Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň maslahat geçirilýän zalynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan maslahat boldy. Şonda esasy mesele hökmünde “Gazagystan-2050” strategiýasyny amala aşyrmak bilen baglylykda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslhatlaşyldy.
Bu çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, daşary döwletleriň ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri çagyryldy.
Ýygnananlara Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasatynyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Şeýle hem ykdysady ugurda we daşary aragatnaşyklarda gazanylan üstünlikler barada gysgaça syn berildi. Gazagystan Respubilkasynyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýän käbir görkezijiler mysal hökmünde getirildi.
Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orman Nurbaýew türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki tapgyrda ösüşe eýe bolup, hil taýdan täze many - mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy we muňa soňky döwürde dürli derejelerde işjeňleşdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň degerli ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýylsaýyn artýan haryt dolanyşygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýagdaýdaky ösüşiniň görkezijileriniň biri bolup durýandygy nygtaldy. Daşary syýasy ugruň mümkinçilikleri bilen baglylykda, Gazagystanyň geljekde-de Türkmenistan bilen netijeli hyzmtadaşlygy iki ýurduň we tutuş sebitiň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän ýörelgelere hem-de häzirki wagtda dünýäniň ösüşine mahsus ýagdaýlara laýyklykda ösdürilmegi maksat edinýändigi bellenildi.
Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň Hökümetinň Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň “EXPO-2017” atly Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagyny oňlandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Maslahata gatnaşyjylar 2012-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Prezident Nursultan Nazarbaýewiň Gazagystanyň halkyna ýüzlenmesini amala aşyrmak boýunça çäreleriň umumymilli meýilnamasy diýlip hasaplanýan “Gazagystan-2050” strategiýasynyň esasy kadalary bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şu resminamada ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler, şeýle hem geljekki onýyllyklaryň dowamynda daşary syýasatdaky ugruň esasy jähetleri anyk kesgitlenildi.