Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Katar Döwletiniň ozalky Premýer-ministri, Kataryň Emiriniň dogany şeýh Abdulla bin Halifa bin Hamad bin Jassim bin Mohammed Al-Tanini kabul etdi.
Mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Kataryň Emiri Hamad bin Halifa Al-Taniniň iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene bilen týüs ýürekden gutlamak bilen, şeýh Abdulla bin Halifa bin Hamad bin Jassim bin Mohammed Al-Tani Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we milletiň hem-de dünýä medeniýetiniň bahasyz gymmatlygy bolan “behişdi bedewleriň” öçmez-ýitmez şöhratyny alamatlandyrýan giň möçberli dabaralara gatnaşýandygyna şatdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Kataryň Emirine we dostlukly ýurduň tutuş halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, berk dostluk gatnaşyklaryna we deňhukukly özara peýdaly esaslara daýanýan türkmen-katar döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we şeýh Abdulla bin Halifa bin Hamad bin Jassim bin Mohammed Al-Tani ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, dürli ugurlaraky işewür hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-gumanitar, syýahatçylyk we sport ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şonuň bilen baglylykda, iki ýurt üçin hem däp bolan we ileri tutulýan atçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem atçylyk sportunuň dürli görnüşlerini ösdürmek boýunça tejribe alyşmalary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda şeýh Abdulla bin Halifa bin Hamad bin Jassim bin Mohammed Al-Tani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny umumymilli baýramçylyk bilen ýene bir ýola gutlady we parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi.