuň köp sanly beýik ukyplaryndan emele gelýär, şeýle ykbal her bir adama, has hem ýolbaşça berilmeýär” diýlip makalada bellenip geçilýär, makalanyň ahyrynda biziň ýurdumyzda hem, daşary ýurtlaryň köpüsinde hem Türkmenistanyň Prezidentine berlen belent sylaglaryň we hormatly atlaryň uly sanawy getirilýär.

Iki goňşy ýurduň köp asyrlyk dostluk gatnaşyklaryna we ruhy-ahlak däpleriniň taryhy taýdan kemala gelen umumylygyna esaslanan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň meselesine žurnalyň ýörite goýberilişinde aýratyn üns berlipdir. Aýratyn makala bu meselä bagyşlanylypdyr. Onda, hususan-da, oňyn döwletara gatnaşyklarynyň häzirki tapgyrynda onuň depginli ösüşine ilkinji nobatda ähli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mäkäm esasy döredýän ýokary derejedäki işjeň ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýardam edýändigi nygtalyp geçilýär. Makalalany açýan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň elleşip duranyny beýan edýän fotosurat iki ýurduň we halklaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nyşany bolup durýar.

“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly makalada türkmen döwletiniň ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary we düýp mazmuny açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän bu uzakdangörüji öňdebaryjy strategiýa Türkmenistana hem-de onuň milli Liderine bütin dünýäde belent abraýy we ykrar edilmegi getirdi.

Žurnalyň sahypalarynda okyjylary Türkmenistanyň baý gadymy taryhy, özboluşly medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýan makala hem ýerleşdirilipdir, şol ýadygärlikler milli we umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Käbir makalalar Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum syýasatyna, ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklaryna, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, obasenagat ulgamy we onuň önümleri gaýtadan işleýän düzümi ýaly pudaklara bagyşlanypdyr. Makalalarda bellenip geçilişi ýaly, soňky ýyllar türkmen döwleti üçin milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli möhüm çözgütleriň birnäçesi bilen beslenendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan täze ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşýar, halkara işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen hyzmat etmäge gyzyklanma bildirmeg yzygiderli artýar.

Žurnalyň ýörite goýberilişinde çap edilen beýleki makalalaryň hatarynda Türkmenistanda ylmy we bilimi ösdürmäge bagyşlanylan makalalar bar, munuň özi türkmen Lideri tarapyndan ýöredilýän hem-de bu möhüm ulgamlary öňdebaryjy sepgitlere çykarmagy maksat edinen döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. “Türkmen halkynyň baýlygy” atly makala asyrlardan bäri gelýän millli gymmatlyklar-meghur türkmen halylary, gözelligi we gelşikliligi boýunça deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri, şeýle hem dünýäde itleriň gadymy tohumlarynyň biri bolan türkmen alabaýy hakynda gürrüň berýär. Türkmenistanyň tebigaty we ekologiýasy hakyndaky, şeýle hem biziň ýurdumyzda medeniýetli dynç alşa we syýahatçylyga höwesjeňler üçin döredilen mümkinçilikler hakyndaky makala okyjylara örän gyzykly bolar.

“Türkmenistanda sport” atly makaladan okyjylar bu ulgamda döwlet syýasatynyň esasy ölçegleri hakynda tanşyp bilerler. Milletimiziň saglygy, köpçülikýlein bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary sporty ösdürmek hakyndaky aladanyň biziň ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň derejesine çykarylandygy aýratyn nygtalyp geçilýär. Bu babatda sagdyn durmuş ýörelgesine örän ygrarly we ony wagyz edýän, bu meselelere has çynlakaý üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi ägirt uly ähmiýete eýedir.

Mahlasy ýokary çaphana derejesinde ýerine ýetirilen, oňat bezelen neşir türkmen-azerbaýjan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine hyzmat eder, şeýle hem daşary ýurtlardaky okyjylaryň giň toparyna Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan we onuň milli Lideri hakynda has köp bilmäge mümkinçilik berer.