Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 697
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Milli senenamamyzda hormatly orna eýe bolan bu ajaýyp bahar baýramçylygy bilen gutlap, iri rus holdinginiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza we bütin türkmen halkyna bagt, abadançylyk we ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegini arzuw etdi.

Gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga, daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň kompaniýalary bilen ýygjam işewür gatnaşyklary ösdürmek babatda möhüm ileri tutulýan ugurlara Türkmenistanyň ygrarlydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ösdürmäge ilkinji nobatda üns berýän nebitgaz toplumyny we gurluşyk pudagy bilen birlikde, dürli ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilýän türkmen - rus hyzmatdaşlygynyň wajyp taslamalarynyň öňe ilerlemeginde “Iteranyň” aýratyn goşant goşýandygy bellenildi.

Köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň çäklerinde myhman Türkmenistanyň Baştutanyna soňky döwürde edilen işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we “Itera” ynanylan desgalarda, hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde işleriň barşy barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şeýle hem hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şol sanda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada täze teklipler hödürlendi.

I.Makarow maslahatlary we tabşyryklary üns bilen diňläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ynanylan taslamalary durmuşa geçirmekde türkmen buýrujylarynyň arzuw - isleglerini hemişe nazara aljakdygyna we öz üstüne alan borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, özara gyzyklanmany we bähbitleri nazara almak bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekligine ynam bildirip, bir-birege iň ýagşy arzuwlaryny aýtdylar.