Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 790
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasynyň baş direktory jenap Marten Buigi we “Buig”kompaniýasynyň ygtyýarlykly baş direktory, “SCDM” kompaniýasynyň prezidenti Oliwýe Buigi kabul etdi.

Türkmenistanyň Baştutanyna wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, iri Ýewropa kompaniýalarynyň biriniň ýolbaşçylary milli Liderimizi Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutladylar we adamzat ösüşiniň altyn gaznasyna giren türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň köpasyrlyk şöhratynyň has-da artmagy ugrundaky işlerde üstünlikleriň gazanylmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlara hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýan iri şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine “Buig” kompaniýasynyň ägirt uly goşant goşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar döwlet Baştutanymyza kompaniýa ynanylan binalardaky we desgalardaky gurluşyklarda işleriň ýagdaýy barada habar berdiler, şeýle hem Türkmenistanyň durmuş-ykydsady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary göz öňüne tutulyp, hyzmatdaşlygyň ýakyn ýyllar üçin işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdiler.

barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň öňe sürýän üýtgewsiz talaplaryna aýratyn ünsi çekdi. Şol talaplar bolsa gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň her birinde iň oňat milli binagärlik däpleriniň sazlaşykly jemlenmeginden, olarda ajaýyp binagärlik we täze inženerçilik- tehniki çözgütleriň ulanylmalydygyndan ybaratdyr.

“Buig” kompaniýasynyň özüne bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtap, jenap Marten Buig we jenap Oliwýe Buig milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine iri milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.