Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň birnäçe kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň birnäçe kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 562
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Euroсopter kompaniýasynyň Ýewropada we Merkezi Aziýada söwda boýunça wise-prezidenti jenap Oliwýe Mişalony, Siemens Enterprise Сommunications (Siemens СE) kompaniýasynyň wekili jenap Mark Agili, WAS Wietmars-сhen kompaniýasynyň baş direktory jenap Andreas Plýogeri kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirip, işewürler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny şu günler Türkmenistanda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, Ýewropanyň belli kompaniýalaryyň wekilleri ykdysady taýdan durnukly ösüş gazanýan we özüniň döredijilikli syýasaty hem döwlet Baştutanynyň öňe sürýän işjeň başlangyçlary bilen tutuş dünýäde giňden tanalýan Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ägirt uly gyzyklanma bildirýärler.

Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň işini daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň oňyn tejribelerini we täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Ýewropanyň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda milli ykdysadyýtimiziň öňdebaryjy ulgamlarynda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Ulag, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalarynyň jähetinde, işewürler özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän birnäçe anyk teklipleri öňe sürdüler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de myhmanlar ikitaraplaýyn bähbitleri we uzakmöhletleýin geljegi nazar almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan meýillerini mälim etdiler.