Ï Ajaýyp däpleriň we häzirki zaman gazananlaryň sazlaşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ajaýyp däpleriň we häzirki zaman gazananlaryň sazlaşygy

view-icon 648
Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän, halkara sergi-ýarmarkasy açyldy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly V halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Bu pudaklaýyn gözden geçiriliş we ýöriteleşdirilen maslahat halkara jemgyýetçiliginiň arasynda ýurdumyzyň atçylyk ulgamy hem-de bu babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeleri baradaky maglumatlary giňden ýaýratmaga, milli atçylyk ulgamyny ilerletmekde täze işjeň we ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga, Türkmenistanda atlary köpeltmek ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu örän ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller geldiler.

Şeýle möçberdäki we derejedäki çäreler ahalteke bedewlerini, türkmen seýisleriniň gazananlaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurdumyzyň atçylygynda oňyn maýa goýum ýagdaýyny döretmekde netijeli gural bolup hyzmat edýär.

Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, ylmy jemgyýetçiligiň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň arasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisiniň wekilleri hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumlara gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz şol gutlagda bu halkara sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň tejribeli atçynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, atçylyk pudagy boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

“Biz türkmen hakynyň uçar ganaty saýalýan behişdi bedewlertimiziň şan-şöhratyny belende galdyrmak, atly sport bäsleşiklerini, bedew üstündäki dürli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak we atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris hem-de bu pudagy has-da ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri dörederis” diýip, milli Liderimiz nygtaýar.

Dünýäniň atçylyk bilen meşgullanýan işewürleri häzirki wagtda türkmen atçylygyna hem-de biziň ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýärler. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergi-ýarmarka hem muňa şaýatlyk edýär. Bu sergi-ýarmarkada dünýäniň 24 ýurdundan 130-a golaý kompaniýa hem-de ýurdumyzyň 20-den gowrak kärhanasy öz önümlerini görkezýärler.

Daşary ýurtlularyň müňden gowragy sergide Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Çehiýanyň, ABŞ-nyň, Hindistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Bahreýniň, Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň işewürler düzümlerine, atçylyk assosiýasiýalaryna we sport ugramalaryna wekilçilik edýärler.

Bu sergide atçylygyň ähli ugurlary: atçylyk sporty, atlary köpeltmek, aýlaw işi, atçylyk, weterinariýa, şeýle hem atlar, atçylar we çapyksuwarlar üçin harytlar—at esbaplary, iýmler we olara goşulýan zatlar, weterinariýa serişdeleri, athanalar üçin enjamlar, at çapmak üçin lybaslar we aýakgaplar, sportuň dürli görnüşleri üçin ýörite at esbaplary we beýleki harytlar öz beýanyny tapýar.

Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde “atçylyk dünýäsi” diýen düşünjä girýän ähli zatlary görmek bolýar. Sergide dürli ýurtlardan bolan bezegçileriň, suratkeşleriň işleri, dürli sowgatlyk önümleri hem görkezilýär.

Sergä gatnaşyjylaryň arasynda atçylyk toplumlaryny taslamak we enjamlar bilen üpjün etmek işi, atlary gatnatmak üçin ulanylýan ulag serişdelerini, dürli tehnikalary we gurallary, lukmançylyk enjamlaryny öndürmek we ibermek, auksionlary guramak bilen meşgullanýan meşhur kompaniýalar, şeýle hem atçylyk çärelerini maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlary amala aşyrýan, atçapyşyklardan ýa-da uzak aralyga atly ýörişlerinden göni gepleşikleri guraýan firmalar, hususy seýisler klublarynyň we pudak üçin işgärleri taýýarlaýan hünärment okuw mekdepleriniň wekilleri bar.

Daşary ýurtlardan sergä gatnaşýanlaryň köp sanly pawilýonlaryndaky ýazgylarda eýýäm türkmenistanlylara mälim bolan atlary hem duş gelmek bolýar. Olaryň arasynda “Eguitana” hünär sergisini guraýan “Reed Exhibitons” nemes kompaniýasy hem bar. Şu ýyl şol ýerde biziň ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň tanyşdyryş dabarasy üstünlikli geçirildi. Şeýle hem Parižiň “Ark de Triumf” Gran-pri baýragy ugrundaky çapyşyklary geçirýän “France Galop” kompaniýasyny görkezmek bolar. Ýarym ýyl mundan ozal bu ýaryşlara ilkinji gezek türkmenistanly çapyksuwar gatnaşdy.

Sergä gatnaşýanlaryň köpüsi özleri bilen gadymy önümleri getirdiler. Şol önümler hil babatdaky däpleriň dowam etdirilýändigini görkezýär. Wekilleriň käbiri awtorlyk işlerini, mysal üçin, eýer ýasaýan ussalaryň önümlerini, beýlekiler bolsa tomaşaçylaryň ünsüni çekmek maksady bilen öz ýurtlaryna mahsus bolan çapyksuwarlaryň, awçylaryň ýa-da kowboýlaryň lybaslaryny getirdiler.

Ýörite taýýarlanan kitapçalar we beýleki materiallar, şeýle hem milli atçylyk baýramçylyklary, at çapyşyklary we çapyksuwarlaryň gatnaşmagyndaky sport çäreleri barada wideoşekiller görkezilýän monitorlar serginiň maglumatlara baý bolmagyny üpjün edýär. Sergä gelýänler dürli at esbaplaryna we beýleki dürli zatlara uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

Türkmenistan kabul edýän tarap hökmünde sergi zalynda sözüň doly manysynda baý mazmunly ekspozisiýany görkezdi. Onuň merkezinde gündogar bazarynyň mysalynda, döwrebap görnüşde bezelen halk senetleriniň önümleri ýerleşdirildi. Bu ýerde paýtagtymyzda ýerleşýän iri türkmen muzeýleriniň gaznalaryndan birleşdirilen belli bir ugurly toplumlar görkezildi. Oňa milli halyçylygyň we zergärçilik sungatynyň, çeper senetleriň, şeýle hem suratkeşligiň we heýkeltaraşlygyň ajaýyp eserleri girdi.

Tekjelerde bedewleriň şaý-sepleriniň ajaýyp nusgalary görkezilýär. Ussat zergärler hakyky eserleri döretmek üçin kümüşlerini, dürli reňkleri, zähmetini we wagtlaryny gaýgyrmandyrlar. Nusgalyk zatlaryň käbiri köne görnüp, hamala, atly söweşlerde ýüzi çyzylan ýuka demir bölegini ýadyňa salýar. Türkmen zergärleriniň täze döreden işlerini aýratyn gözellik tapawutlandyrýar. Behişdi bedewleriň ajaýyplygy olarda öz beýanyny tapyp, sungat ussatlary iň gözel zatlary döretmäge ymtylypdyr. Bu muzeý gymmatlyklaryny ägirt uly monitorlar janlandyryp, olarda ahalteke bedewleri öz ýüwrikligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar.

Bu ýerde pudagyň ösüşiniň esasy ugurlaryny görkezýän “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň köp öwüşginli diwarlyklary ýerleşdirildi. Welaýatlarda häzirki haman atçylyk sport toplumlarynyň ulanmaga berilmegi bilen bu iş täze itergä eýe boldy. Beýleki ugurlaryň hatarynda türkmen çapyksuwarlaryny taýýarlaýan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň diwarlyklary hem gözüňi dokundyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaplary, beýleki neşir önümleri, şeýle hem ajaýyp suratlar, heýkeller we surat pannolary sergide mynasyp orun eýeledi. Sergi şeýle hem bu ýere gelýänlere biziň ýurdumyzda atçylyk sportyny we atçylyk syýahatçylygyny ösdürmekde nähili mümkinçilikleriň açylýandygy bilen tanyşmaga şert döredýär.

Beýleki guramalaryň arasynda halyçylyga we zergärlik sungatyna ýöriteleşen türkmen telekeçileriniň diwarlyklary görnükli orun eýeledi. Türkmen bedewiniň keşbini beýan edýän ajaýyp suratlar bu gözellige özboluşly öwüşgin çaýýar. Şu bahar günleri şanyna uludan toý tutulýan ahalteke bedewi bu ýerde hemmeleriň üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary sergi-ýarmarkanyň hakyky bezegine öwrüldi. Ussat çapyksuwarlaryň ýelden ýüwrik bedewleriň üstünde görkezen çykyşlary sergi merkeziniň daşyndaky meýdançada gurnalan sahnanyň töwereginde tomaşaçylaryň köp sanlysyny, sergä gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny ýygnady. Olaryň arasynda bu gün dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen syýahatçylar hem bar. Türkmen jigitleri nirede çykyş etse-de, ähli ýerde we hemişe behişdi bedewlerimiziň gözelligi we ýyndamlygy, şeýle hem çapyksuwarlaryň ussatlygy tomaşaçylary özüne imrindirýär.

Çapyp barýan atyň üstünden ýere böküp we ýene eýere münip, şowhunly el çarpyşmalara mynasyp bolýan türkmen çapyksuwarlary öz dogumlylygy we çeýeligi, çylşyrymly oýunlary bilen tomaşaçylary ýene-de haýran galdyrdylar.

Bu ýerde, sergi toplumynyň açyk giňişliginde ýörite agyllar ýerleşdirildi, onuň içindäki bedewleri synlap, olaryň mährinden, gözelliginden ganyp bolanok, olardan daşlaşasyň gelenok. Şunda olar özüni örän asuda alyp baryp, hamala diýersiň, sergi gymmatlyklarynyň keşbini janlandyrýandygyna düşünýän ýaly bolup, daş-töweregine bilesigelijilik bilen garap durlar. Olaryň ajaýyp keşbini synlanyňda, bedewlerde nähili gujur-gaýratyň bardygyny göz öňüne getirip bolýar.

Serginiň maksatnamasy onuň mazmuny bilen bagly bolan dürli çäreleri, dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary we geňeşmeleri öz içine alýar. Resmi däl söhbetdeşlikleriň barşynda diňe görkezilýän önümleriň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşylman, eýsem, işine ussat kärdeşleriň, pudagyň hünärmenleriniň arasynda tejribe alşylýar. Tejribäni okuw kitaplaryndan susup almak kyn bolýar, sebäbi ol diňe bilimlerde we başarnyklarda däl-de, eýsem, kalbyňda öz beýanyny tapyp, şonsuz ahalteke bedewi ýaly atlar bilen iş salyşmak mümkin däldir.

Atçylygyň täze ösüşini başdan geçirýän Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň we atçylyk pudagynda nou-haularyň çekilmegine, olaryň iş ýüzünde ulanylmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu babatda tejribe işi täze ykdysady şertlerde tohumçylyk işinde, şeýle hem ýokary derejeli sport atlaryny we çapyksuwarlary ýetişdirmekde dünýäniň belli atçylyk merkezleri bilen bäsleşmäge ukyply häzirki zaman we netijeli atçylyk ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

Ine, şonuň üçin hem sergi aýlaw işini ösdürmäge hem itergi berer. Türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň, olaryň bedewleriniň abraýy has-da artar. Iň esasy zat hem sergä gatnaşyjylaryň hemmesi täze, bilelikdäki taslamalara badalga berjek, pudaklaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we milli atçylyk toplumynyň dünýäniň atçylyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etjek şu günki çäräniň örän möhüm we zerur bolup durýandygy barada bir pikire geldiler.

Baýramçylyk çäreleriniň hatarynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly V halkara maslahaty ýene-de bir ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Ol şu gün güniň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň sergi köşgünde açyldy. “Türkmenatlary” döwlet birleşigi tarapyndan guralan bu foruma meşhur alym-ippologlar, atşynaslar, geologlar, taryhçylar we etnograflar, şeýle hem daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Arassa ganly ahalteke atlaryny gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam etmekde alymlaryň we hünärmenleriň tagallalaryny birleşdirmäge hyzmat etmäge gönükdirilen halkara ylmy maslahatynyň işi üç bölümçä bölünen. Olarda dürli ýurtlarda pudagy ösdürmegiň möhüm ylmy, bazary öwreniş we anyk netijeleri özünde jemleýän çykyşlaryň 150-si foruma gatnaşyjylara hödürlenmek bilen ýöriteleşdirilen forumyň esasy ugurlarynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylar.

Maslahat öz işini umumy mejlisden başlady. Onda Fransiýanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Ukrainanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri çykyş etdiler. Mejlisde garalan meseleleriň arasynda atçylykda tohumçylyk işiniň täze usullaryny ornaşdyrmak, täsin genofondy özünde jemleýän hökmünde uly gymmatlyk bolup durýan ahalteke atlarynyň arassaganlylygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän tohum barlagyny ulanmak, şeýle hem tohum atlarynyň işe ukyplylygyny kesgitlemek we iň oňat häsiýetlerini ýüze çykarmak üçin synaglary geçirmegiň täze usullaryny peýdalanmak meseleleri bar.

Mejlisde çykyş eden Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň başgyly foruma gatnaşyjylary Hytaý Halk Respublikasynda şu ýylyň güýzünde geçirilmegi bellenen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň meýilnamadan daşary mejlisine gatnaşmaga çagyrdy. Ol ýerde häzirki wagtda ahalteke atlaryna uly gyzyklanma bildirilýär.

Umumy mejlis tamamlanandan soň, maslahata gatnaşyjylar toparlara bölündiler. Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda geçirilen birinji bölümçede ahalteke atçylygynyň nesil aýratynlyklaryna degişli meseleler barada pikir alşyldy. Bu ýerde çykyş edenler arassa ganly atlaryň pelsepewi gymmaty, ahalteke atlaryny saýlamakda esasy ugurlar, atlaryň nesil ugruny mundan beýläk gowulandyrmak hem-de özünden soňkulara iň oňat häsiýetleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler. Şeýle mazmundaky çykyşlary Çehiýadan, Awstriýadan, Hindistandan we biziň ýurdumyzdan atçylyk boýunça ökde hünärmenler beýan etdiler. Çykyşlarda umumy pikirler hökmünde bazar gatnaşyklary şertlerinde atçylygyň tehniki-ykdysady strategiýasyny düýpli özgerdip, ony atyň baş sanyny artdyrmaga we ähli taraplaýyn göramaga gönükdirmek bilen onuň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem pudagy netijeli alyp barmaga hyzmat edilmelidigi barada aýdyldy. Şunda nusgalyk mysal hökmünde Türkmenistanyň tejribesine garaldy.

Ikinji bölümçe sport we syýahatçylyk meselelerine bagyşlandy. Ol Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Bu ýerde “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe atçylyk sportunyň ösüşiniň aýratynlyklary”, “Behişdi bedewleriň” ýaýramagynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny”, “Seýisçilik we çapyksuwarlyk” barada giňişleýin gürrüň edildi. Şu we beýleki çykyşlary diňleýjilere türkmen, belarus, ýapon we italýan hünärmenleri ýetirdiler. Bu ýerde, hususan-da, Ýewropa ýurtlarynyň tejribesi göz öňünde tutulyp, bazar şertlerinde atçylyk sportuna hususyýetçileriň işjeň gatnaşmagynyň goldanylmalydygy bellenildi. Atçylyk sport guramalary, halkara ýaryşlaryna ýurtlaryň ýygyndy toparlarynyň toplanmagyny aýratyn hasaba almak bolar. Şu nukdaýnazardan atçylyk sporty boýunça türkmen mekdebine döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplayn goldaw, oňa hut döwlet Baştutanynyň şahsy hemaýaty daşary ýurtly tälimçileriň goldawyna we uly bahasyna mynasyp boldy.

Üçünji bölümçe bolsa “Atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary” diýen meselä bagyşlandy. Bu wajyp mesele “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda ara alyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bu ýerde türkmen atçylyk nesliniň halkara ähmiýeti baradaky çykyşlar diňlenildi.

Häzirki wagtda dünýäniň köp künjeginde atçylygyň ösdürilmegine, pudagyň ylmy we okuw binýadyna, atçylyk sportunyň merkezlerine, şu nukdaýnazardan asyrlaryň synagyndan geçen türkmen atçylygynyň däplerine, atlaryň milli mekdebine uly gyzyklanma bildirilýändigi aýratyn göze ilýär. Bu işler bilermenleriň we hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler ahalteke bedewi ýaly beýik sungat eserini dünýä diňe bir bagyş etmän, ähli ajaýyp häsiýetlerini dolulygyna özünde jemlemek bilen gymmatly atlaryň arassaganlylygyny saklamagy hem başardylar. Bu günki gün şeýle ugur özüniň täze ýollaryny açýar we çäkleriň giňeldýär, bu ýerde özara gyzyklanma ýüze çykýar, ahalteke bedewlerine bütin dünýäde öňdengörüji işewürler tarapyndan artýan islegi olaryň geljegine bolan ynamyna esaslanýar. Sebäbi munuň özi ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak keşbini, hakyky kämilligini we gözelligini olaryň janköýerleriniň asla ünsünden düşmeýändigi bilen baglanşyklydyr.

Ertir Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly V halkara ylmy maslahaty öz işini dowam eder. Foruma gatnaşyjylar, şeýle-de degişlilikde 27-nji we 28-nji aprelde Ahalteke atçylyk toplumynda we Halkara atçylyk sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşarlar.