Ï Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň parlamentiniň wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň parlamentiniň wekilini kabul etdi

view-icon 558
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň deputaty, Germaniýanyň ozalky ykdysadyýet ministri jenap Mihael Glosy kabul etdi. Ol ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman türkmen döwletiniň Baştutany bilen görüşip we duşuşmaga mümkinçiligi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny milli baýram hem-de Aşgabatda bütin dünýäde meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanan wekilçilikli halkara forumlarynyň geçirilmegi bilen gutlady.

German parlamentiniň deputatynyň belleýişi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere uly üns bilen syn edýändiklerini, halkara hyzmatdaşlygy, bütin dünýäde özüniň milli medeni mirasyny wagyz etmek meselelerine jogapkärli çemeleşýän türkmen döwletiniň eýeleýän oňyn orununa ýokary baha berýändiklerini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady. Biz bu hyzmatdaşlygy halklarymyzyň abadançylygynyň, dünýä medeni mirasyny aýawly saklamagyň bähbidine amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Türkmen halkynyň buýsanjy we şöhrata bolan ajaýyp ahalteke bedewleri şol mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda netijeli türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen birlikde, parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, deputatlaryň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, şeýle hem Türkmenistan bilen Germanýianyň arasynda netijeli ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.