Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy

view-icon 825
Şu gün Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 68 ýyllygynyň şanly senesi giňden dabaralandyrylýar. Baharyň şu günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde agyr söweşlerde mähriban Watanymyzyň erkinligini we garaşsyzlygyny goran gahrymanlar hatyralanýar. Dünýä halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň parahatçylykly hem-de bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna baş goýan türkmenistanly gerçekleriň hormatyna dikilen beýik Baky oduň etegine gül goýmak dabarasyna däp boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň baýramçylyk mynasybetli tutuş halkymyza iberen Gutlagynda şeýle sözler bar: “Ýeňiş baýramy halklaryň umytlaryny, arzuwlaryny we ýeňiş üçin çekilen zähmeti özünde jemleýän aýratyn senedir. Parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent ýörelgelerine eýerýän halkymyz bu şanly senäni nesillerde gaýduwsyzlyk, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemekde örän uly ähmiýeti bolan baýram hökmünde belläp geçýär”.

Şol gazaply ýyllarda müňlerçe türkmenistanlylar beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň iň gazaply urşunda gaýduwsyzlyk bilen söweşdiler we deňi-taýy bolmadyk edermenlik, gahrymançylyk görkezdiler. Tylda bolsa biziň ýurdumyzyň gaýratly zähmetkeşleri—aýallar, gojalar we çagalar goşuny ähli zerur zatlar bilen üpjün etmekde yhlasly zähmet çekdiler. Biziň watandaşlarymyzyň söweşjeň edermenligi we gahrymançylykly zähmeti häzirki günlerde hem watansöýüjiligiň we gaýduwsyzlygyň synmaz nusgasy bolup hyzmat edýär. Şol gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen köp sanly türkmenistanlylar Gahryman diýen derejä mynasyp boldular. Biziň watandaşlarmyzyň müňlerçesi söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglandylar. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, häzirki döwürde türkmen ýaşlary üçin watansöýüjiligiň we mukaddes borja wepalylygyň nusgasyny görkezen Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Säher bilen asylly däbe görä, häzirki we geljekki nesilleriň nurana geljegi ugrunda wepat bolan gerçekler hatyralandy we Milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna ýakylan Baky oduň ýanyndaky söweşjeň şöhratyň we ählihalk hatyrasynyň mukaddes künjegine müňlerçe aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýyngandylar. Söweş ýollaryny geçen goja esgerler, şeýle hem uzak garaşdyran Ýeňşe özleriniň yhlasly zähmetleri bilen mynasyp goşant goşan eneler dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Watany hem-de mähriban topragy goramak her bir türkmen üçin mukaddes borç bolup durýar. Olar şeýle mukaddeslikler üçin şirin janyny gurban etmäge taýýardyrlar. Baky oduň öňündäki meýdançada weteranlar bilen Garaşsyz Türkmenistanyň mukaddes künjeklerini we müňlerçe ynsan ömrüni gurban edip gazanylan parahatçylygy goramak wezipesi ynanylan ýaş esgerler durlar.

Dabara gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar.

Binanyň golaýynda türkmen halkynyň watansöýüjilik däplerini, edermen pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirijileriň—hormat garawulynyň ýaş esgerleri hatara düzülipdir.

“Oguzhan” Köşkler toplumyndan çykyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň egindeşleri bilen dabaranyň geçýän ýeri bolan Baky oduň ýanyna tarap pyýadalap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz binanyň öňündäki meýdançanyň merkezine geçdi. Döwlet Baştutanymyz uruş weteranlary we şol döwürde tylda zähmet çekenler bilen mähirli görşüp, olary özgertmeleriň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän Ýeňiş baýramy bilen gutlady.

Frontçy esgerlere söweşjeň hem-de zähmet edermenlikleri üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz özleriniň şirin janlaryny orta goýup, Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran adamlaryň beýik edermenligi hakyndaky ýatlamalary hatyralamak mukaddes borjumyzdyr diýip belledi. Biziň halkymyzyň şol gazaply söweşde görkezen watan söýüjiligi, synmaz ruhy güýji ýyllar aşsa-da öçmez-ýitmezdir. Şirin janlaryny gurban edip, adamzada ýagty geljegi eçilen edermenleriň öňündäki borjumyz bimöçberdir. Biz mähriban Watanymyzy goran pederlerimiziň gaýduwsyzlygy nesiller üçin nusgalyk mekdepdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde biziň baş wezipämiz 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna bolan ünsümizi peseltmezlikden ybaratdyr. Çünki öz taryhymyza, şol döwrüň wakalaryna düşünmek we ol adamlaryň biziň üçin nusgalyk mekdepdigine aň ýetirmek şu günki günüň esasy ýörelgesine öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Frontçy esgerler we tylda zähmet çeken gahrymanlar döwlet Baştutanymyza özleri hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi, şeýle hem mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň dabaralanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy dabaranyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Watan ugrundaky söweşlerde gurban bolanlaryň halk hatyrasynyň beýany bolan zaryn owazly “Keçpelek” sazy Döwlet senasynyň owazynyň yzyny dowam edýär. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesi wepat bolanlary hatyralap dymdylar. Olaryň gözlerinde gözýaşlar göründi.

Ählihalk hatyrasynyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen künjekde Baky ot ýanýar. Binanyň etegine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül çemeni goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde binanyň etegine uruş weteranlary, hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, şeýle hem zähmetkeşler toparlarynyň köpsanly wekilleri, paýtagtymyzyň ilaty we myhmanlar gül desselerini goýýarlar. Bu ýere ýygnananlar Ýeňşiň Baky odunyň ýanynda türkmen topragynyň şöhratly ogullaryny hatyralap bir minutlap dymdylar.

Baky oduň etegine gül desselerini goýýan adamlaryň yzy üzülmedi. Az wagtyň içinde pederleriň edermenligine goýlan çuňňur hormatyň hem-de hoşallygyň nyşanyny alamatlandyrýan owadan güller Binanyň etegine haly bolup düşeldi. Türkmenistanlylaryň edermenligi hakyndaky hakyda häzirki we geljek nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar. Çünki biziň beýik pederlerimiziň geçen gahrymançylykly ömri we şöhratly söweş ýoly watansöýüjiligiň, mähriban topraga bolan wepalylygyň hem-de Watana ak ýürekden gulluk etmegiň synmaz mekdebidir. Dünýä halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň parahatçylyk hem-de bagtyýar durmuşy ugrunda baş goýan milli gahrymanlaryň atlary “Hatyra” atly köp jiltli neşirde ebedileşdirildi. “Şöhrat” kitabynyň sahypalarynda bolsa gazaply urşy geçip, ojaklaryna ýeňiş bilen dolanyp gelen watandaşlarymyzyň atlary ýerleşdirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Munuň özi türkmen halkynyň giň goldawyna mynasyp bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyz sebitleýin parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tanalýar. Munuň özi türkmen halkynyň asylly däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we gahryman pederlerimize çuňňur hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasy we milli Liderimiziň parahatçylygyň, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine gönükdirilen işjeň başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini bellemek gerek. Ak mermere beslenýän şäherimiz, häzirki zaman mekdepleri, senagat ähmiýetli kärhanalar, döwrebap medeniýet we sport merkezleri milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň mynasyp hatyralanmagydyr. Täze taryhy eýýamda mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýarlygynyň, türkmen topragynda parahatçylykly we döredijilikli zähmetiň berkarar bolmagy ugrunda ägirt uly işler bitirilýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere uruş weteranlary hem ýaş nesilleriň arasynda watançylyk, gahrymançylyk, edermenlik ýaly asylly duýgulary terbiýelemek boýunça netijeli çäreleri geçirmek arkaly mynasyp goşant goşýarlar.

Uruş weteranlarynyň we şol döwürde zähmet çekenleriň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça uruş hem-de zähmet weteranlarynyň, ýar ojagyny saklan zenanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iberen Gurtlagynda: “Biz olaryň saglygyny goramak we dikeltmek, beýleki maddy we ruhy kömekleri bermek üçin hiç wagt serişde gaýgyrmarys. Olar geljekde hem ykdysady kuwwaty barha artýan berkarar döwletimiziň çyn hossardygyny, hemaýatkärdigini we howandardygyny hemişe duýup ýaşarlar” diýen ganatly sözler bar.

Pederlerimiziň edermenligi we gaýduwsyzlygy hakyndaky şan-şöhratly ýatlama, mähriban topragymyzyň erkinligini we garaşsyzlygyny goraýyşlary Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Munuň özi ýaş türkmenistanlylar üçin edermenlik mekdebibir. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, öňe sürýän oňyn başlangyçlary, Watanymyzyň bitaraplyk derejesi türkmen topragynda hiç wagt urşuň bolmajakdygynyň we olaryň maşgalalaryna uruş betbagtçylygynyň gelmejekdiginiň kepilidir.

Soňra hormat garawulynyň esgerleri mukaddes binanyň öňünde göni hatar bilen dabaraly geçip gidýärler.

Baky oduň etegine gül goýmak dabarasy tamamlanansoň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary Ýeňiş baýramy bilen ýene bir ýola gutlady we tutuş türkmen halkyna, uruş weteranlaryna, tylda zähmet çeken gahrymanlara parahatçylyk, berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

* * *

Ýeňşiň 68 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Watanymyzyň goragçylaryna çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ilaty 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gahrymanlarça wepat bolan Milli Gahrymanlaryň hormatyna dikeldilen binalara gül desselerini goýdular. Welaýatlaryň we etraplaryň merkezi meýdançalarynda döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy.

Ähli ýerde şanly wakanyň hormatyna sadakalar berildi.