Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň senatoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň senatoryny kabul etdi

view-icon 625
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň senatory jenap Ambruaz Dýupony kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza geldi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Döwlet Baştutanymyzy mähirli gutlamak bilen, iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Jenap Ambruaz Dýuponyň belleýşi ýaly, ol Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilik we şöhratly behişdi bedewlere hakykatda aýratyn orun degişli bolan türkmen halkynyň şeýle baý medeni mirasy barada aýdyň düşünje almaga ýardam berýän mümkinçilige örän şatdyr. Şunda Fransiýanyň biziň ýurdumyz bilen işjeň gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga ymtylýandygy nygtaldy.

Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen Türkmenistan Fransiýa Respublikasy bilen soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Duşuşygyň dowamynda uly köpugurly mümkinçilige eýe bolan türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip, özara pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady pudakda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mükinçilikleriň bardygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýanyň Senatynyň wekili şeýle hem, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini bellediler. Bar bolan mümkinçilikleriň esasynda syýahatçylyk we sport ugurlarynda hem ozara gatnaşyklar möhüm bolup durýar. Türkmenistanda we Fransiýada uly meşhuryga eýe bolan atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek meselesi hem gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman döwletara gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde çykyş edýän ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda hem öz pikirlerini beýan etdiler.

Hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýa Respublikasynyň senatory jenap Ambruaz Dýupon ähli ugurlar boýunça -- ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan işjeň gepleşikleriň çäklerinde türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.