Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, onda möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine, şeýle hem döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibiniň esasy meselelerine geçmezden öň, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden we dabaraly bellenip geçilýändigini aýtdy. Türkmen halky ahalteke bedewlerini asyrlaryň dowamynda ösdürip, terbiýeläp, kemala getiripdir. “Aty baryň, ganaty bar!” diýen pähime eýeren halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmändir.
Halkymyzyň şöhratly geçmişi we gahrymançylykly ýoly ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen ýigitleri ýyndam bedewlerini özüniň ýakyn syrdaşy, wepadar dosty, uçar ganaty hasaplapdyrlar diýip, milli Liderimiz nygtady. Häzirki döwürde hem gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan ahalteke bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň genji-hazynasydyr, göz guwanjydyr, köňül buýsanjydyr. Türkmen bedewiniň şekiliniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi bolsa, halkymyzyň ata-baba medeni gymmatlyklaryna, milli buýsançlaryna goýýan belent sarpasyndan aýdyň nyşandyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýurdumyzda atçylyk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmekde döwlet tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, olaryň tohum arassalygyny aýawly saklamaga, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletimiziň ähli welaýatlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, dürli halkara çäreleriniň we bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi bu aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Biz ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek, pudak üçin zerur hünärmenleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ähli işleri geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap,olara berk jan saglyk we abadançylyk, ussat seýislerimize, atşynaslarymyza we bu pudagyň ähli işgärlerine bolsa, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň at-owazasyny has-da belende götermek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol parlamentiň kanun çykaryjylyk işi barada habar berdi. Türkmenistanda kanunçylygy pugtalandyrmak işiniň durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň hasaba alynmagynda we ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda alnyp barylýandygy bellenildi.
Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratizasiýalaşdyrmagyň, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýolunda ýurdumyzyň okgunly ösüşine gönükdirilen wezipeleriň çözülmegi ugrunda Mejlisiň maksadalaýyk we yzygiderli işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmeginde deputatlaryň yzygiderli gözegçiliginiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde wagyz-nesihat işlerini has giň hem-de netijeli alyp barmagyna ünsi çekdi. Olar anyk we giňişleýin maglumatlar arkaly täze kanunlaryň we hukuk namalarynyň düzgünnamalaryny aýdyň beýan etmelidirler we olaryň düýp mazmunyny adamlaryň aňyna ýetirmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra öz gözegçilik edýän düzümlerinde we pudaklarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H. Muhammedow çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýeriň hasabatynda biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň 19-21-nji aprelde Latwiýa Respublikasynyň paýtagtynda “Moda we dokma” diýen at bilen geçirilen ýöriteleşdirilen halkara sergisine gatnaşmagynyň netijeleri barada habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu abraýly forumda Türkmenistanyň ekspozisiýasy ägirt uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde görkezilen senagat önümçiligi üçin pagta ýüplüginiň, matalaryň, çig ýüpegiň, giň möçberli taýýar önümleriň dürli görnüşleriniň nusgalary Latwiýanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň ünsüni özüne çekdi. Türkmen modaçylary we biçüwçileri tarapyndan döredilen köpdürli egin-eşikler abraýly hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Biziň ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatynyň gözden geçirilişi daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Onuň barşynda anyk mysallarda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy hem-de geljegi uly pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň gazananlary görkezildi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň bu abraýly halkara forumyna gatnaşmagy biziň ýurdumyz bilen işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda, şol sanda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän öňdebaryjy ykdysady strategiýanyň netijeleri bolup durýan dokma senagaty pudagynda Ýewropanyň we dünýäniň işewür toparlarynyň barha artýan gyzyklanmasyna nobatdaky gezek aýdyň şaýatlyk etdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň döwletimiziň hemişe üns merkezinde boljakdygyny belledi. Şu esasda hormatly Prezidentimiz önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we dokma senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, çig mal binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem milli dokma önümleriniň daşary ýurtlara çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly möhüm meseleleri içgin öwrenmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, özara bähbitli gatnaşyklary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmagy ösdürmek, önümçilige iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, türkmen dokmaçylarynyň ýokary hilli önümleriniň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin abraýly halkara pudaklaýyn forumlaryna gatnaşmagy hem goşmak bilen bar bolan ähli mümkinçilikleri dolulygyna ulanmak möhümdir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumyna degişli we bank edaralarynyň işi barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabat bermegiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işgärleri üçin "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap kottejler toplumyny gurmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli statistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ony halkara ülňülerine laýyk getirmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň möhüm ähmiýetlidigini belläp, “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek hakyndaky” karara gol çekdi we onuň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilmegini tabşyrdy.
Milli Liderimiz adamlar baradaky içgin aladanyň Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belläp, türkmenistanlylaryň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işgärleriniň abadan durmuşy, döredijilikli zähmeti we oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine degişli meselelere döwlet tarapyndan geljekde-de aýratyn üns beriljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Ykdysadyýet, malie we bank toplmynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap kottejler toplumyny gurmak hakyndaky” karara gol çekip, Hazaryň türkmen kenaryndaky baý tebigy gorlary özleşdirmek, bu ýerde syýahatçylyk we sagaldyş-dynç alyş boýunça ösen düzümi döretmek ugrunda maksadaokgunly işi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň ýerine ýetiren işleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada aýtmak bilen, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli 26-28-nji aprel aralygynda guralmagy meýilleşdirilýän halkara çärelerine taýýarlyk görmek meselesi barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda 26-njy aprelde paýtagtymyzda geçiriljek Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisi bar. Şeýle hem şol gün “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Oňa dünýäniň 46 ýurdunyň wekilleri gatnaşarlar. Mundan başga-da, 26-njy aprelde Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy açylar. Ol ýerde dünýäniň 29 ýurdundan 144 kompaniýalar we Türkmenistandan 17 kärhana gatnaşar.
Abraýly halkara guramalarynyň wekilleri we köp sanly daşary ýurtly myhmanlar 27-28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda we Halkara atçylyk sport toplumynda guraljak baýramçylyk dabaralaryna gatnaşarlar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, umumymilli baýramçylyklarymyz we şanly senelerimiz mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň we wekiliýetleriň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyza, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna, häzirki taryhy eýýamda Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine bolan gyzyklanmalarynyň barha ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar diýip, milli Lidermiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyz bilen daşary döwletleriň arasynda ýola goýulýan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen halkynyň asylly myhmansöýer däplerine laýyk garşylanmagyny üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň işini kämilleşdirmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň maý aýynda bellenilýän milli baýramlara hem-de olara gabatlanylyp geçirilýän halkara maslahatlaryna we durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň açylyşyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasy barada habar berdi. Ýeňiş güni, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni , Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli dabaralaryň geçiriljekdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milleti ahlak we ruhy taýdan terbiýelemekde medeniýet ulgamynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wajypdygyny belläp, döwletiň milli medeniýeti ösdürmek, bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy. Bu ulgama degişli edaralar öz işinde ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmelidirler diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň işini kämilleşdirmek hakyndaky” karara gol çekip, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini utgaşdyrýan okuw - usulyýet merkezini döretmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň kitap gorlaryny aýawly saklamak meselelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, gadym döwürlerden bäri türkmenler kitaplara we golýazmalara aýawly garap, olary ynsan ruhunyň, parasatlylygyň genji-hazynasy hökmünde aýawly saklapdyrlar. Häzirki wagtda biz ata-babalaramyzyň ajaýyp däp-dessurlaryny dowam etdirip, kitaphanalaryň işini yzygiderli we maksada laýyk kämilleşdirmelidiris. Şol kitaphanalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ruhy durmuşynda, halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryny aýawly saklamakda uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar iri ylmy merkezler bolup hyzmat edýärler. Häzirki döwürde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek işinde kitaphanalara aýratyn orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz maý aýynda belleniljek baýramçylyklar mynasybetli geçiriljek çäreleri,olara gabatlanylyp açyljak durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralaryny, şeýle hem öňmüzdäki aýda geçirmek meýilleşdirilýän halkara forumlaryny – Halkara gaz kongresini we sergisini, “Türkmeniň kalby – türkmen halysy” atly halkara sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri barada durup geçip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlgynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, welaýatlarda gowaça ekişiniň jemleýji tapgyrda barýandygy, bu gymmatly tehniki üçin bölünip berlen meýdanlaryň agramly böleginde bolsa eýýäm göwnejaý gögeriş alnandygy bellenildi. Iş tertibine laýyklykda, güýzlük galla ideg etmek, şol sanda ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak amala aşyrylýar.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, hünärmenleriň çaklamalary boýunça şu ýylda ýurdumyzda azyklyk dänäniň öndürilýän möçberi geçen ýyldakydan has-da köp bolar. Häzirki wagtda ýük daşaýan awtoulaglary, kombaýnlary we beýlleki tehnikalary, şeýle hem bugdaýy kabul edýän bölümleri galla oragyna taýýarlamak işleri batly depgin bilen alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan pudagy ösdürmek boýunça bellenilen belent sepgitlere ýetmek we ilkinji nobatda bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilen bol hasylyny ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagtaçylykda degişli agrotehniki çäreleriň ählisiniň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, pudaklaýyn ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we täze, ýokary netijeli tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň wajyp ähmiýetlidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk önümçiligini yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem halal zähmet çekmegiň hasabyna daýhanlaryň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, olary höweslendirmek üçin ähli şertleriň döredilmegine degişli anyk tabşyryklary berdi.
Soňra bilelikdäki mejlisiň barşynda döwlet BaştutanymyzTürkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa ýüzlenip, prokuratura edaralarynyň aýry-aýry döwlet düzümleriniň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagynyň möhümdigi barada aýdyp, düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginini saklamagy üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini we olaryň ýerine ýetirilişine anyk gözegçiligiň alnyp barylmagy boýunça prokuratura edaralyrynyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegine örän jokapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz her bir ýagdaýy jikme-jik öwrenmek we hereket edýän milli kanunçylygyň bozulmagynyň öňüni almak barada Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Ş.Meredow ýurdumyzda ýetişdirilen gallany biržanyň üsti bilen ýerlemegiň meseleleri we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmegi obasenagat toplumyndaky döwlet maksatnamasynyň we giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň anyk netijesidir, bu bolsa geçen ýyldan bäri ýetişdirilen gallanyň artykmaç bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berdi diýip belledi. Şu ýyl hem galladan bol hasyla garaşylýar. Munuň bolsa galla hasylynyň artykmaç bölegini daşary ýurtlara ýerlemek işini dowam etmegi şertlendirjekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň we döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda optiki süýümli göni döwletara aragatnaşyk ulgamyny işe girizmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Türkmenistanyň milli emeli hemra ulgamyny döretmegiň taslamasy boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda habar berdi
Häzirki döwürde ýurdumyzda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly üns berilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ýokary hiliň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň milli emeli hemrasyny döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň emeli hemrasynyň bolmagy aragatnaşyk ulgamynyň ösüşini tizleşdirjekdigini belledi. Hususan-da, älem giňişliginden ekerançylyk meýdanlaryna gözegçilik etmek, nebitgaz toplumynyň zerurlyklary boýunça barlaglary alyp barmak, şeýle hem ekologiýa babatda syn edişi amala aşyrmak mümkinçiligi dörär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, olaryň yzygiderli ösüşiniň ugurlary, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly binagärlik nusgasy bolan paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklary üstünlikli dowam etmek meselelerine täze, häzirki zaman çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, paýtagtymyz Aşgabat şäheri barha ösýär we özgerýär, şäheriň ilatynyň sany hem yzygiderli artýar, Aşgabat şäheriniň çäkleri giňelip, oňa ýanaşyk ýerleşýän ilaty ýerlere golaýlady, paýtagtymyzyň bir çeti bolsa Abadan şäherine ýakynlaşdy diýip belledi. Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, wise-premýere Ruhabat etrabynyň şähere ýanaşyk ýerleşýän ýerlerini we beýleki ilatly ýerleriň birnäçesini birikdrip, paýtagtymyzda täze etraby döretmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet durmuş syýasatyny we ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek baradaky milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, ýetip gelýän Ýeňiş baýramyna taýýarlyk görlüşi hem-de bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan uruş weteranlaryna we urşa giden esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryna sowgatlary gowşurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşgabat şäherinde Halkara uniwersitetiniň binalar toplumyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilişi barada hem hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň hemişe mähriban topragymyzyň azatlygy hem-de halkymyzyň abadançylygy ugrunda söweşen gaýduwsyz esgerlerimiz barada hemmetaraplaýyn alada etjekdigini we olar üçin hem-de urşa giden esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlary üçin ähli amatly şertleri döretjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere we Türkmenistanyň goranmak ministrine urşa gatnaşanlara we urşa giden esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryna sowgatlary gowşurmak çäresini dabaraly ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şol özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz şu maksat bilen ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýän täze okuw medepleriniň döredilýändigini nygtap, “Aşgabat şäherinde Halkara uniwersitetiniň binalar toplumyny gurmak hakyndaky” karara gol çekdi. Ýakyn geljekde bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişerler we milli ykdsadyýetiň dürli pudaklarynda işläp, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşarlar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer ýangyç-energetika toplumyny tehniki taýdan täzeden üpjün etmek, şeýle hem täze “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt depgin bilen özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu ýerde gazy gaýtadan işleýän zawod, çykarylýan uglewodorod çig malyny kükürtden arassalamak we harytlyk gazy taýýarlamak boýunça desga, ulanyş guýulary, önümçilik düzümine degişli beýleki desgalar ulanmaga bermek üçin taýynlanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmennebit” döwlet konserni üçin barlaghana enjamlaryny satyn almak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birnäçe meselelere ünsi çekdi, şol meseleleriň çözülmegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda nebitgaz toplumynda pudagyň çig mal we önümçilik babatdaky kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we türkmen energiýa serişdeleriniň eksportuna degişli mümkinçilikleriň giňeldilmegine gönükdirilen uly möçberli maýa goýumly taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylýandygyny belläp, “Galkynyş” gaz käninde desgalaryň ilkinji tapgyryny bellenilen möhletde ulanmaga bermegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iri ýangyç ýataklarynyň hataryna girýan bu gaz käninde geçirilýän işlere degişli meselelere yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen kararyň taslamasyna gol çekip, onuň ýerine ýetirilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi, şol karara laýyklykda “Türkmennebit” döwlet konserniniň barlaghanalaryny enjamlaşdyrmak üçin döwrebap enjamlar we abzallar satyn alnar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň beýleki döwletleri we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň wajyp ugry bolup durýandygyny hem-de däp boýunça ýurdumyzyň şol hyzmatdaşlygy hoşmeýillilige we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guraýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen energiýa serişdelerini dünýäde ýerlenýän bazarlara ýetirmegiň köpugurly ulgamynyň döredilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy boýunça täze ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegi boýunça halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de amala aşyrylmagyna degişli ilkinji nobatdaky wezipelere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewiň ünsüni çekdi.
Bilelikdäki mejlisde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guraljak çärelerde howpsuzlygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça meýilnama esasynda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýetip gelýän umumymilli baýramçylygyň ähmiýeti barada aýdyp hem-de asylly däbe görä, oňa dünýäniň ähli künjeklerinden köp sanly myhmanlaryň çagyrylandygyny habar berip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylyga gabatlanylyp guraljak çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnşyjylara ýüzlenip, ertir ýurdumyzda ajaýyp baýrama – Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň başlanýandygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öz milli baýramçylyklarynyň we şanly seneleriniň sanawyna Türkmen bedewiniň baýramyny girizen ýeke-täk ýurtdur. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimize bagyşlanan bu baýrama daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlar çagyrylyp, umumydöwlet derejesinde giňden we dabaraly bellenýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmen bedewiniň baýramyna şeýle uly ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir. Türkmen halkynyň ykbalynda we durmuşynda bedewleriň örän uly orny bar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gamyşgulak bedewler barada gadymy türkmen eseri «Görogly» şadessanyndan käbir mysallary getirdi. Şadessanyň baş gahrymany, türkmen halkynyň beýik ogly Görogly beg özüniň aýrylmaz hemdemi we syrdaşy Gyrata ýüzlenip:
«Söweş güni goç ýigidiň ýoldaşy...; Zürýat dilemedim seni diledim...; Gyratymsyň, gardaşymsyň, atlananda ýoldaşymsyň...» – diýýär.
Mähriban topragyny döş gerip goran Görogly beg üçin onuň wepadar ýoldaşy Gyratyň belli bahasy bolmandyr. Ol öz Gyratyna ýüzlenip:
«Görogly geldi jahana, Sen ýetir meni mekana, Bermenem Rum, Yspyhana, Berekella, Gyrat, saňa!» – diýip, şeýle mähirli sözleri aýdýar.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, bedew atlaryň adamzadyň ösüşiniň taryhynda, Ýer ýüzüniň köp halklarynyň durmuşynda örän uly orny eýeländigini belledi. Ýazuw ýadygärlikleriniň berýän maglumatlaryna görä, baryp gadymy döwürlerde we orta asyrlarda hem dürli ýurtlarda adamlar öz ýyndam we söweşjeň ýoldaşlary bolan, ýadamazak, ýüwrük, çydamly ajaýyp bedewleri öz maşgala agzalary hasaplapdyrlar. Munuň özi “Irden turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen türkmen pähiminde hem öz beýanyny tapdy. Bedewleriň hatyrasyna şatlyk-şowhuna we uly dabaralara beslenen baýramlary belläpdirler. Bu ajaýyp däpler berkarar Watanymyzda hem 1992-nji ýylda täzeden dikeldildi. Halkymyzyň milli mirasymyza sarpa goýmak ýörelgelerini we ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu ajaýyp däpleri Garaşsyzlyk ýyllarynda täze many-mazmuna eýe boldy. Şol milli gymmatlyklaryň biri hem, elbetde, ady dünýä dolan ahalteke bedewlerimizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Gadymy döwürlerde biziň ata-babalarymyz - dünýäde ilkinji atçylaryň nesilleri Aziýanyň, Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň ýurtlaryna ýaýrapdyrlar. Olaryň ýaýran ähli sebitlerinde ýerli halklar ajaýyp ahalteke bedewleri bilen gyzyklanypdyrlar. Türkmen bedewleri Assiriýanyň, Urartuwyň, Müsüriň, Rimiň, Elladananyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň, Altaýyň, Eýranyň we Hindistanyň gadymy amaly-haşam eserlerinde, sungat ussatlarynyň döreden ajaýyp nagyşlarynda we heýkellerinde öz beýanyny tapypdyr hem-de ebedi orun tutupdyr. Ahalteke bedewleriniň köp asyrlyk taryhynda bu ajaýyp, ýyndam atlaryň täsin hem-de özboluşly söweşjeň häsiýetleri barada örän köp sanly maglumatlar bar. Ýewropaly we aziýaly alymlar baryp gadymy döwürlerde hem türkmen bedewleriniň adatdan daşary zähmete ukyplylygy barada maglumatlary, ýazgylary galdyrypdyrlar. Biziň ajaýyp bedewlerimiz häzirki döwürde hem öz çydamlylygyny, gözelligini we nepisligini ýitirmän saklap gelýärler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Ylmy-tehniki ösüşiň täze tapgyrynda - häzirki döwürde hem dünýäde atyň we adamyň özara baglanyşygynyň tejribesine aýratyn üns berilýär. Bu tejribe türkmen halky tarapyndan tebigatyň we adamzat paýhasynyň sazlaşykly utgaşmasynyň ölçegi hökmünde aýawly saklanypdyr we asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz geçmişden iň gowy zatlary alýarys we dünýäniň ösüşi bilen deň gadam basýarys. Türkmen atçylyk pudagyny ösdürmegiň esasy ýoly, atçylyk sungaty gadymy milli däplerimiz bilen häzirki zaman ösüşiniň özara sazlaşygy esasynda emele gelýär. Biz bu ýoluň bütin dünýäde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde ýeke-täk dogry ýoldugyna pugta ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Halkymyzda «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýen dana pähim bar. Mähriban halkymyzyň gahrymançylykly geçmişiniň bir bölegini özünde jemleýän ahalteke bedewleriniň gadymy kökleri sahawatly topragymyzda, türkmen halkynyň kalbynda ebedi orun alypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyň geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, ýygnananlary ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.