Şu gün paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan Halkara sergi-ýarmarkasy, şeýle hem “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty öz işini tamamlady.
Sergi köşgünde geçirilen ýöriteleşdrilen ýarmarka we pudaklaýyn çärä daşary ýurtly hünärmenleriň müňden gowragy gatnaşdy. Bu çärede dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleriň bolmagy türkmen bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Ýewropanyň, Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň, Gündogar we Günorta Aziýanyň ýurtlaryndan wekiller bar.
Sergi we ylmy maslahat atçylyk assosiasiýalarynyň, iri tohumçylyk zawodlarynyň we aýlawlaryň, weterinar merkezleriň, ýolbaşçylaryny, hünärmenlerini, önüm öndürijileri, at esbaplaryny we olaryň iýmitlerini taýýarlaýjylary, gurluşyk we maslahat beriş kompaniýalarynyň, atçylyk ulgamynyň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşen işewürlik-düzümleriniň, şeýle hem ylmy-barlag merkezleriniň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerini, alymlaryny bir ýere jemledi.
Sergidäki milli äheňde bezelen türkmen bölümi köp sanly myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ýöne daşary ýurtly telekeçileriň, kompaniýalaryň menejerleriniň marketologlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge, atçylyk ulgamynda we atçylyk sportunda hem-de syýahatçylykda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan gyzyklanmalary bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň esasyny düzdi.
Çäreler baradaky giňişleýin maglumatlar Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, onuň eksport we maýa goýum mümkinçilikleri, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ugurlary barada anyk göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Çünki serginiň we maslahatyň baş maksady diňe bir ýurdumyzyň atçylyk boýunça milli tejribelerne, ahalteke bedewleriniň wagyz edilmegine ünsi çekmek däl, eýsem, bu ulgamyň işine täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakdan, pudagyň ösüşine ylmy-tehniki goldaw bermekden ybaratdyr.
Şu jähetden atçylygyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň arassa ganlylygyny saklamak we saýlama tohumdaky bedewleriň baş sanyny artdyrmak boýunça tohumçylyk-seçgi işleriniň geçirilmegine, atlar üçin ýörite synaglaryň guralmagyna, olaryň ylmy esasda barlanmagyna, halkara derejesindäki çapyşyklaryň guralmagyna bolan täze çemeleşmeler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem zootehnikanyň we weterinariýa gullugynyň meseleleri, dünýä atşynaslygynyň meýilleri, pudak üçin hünärmenleriň taýýarlanmagy ýaly meseleler boýunça hem pikir alyşmalar boldy.
Şeýlelikde, Halkara sergi-ýarmarkasy we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty“ atly V halkara ylmy maslahatynyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň pugta we uzak möletleýin esasda üstünlikleri gazanmaklary, türkmen atşynaslary bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň, milletiň we tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine gadyr goýýan muşdaklaryň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin oňyn usullaryň tapylmagynda möhüm ähmiýeti boldy.
Mundan başga-da, sergä we maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berilýän medeniýeti, taryhy we däp-dessurlary, Türkmenistanyň ykdysady gazananlary we durmuş ulgamyndaky ösüşleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Çäräniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşýarlar.