Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 828
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” kompaniýalar toparynyň prezidenti w baş direktory jenap Žil Remini kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Fransiýanyň belli kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi we Türkmenistanyň halkyny tutuş ýurt boýunça giňden hem-de dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

-Özüniň gadymy pederleriniň şöhratly däplerine çuňňur hormat goýýan we olary nesilden-nesle geçirýän halk belent mertebä mynasypdyr diýip, Ž.Remi belledi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän “Sifal” kompaniýasynyň häzirki döwürde dünýä işewürlik toparlary üçin uly gyzyklanma döredýän türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendigini nygtady.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildrip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sazlaşykly gatnaşyklary alyp barýan Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýasynyň ýolbaşçysyny görmäge şatdygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Mälim bolşy ýaly, “Sifal” kompaniýasy birnäçe ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, raýat awiasiýasy, senagat we raýat ugurlary, aragatnaşyk we elektronika, geňeşmeler we bilermenler hyzmatyny ýerine ýetirmek ýaly ulgamlary öz içine alýar. Fransuz kompaniýasy özara gyzyklanma bildirilýän we geljegi uly ugurlaryň biri bolan oba hojalyk pudagyna, hususan-da, pagtaçylyga aýratyn ähmiýet bermek bilen, türkmen pagtasynyň dünýäniň sarp ediş bazarynda iň bir bäsdeşlige ukyply önüm hökmünde ykrar edilendigini belledi.

Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge bolan meýillerini oňlamak bilen, döwlet Baştutanymyz myhmana hünärmenleriň taýýarlanmagynda aýratyn ähmiýet beriýän köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman milli Liderimizi özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini nazara almak bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňde duran wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.