Ï Türkmenistanyň Prezidenti “CLAAS Global Sales GmbH” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “CLAAS Global Sales GmbH” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 753
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “CLAAS Global Sales GmbH” german kompanýiasynyň ýolbaşçylaryny – Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça prezidenti jenap Diter Dýuringeri we “Klaas Wostok” kompaniýasynyň baş direktory Bernd Lýudewigi kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi we köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilikleri döredendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar we milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Oba hojalyk tehnikalaryny öndürmek ulgamynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän, bütin dünýäde meşhur kompaniýanyň wekilleriniň belleýşi ýaly, olaryň kompaniýasy okgunly ösýän Türkmenistanyň obasenagat toplumy bilen ýola goýulan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýar.

Söhbetdeşligiň barşynda ylmyň iň soňky gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasion işläp düzmelere aýratyn üns berýän Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary jähtinden işewür hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleler barada durlup geçildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen tarapynyň öňe sürýän esasy şertleri, ilkinji nobatda, işgärleri okatmak we ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek hem-de hökmany suratda täze tehnikalary ýerli toprak-howa şertlerinde synagdan geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Duşuşygyň ahyrynda “CLAAS Global Sales GmbH” kompaniýasynyň wekilleri bildirilýän ynam üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, mundan beýläk hem geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Türkmen bazarynda bolsa işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertler, şol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.