Ï Türkmenistanyň Prezidenti TIKA-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti TIKA-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 698
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak boýunça Türkiýe Respublikasynyň agentliginiň (TIKA) ýolbaşçysy jenap Serdar Çamy kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Türkmenistanyň Baştutany bilen salamlaşyp, TIKA-nyň ýolbaşsyçy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy şu gün giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady we ähli türkmenistanlylara iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Şeýle baýramçylygyň geçirilmeginiň özi türkmen halkynyň durmuşynyň möhüm bölegi bolup durýan täsin medeni miras hasaplanýan ahalteke atlaryny dünýäde gorap saklamak we köpeltmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň işjeň häsiýetine şaýatlyk edýär diýip, myhman aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen işjeň gepleşikleri ösdürmegiň özara bähbitli giň halkara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmäge tarap alnan ugra eýerýän Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ileri tutýan ýörelgesidigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak boýunça Türkiýäniň agentligi bilen köpugurly özara hereketleriň çäklerinde Türkmenistanda oba hojalygynda, täze tehnologiýa pudaklarynda ,syýahatçylykda, maliýe we statistikada, awtomobil ýollarynyň gurluşygynda, saglygy goraýyşda, ylym we medeniýetde, ylmy barlag işlerinde taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi kanagatlanmak bilen bellenildi.

Ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm orna eýedigi barada durup geçmek bilen, myhman Aşgabatda şu ýylyň martynda geçirilip, bütin dünýäde uly seslenme döreden “Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren ýene-de täze başlangyçlarynyň uly ähmiýetliligini belledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Baştutanynyň baýramçylygyň öňüsyrasynda dünýä jemgyýetçiligini Gündogar halklarynyň milli baýramçylyklary we däpleri bilen tanyşdyrmaga täsir etjek ýörite “Nowruz” atly neşiri döretmek baradaky, şeýle hem sebitiň halklarynyň has-da jebisleşmegine we beýik medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna gönüden-göni hyzmat etjek çeper edebiýat hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça halkara döredijilik bäsleşigini geçirmek barada aýdan teklipleri aýratyn ähmiýete eýedir diýip, myhman aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we TIKA-nyň ýolbaşçysy ählumumy abadançylyga we ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.