Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

view-icon 679
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli her ýyl geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi bu ajaýyp baýram bilen gutlady. Bu baýramçylyk gözelligi we ýyndamlygy babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini bütin dünýä peşgeş beren ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine uly sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen dostlaryň arasynda baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge Türkmenistanda örän şatdyklaryny belledi. Häzirki wagtda şol hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk esasynda guralýan özara bähbitli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Milli Liderimiz iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine ýokary baha berip, yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklaryň hem-de biznes-forumlaryň guramaçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň alyp baýran işiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Şol duşuşyklar we işewür maslahatlar bolsa döwlet hem-de hususy düzümlerde işleýän geljekki hyzmatdaşlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.

Erik Stýuart esasy amerikan kompaniýalarynyň däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny ýylsaýyn giňeltmäge hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, ähli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.