Aşgabatda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek infeksion däl kesellere gözegçilik etmek boýunça Ýewropanyň ministrler maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça işçi tehniki maslahaty geçirildi.
Infelsion däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrler maslahatyna saglygy goraýyş ministrleri, ýokary wezipeli adamlar, esasy hyzmatdaşlar we bilermenler gatnaşar. Olar Aşgabat duşuşygynyň çäklerinde ÝDK boýunça global we sebitleýin ýurtlar derejesinde ýetilen sepgitleri we bar bolan kynçylyklary amala aşyrmagy ata alyp mashatlaşar.
Bu maslahatyň guramaçysy bolup BSG Ýewropanyň sebitleýin edarasy çykyş edýär, Türkmenistanyň hökümeti bolsa ony kabul edýän tarap bolup çykyş edýär. Aşgabat masalahatynyň gün tertibinde esasan bäş sany meselä garalar, olaryň biri bolsa BMG-ň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatyndan soň gazanylanlara syn etmek we baha bermäge we hereket etmagiň global we ýewropa meýilnamalaryny kabul etmek ybaratdyr. Beýleki meseleler anyk wezipelere bagyşlanýar. Olardan: jemgyýetçilik sagly goraýşyň hasabat bermekligini gowlandyrmak we onuň mümkinçilikerini giňeltmek; howpuň esasy dört sany alamatlaryna täsir etmek üçin sektorara hereketi we hyzmatdaşlygy berkitmek; RKBT-ň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmek; ÝDK öňüni almak boýunça herketleri amala aşyrmaga ýol bermeýän saglygy goraýyş ulgamynyň „inçe ýerlerini“ kesgitlemek we aradan aýyrmak ýaly ugurlary görkezmek bolar. Şeýle hem bu maslahatda hereket etmegiň Ýewropa maksatnamasyny amala aşyrmakda indiki praktiki ädimler ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahat baradaky maglumatlaryň, netijeleriň we çözgütleriň ählisi Aşgabat jarnamasynda beýan ediler.