Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-amerikan işewürler geňeşi geçirildi, ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, şeýle hem “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşi gurady.
Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşmak üçin ABŞ-nyň wekiliýeti Aşgabada geldi. Onuň düzümine Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewürligi ösdürmek baradaky degişli döwlet düzümleriniň wekilleri, bilermenler, şeýle hem “Ekson Mobil”, “Şewron”, “Jon Dir”, “Keýs Nýu Holland”, “ArTeh” ýaly meşhur firmalara wekilçilik edýän işewürler girýär.
“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, türkmen paýtagtynda şeýle forumlary geçirmek däbe öwrüldi. Munuň özi geljekki hyzmatdaşlaryň, döwlet hem-de hususy düzümleriň wekilleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.
Şu gezekki işewür duşuşykda esasan hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň nebitgaz ulgamy we obasenagat toplumy ýaly ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi. Işewürler geňeşiniň işine iki ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň hem-de türkmen talyplarynyň, hususan-da, Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagy bu ulgamlarda hyzmatdaşlyga ylmy taýdan çemeleşilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
barşynda esasy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň eýeleýän ornuny ýylsaýyn giňeltmäge, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga meýillidigini tassykladylar. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary bolsa giň halkara goldawyna mynasyp boldy we olar dünýäniň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir.
edilen çykyşlarda dünýä gaz bazaryny ösdürmek, gaz geçirijilerini taslamagyň häzirki zaman ulgamlary, energiýa serişdeleriniň bazaryny ösdürmekde maglumatlar tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmak bilen baglanyşykly wajyp meseleler şöhlelendirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk esasynda guralýan özara bähbitli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
umumy bölüminiň işi tamamlanandan soň, onuň işi talyplar otaglarynda dowam etdirildi. Türkmen döwlet nebit we gaz institutynda hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyplar üçin ýörite sapaklar geçirildi.
ABŞ-nyň işewürleri şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şol sanda nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri, oba hojalygy ugry boýunça duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Olarda özara bähbitli türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.