Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 646
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň barşynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda galla oragyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäginde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň guruljak ýeriniň çyzgysyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna ünsi çekip, häzirki döwrüň kärendeçileriň durmuşynda örän derwaýys pursatdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş bölümleriniň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmalydygyny, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki derejede ýerine ýetirilmelidigini, tomusky dynç alyş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we görkezilen taslamany amala aşyrmak bilen baglanyşykly ähli çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz elewatorlaryň gurluşygynyň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde orak möwsüminde işlediljek tehnikalaryň taýýarlygy we gurlup ulanmaga beriljek desgalaryň açylyşy mynasybetli guraljak dabaraly çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň ýerleşjek ýerleri bilen baglanyşykly çyzgylary görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek işleri bilen bir hatarda, gowaçalara ideg etmek çärelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz galla oragynda işlediljek ulaglaryň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň taýýarlyk hataryna öz wagtynda çykarylmagyny üpjün etmek, iş üstünde tehniki hyzmaty ýola goýmak bilen baglanyşykly çäreleriň ýörite meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Sebitde gurlup ulanmaga berilýän desgalar mynasybetli guraljak dabaraly çärelere göwnejaý taýýarlyk görülmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna doly derejede laýyk gelmelididigini nygtady.

Iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, galla oragyna taýýarlyk we gowaçalara ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini, sebitde gurluşygy alnyp barylýan elewatorlaryň işiniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi K.Gulbaýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy we şol bir wagtyň özünde bu etrabyň häkimi wezipesine hödürlenýän A.Gyrlyýewi wideoşekilli iş maslahatyna çagyrdy. Ol özüne ynanylan wezipede ak ýürekden zähmet çekjekdigini aýdyp, bildirilen ynam üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentmiz degişli Permanlara gol çekdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, galla oragyna taýýarlyk işleriniň hemmetaraplaýyn we örän jogapkärli ýerine ýetirilmelidigini belledi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz sebitde gurulýan elewatorlarda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny, beýleki gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýokary taýarlyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Soňra iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň barşy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim häzirki döwürde galla oragyna taýýarlyk we gowaçalara ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň ýokary derejede berjaý edilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde sebitde gurluşygy alnyp barylýan elewatorlardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglynyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň maksada laýyk alnyp barylmalydygyny belledi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn we berk bedenli ruhda terbiýelenmegi üçin bedenterbiýe-sport çärelerine, aýratyn hem sportuň futbol görnüşi bilen meşgullanmagy boýunça görülýän çäreler hem-de futbol ýaryşlaryny guramagyň maksatnamasy we oňa gatnaşjak toparlaryň bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly işlere hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz Aziýa olimpiýa geňeşine agza bolmadyk ýurtlaryň 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirlýän Aziada—2017-ä gatnaşmagyna degişli meseleleri öwrenmek we oňyn çözgütleri tapmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny görkezdi we paýtagtymyzda hereket edýän şaýollaryň durkuny täzelemek we olary döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, Aşgabatda awtoulaglara ýangyç guýýan bekediň täzeden işlenen taslamasy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda, umuman, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş talabydygyny belläp, täze ýollary gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda kiçi gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Aşgabat şäherinde ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň içeri işler düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda ulaglaryň hereketini sazlamak maksady bilen, “Aşgabat” teleýaýlymynda ýörite gepleşigiň taýýarlanylýandygy hakynda “Watan” habarlar gepleşiginde maglumat berilse, maksada laýyk boljakdygyny belläp, bu wezipeler boýunça ministre anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kazylaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda oňyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi ulgamyň işiniň kämilleşdirilmegini, ýurtda kanunçylygyň pugta berjaý edilmegi bilen baglanyşykly işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirjekdigini nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky” Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň jemini jemläp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegi ugrunda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini ýene bir gezek belledi.

Maslahatyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.