Ï Aşgabatda häzirki zamanyň wehimlerine halkara derejesinde garşy durmak boýunça maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda häzirki zamanyň wehimlerine halkara derejesinde garşy durmak boýunça maslahat geçirildi

view-icon 680
Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Adam söwdasyna garşy göreş babatynda Milli iş meýilnamany işläp taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek boýunça Gündogar we Günbatar Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmak” atly iki günlük Halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmen tarapyndan hem maliýeleşdirilýän bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara migrasiýa guramasynyň biziň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilelikde guraldy.

Halkara maslahatynyň işine Awstriýa Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Ysraýyl Döwletinden, Gazagystan Respublikasyndan, Moldowa Respublikasyndan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Norwegiýa Patyşalygyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan wekiliýetler gatnaşdylar. Şeýle hem bu çärede Ýewropa öýüniň, ÝHHG-nyň, ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän iri düzümleri bolan BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň, UNISEF-iň, BMG-niň BÝKM-nyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri boldular.

Ýörite bu çärä gatnaşmak üçin Halkara migrasiýa guramasynyň baş direktory jenap Leýsi Swing, guramanyň Günorta we Merkezi Aziýanyň meseleleri boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary (ABŞ) hanym Linn M.Treýsi Aşgabada geldiler.

Çärä gatnaşyjylaryň pikirine görä, bu forum Merkezi Aziýadan, Gündogar we Günbatar Ýewropanyň ýurtlaryndan bolan döwlet guramalarynyň, raýat jemgyýetleriniň we halkara guramalarynyň wekilleriniň arasynda hereket etmegiň Milli meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we olary utgaşdyrmak boýunça bilim-tejribe alyşmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Bu ýere ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde işjeň öňe sürýän we dünýäniň ýurtlarynyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ähli döwletleriň ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini yzygiderli ýerine ýetirmegine gönükdirilen ugrunyň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýär. Şonuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meselesi bolup durýan we oňyn çözgüdi talap edýän adam söwdasy bilen baglynaşykly meseleleriň çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Bu meseläniň oňyn çözgüdinde Halkara migrasiýa guramasyna we onuň dürli döwletleriň hökümetleri we iri halkara düzümler bilen özara gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Halkara migrasiýa guramasy ynsanperwer we düzgünleşdirilen migrasiýa bosgunlara we tutulygyna alnanda, jemgyýete peýda getirmelidir diýen ýörelgä eýerýär. Bu abraýly düzümiň hökümetara edarasy hökmünde özüniň hyzmatdaşlary bilen migrasiýa meseleleriniň gyssagly çözülmegi işine kömek bermek, migrasiýanyň üsti bilen durmuş we ykdysady ösüşi goldamak hem-de adam gymmatlyklarynyň we bosgunlaryň abadançylygynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek boýunça maksadalaýyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Halkara migrasiýa guramasynyň işi Merkezi Aziýada 1998-nji ýyldan bäri, Türkmenistanda bosla 2005-nji ýyldan bäri hereket edýär. Şu döwürde bu sebitde adam söwdasynyň öňüni almaga we üstaşyr hem-de göni gatnaşyk saklaýan ýurtlaryň arasynda sebitleýin we halkara hyzmatdaşşygynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe çäreler durmuşa geçirildi.

Bu ugurda Türkmenstanyň durmuşa geçirýän strategiýasy barada aýdylanda bolsa, Halkara migrasiýa guramasynyň baş direktory jenap Leýsi Swing ynsanpererlik esaslarynda we adamlaryň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen ýöla goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şu jähetden abraýlyh halkara düzüminiň ýolbaşçysy Halkara migrasiýa guramasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä bileleşigini tolgundyrýan möhüm meseleleriň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly döredijilikli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny belledi.

Öz gezeginde milli bilermenler Türkmenistnda adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça ozal kabul edilen halkara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmekde durmuşa geçirilýän anyk işler we yzygiderli çäreler bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamyna deňhukukly gatnaşyjy bolmak bilen özüniň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine, demokratik ösüş esaslaryna we häzirki zaman hukuk jemgyýetine ygrarlydygyny aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ileri tutulýan halkara wezipeleriň çözgüdine işjeň gatnaşýar, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär we ähli gyzyklanma bildirilýän taraplar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde özüni tanatdy diýlip duşuşykda bellenildi.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda adam hukuklaryny üpjün etmek ulgamyndaky halkara – hukuk resminamalarynyň esasy düzgünlerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur bolan syýasy – hukuk binýat döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy ykrar edildi. Döwlet her bir raýatyň meselesine jogapkärli çemeleşýär we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin zerur bolan şertleri üpjün edýär, raýatlaryň ömrüni, namysyny, abraýyny we azatlygyny, eldegrilmesizligini, olaryň ähli hukuklaryny goraýar. Ýurduň Esasy Kanunyna laýyklykda, adamlaryň we raýatyň hukuklary we erkinlikleri halkara şertnamalaryna laýyk derejede üpjün edilýär.

Adam hukuklary babatdaky birnäçe konwensiýalara we teswirnamalara goşulmak bilen, şeýle hem Halkara migrasiýa guramasynda synçy – ýurt bolmak bilen, Türkmenistan özüni ählumumy halkara ýagdaýlara gatnaşyjy hökmünde esaslandyrýar we adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Soňky ýyllarda ýurtda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen düzgünnamalaryna milli kanunçylygy utgaşdyrmak boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Adam söwdasyny, esasan-da, aýallaryň we çagalaryň söwdasyny duýdurmak we onuň öňüni almak boýunça Teswirnama tassyklanyp, Türkmenistanda bu ulgamda hökümetleriň, halkara düzümleriniň, pudaklaýyn edaralaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen esasy halkara gural hökmünde “Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 2012-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda “Migrasiýa hakynda” täze Kanun güýe girdi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bomadyk adamlaryň ýurda gelmeginiň, onuň çäginde bolmagynyň we ýurtdan çykmagynyň tertibini ýola goýýar hem-de migrasiýa ýagdaýlary ulgamyndaky hukuk gatnaşyklaryny, bu ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça döwlet guramalarynyň degişliligini kesgitleýär.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny ugur edinýär. Şunlukda, dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça iri halkara we sebitleýin düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklaryň täze görnüşiniň tapylmagyna we onuň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu jähetde Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen netijeli hyzmatdaşygynyň anyk mysallary getirildi.

Gepleşikleriň barşynda dünýäniň dürli döwletlerinden gelen bilermenler hereket etmegiň milli meýilnamasynyň bu ugur boýunça degişli taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary utgaşdyrmak üçin möhüm gural bolup durýandygyny bellediler. Şol resminamada görkezilen anyk maksatlary durmuşa geçirmek üçin zerur çäreler beýan edilmelidir.

Maslahata gatnaşyjylar bu duşuşygyň şu ugur boýunça ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegini üpjün edýän umumy çemeleşmeleri işläp taýarlamaga mynasyp goşant goşandygyny bellediler.

Ertir maslahat öz işini dowam eder.