Ï Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi

view-icon 676
Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnşamak üçin Gazagystan Respublikasynyň nebit we gaz ministri Sauat Mynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi.

Türkmenistanyň Nebitgaz we mineral serişdeler ministrliginde geçirilen duşuşyga gatnaşyjylaryň düzümine ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň, şol sanda iki dostlukly ýurduň ulag düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri girdiler. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň birnäçesi girizildi.

Duşuşygyň barşynda iki doganlyk halkyň taryhy we ruhy-medeni ýakynlygyna esaslanýan, okgunly ösýän türkmen-gazak gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigi kanagatlanmak bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar jähtinden iki dostlukly ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Mejlise gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilen Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň wajypdygyny nygtap, 2012-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçirilen öňki duşuşykdan soň amala aşyrylan işleriň netijeleri boýunça onuň çözgütleriniň, esasan, ýerine ýetirilendigini bellediler.

Hususan-da, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, şeýle hem üstaşyr-ulag ulgamy ýaly möhüm ugurlarda ikitaraplaýn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn –hukuk binýadyny berkitmek boýunça möhüm ädimler ädildi. Ýakyn wagtda “Demirgazyk-Günorta” transmilli ulag geçelgesiniň esasy bölegi bolan Uzen – Gyzylgaýa – Bereket – Gurgen demir ýoluny gurmak baradaky iri möçberli taslamanyň üstünlikli tamamlanjakdygy bilen baglylykda, täze demir ýoluň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda netijeli “köprä” öwrüljekdigi, onuň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigi nygtaldy.

Mejlisiň barşynda nebitgaz ulgamynda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşyldy. Toparyň agzalary şeýle hem dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanmanyň artýandygyny belläp, ysnyşykly gumanitar gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, bilim, ylym, maglumat - aragtanaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde medeni gatnaşyklary, şol sanda döredijilik forumlaryny, medeniýet günlerini geçirmegiň hasabyna hyzmatdaşlygy berkitmegiň we giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar.

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.