Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 894
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň direktory jenap Erwe Baržony kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, jenap Erwe Baržo milli Liderimizi türkmen halkynyň “behişdi bedewlere” bolan ägirt uly söýgüsini alamatlandyrýan şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady. Aşgabada ýene bir sapar gelip, bu dabaralara gatnaşýandygyna şatdygyny bellemek bilen, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň atçylygy ösdürmek ýaly gadymy milli däpleriniň täzeden dikeldilmegine we onuň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine ägirt uly ähmiýet berýän Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna bolan meýilleri hakynda aýtdy. Şu jähetden, “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň türkmen kärdeşlerine atçylyk ulgamynda özüniň toplan tejribesini hödürlemäge taýýardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli kompaniýanyň ýolbaşçysyny görýändigine şatdygyny belläp, giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, şol sanda milli gymmatlyk bolup durýan şöhrartyl ahalteke bedewleri ýaly dünýä medeni mirasyny goramak işinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň döwlet syýasatynyň iler tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda milli Liderimiz we myhman ähli döwürlerde we dünýä halklarynda çapuw atlarynyň iň gowy tohumy hasaplanýan, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şöhratynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyny şertlendirýän işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

“Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň direktory jenap Erwe Baržo hoşlaşanlarynda, döwlet Baştutanymyza ýurduň ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikler, tutuş türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.