Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Zoltan Şomogini kabul etdi.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkynyň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda jenap Zoltan Şomogi BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň syýhatçylygy ösdürmek ulgamynda işjeň döwlet stratiegiýasyny amala aşyrýan we bu ulgamda giň möçberli taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şu ýylyň ýanwar aýynda BMG -niň Bütindünýä syýahatçylyk guramsynyň Baş serkeraty jenap Taleb Rifainiň biziň ýurdumyzda saparda bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip Türkmenistanyň BMG-niň esasy düzümleri we gulluklary bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Biziň ýurdumyz şol düzümler bilen bilelikde üstünlikli işlemekde baý tejribe toplady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygyny nygtady. Munuň özi milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek boýunça düýpli meýilnamalar we onuň ählumumy syýahatçylyk bazaryna goşuluşmagyny üpjün etmek, degişli döwrebap düzümi döretmek, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek bilen şertlendirilendir.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzda atçylyk syýahatçylygyny ösdürmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda dürli ýurtlaryň syýahatçylarynyň hem-de işjeň dynç almagy halaýanlaryň Türkmenistana, onuň ajaýyp taryhy-medeni ýadygärliklerine, türkmen halkynyň özboluşly medeniýetine, biziň ýurdumyzyň täsin tebigatyna gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygy bellenildi. Şol taryhy-medeni ýadygärlikleriň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw , Köneürgenç we Nusaý ýaly ýadygärlikler bar. Nygtalyşy ýaly, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda halkara derejeli şypahanany – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek ýaly düzümleýin taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine badalga beren türkmen Lideriniň amala aşyrýan syýasatyna ýokary baha berýär.
Hoşlaşanlarynda hormatly Prezidentimiz we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň ýerine ýetiriji direktory ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we giňeltmeginiň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtadylar.