Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasynyň açyk paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasynyň açyk paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 744
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasynyň açyk paýdarlar jemgyýetiniň /Russiýa Federasiýasy/ direktorlar geňeşiniň başlygy Wladimir Ýewtuşenkowy kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen gutlap, korporasiýanyň ýolbaşçysy baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Işewüriň belleýşi ýaly, onuň ýolbaşçylyk edýän korporasiýasy milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ähli esasy ugurlarda özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň gazananlary oňa ýokary halkara abraýyny üpjün edip, dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz mynasyp ornuna eýe bolmagyna getirendigini myhman belledi.

Gutlag we ýagşy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz ägit uly önümçilik kuwwatyna we ylmy–tehnologik mümkinçiligine eýe bolan öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda özüni biziň ýurdumyzyň ynamdar hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde görkezen “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge Türukmenistanyň ugur alýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özleriniň dürli ugurlarda bar bolan tejribelerini paýlaşyp, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygyny tassyklap, rus korporasiýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň iň döwrebap aragatnaşyk we öňdebaryjy habarlar tehnologiýalarynyň görnüşlerine isleg bildirýändigini hasaba almak bilen, işewür gatnaşyklary ösdürmäge degişli bolan birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Iri rus kompaniýasynyň özara hereket etmegiň netijeliligini giňeltmäge taýýardygyny kanagatlanma bilen kabul edip, döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen ösmelidigini belledi. Ol bolsa öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we iň oňat dünýä tejribeleriniň giňden çekilmegini göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň ahyrynda işewür Türkmenistanyň Baştutanyna hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, “Sistema” paýdarlar maliýe korporasiýasynyň özüne bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.