Ï Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministrini kabul etdi

view-icon 577
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri Petr Bendli kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ajaýyp bedewlere bagyşlanan wekilçilikli forumlara gatnaşmak üçin çakylyk, şeýle hem türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Çehiýada geljegi uly hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtady. Jenap Petr Bendl biziň ýurdumyza ilkinji gezek gelip görýändigini aýdyp, bu ýerde amala aşyrylýan özgertmeleriň gerimine haýran galandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wekilini mübärekläp, Türkmenistanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan giň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady hem-de beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Özara bähbitleri hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hoşlaşanlarynda döwlet Baştutanymyz we myhman iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine türkmen-çeh hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.