Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Frans Galop” we “Fegentri” assosiasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Frans Galop” we “Fegentri” assosiasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 1002
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropanyň iri guramalarynyň ýolbaşçylaryny – Fransiýanyň “Frans Galop” atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Bertran Belingiýeni we çapyksuwarlaryň halkara “Fegentri” assosiasiýasynyň prezidenti hanym Natali Belingiýeni kabul etdi.

Myhmanlar ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň taryhyna goşan gymmatly goşandyna öwrülen meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanyp türkmen paýtagtynda dabaralaryň giň gerim bilen geçirilmegine tüýs ýürekden haýran galýandyklaryny bellediler.

Häzirki wagtda tutuş dünýäde bedewleriň ahalteke tohumyna uly gyzyklanma bildirilýändigi we olaryň atçylyk sportunyň nusgawy görnüşlerinde diýseň oňat netijeleri gazanýandygy bellenildi. Ýewropanyň we Amerikanyň birnäçe ýurtlarynda, şol sanda Fransiýada-da bu bedewleri köpeltmek boýunça merkezler bar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen bedewleriniň we çapyksuwarlarynyň atçylyk boýunça abraýly ýaryşlara, meselem, geçen ýylda türkmen döwletiniň Baştutanynyň hormatly myhman hökmünde gatnaşan “Ark de Triumf” ýaly her ýylda guralýan at çapyşyklaryna işjeň gatnaşmagynyň ahalteke atçylygynyň ösüşine täzeden badalga berjekdigi bellenildi.

Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlara Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ähli ýurtlar, halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilmegini ileri tutýandygyny belledi. Dünýäniň medeni mirasyny aýawly saklamak şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar, türkmen halkynyň buýsanjy we şan-şöhraty hasaplanýan ajaýyp ahalteke bedewleri şol mirasyň özboluşly gymmatlylygyna öwrüldi.

Duşuşygyň barşynda hyzmataşlygyň geljekki mümkinçilikleri, şol sanda ylmy-barlag işleri, saýlap-seçmek we tohumçylyk işi, iri halkara atçylyk-sport bäsleşiklerini geçirmek ýaly ugurlar barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda, myhmanlar döwlet Baştutanymyza türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, aňrybaş derejeli at çapyşyklaryny guramak, atçylyk sportuny ösdürmek boýunça türkmen hünärmenleri bilen işewür gatnaşyklary giňeltmäge taýyndyklaryny aýtdylar.