Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” Köşkler toplumynyň howlusyndaky milli äheňde bina edilen teläriň astynda, açyk howada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm wezipeler, şanly senelere mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasy we beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni mynasybetli guralan dabaralaryň guramaçylyk derejesi barada aýtmak bilen, bu şanly senäniň halkymyzyň edermenligini, gaýduwsyzlygyny, türkmen zenanlarynyň nusgalyk ömrüni alamatlandyrýan baýramdygyny belledi we maslahata gatnaşyjylary hem-de tutuş halkymyzy bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlar boýunça ösdürilmeginiň döwletimiziň ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mundan beýläk-de işjeň dowam etdirilmegi babatda möhüm wezipeleriň öňde durýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny we ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlarda saparlarda bolýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda birnäçe meseleleri öňe sürdi.
Prezidentimiz Mejlisiň deputatlarynyň saýlawçylaryň arasynda ýygy-ýygydan bolup, netijeli jemgyýetçilik işlerini geçirmelidiklerini hem-de demokratik gymmatlyklary we maksatlary mundan beýläk-de berkarar etmäge ýardam bermelidiklerini belledi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalaryň, ykdysady topluma girýän düzümleriň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, bu ulgamyň işine dolandyrmagyň häzirki zaman usullarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli guralýan medeni çäreleriň maksatnamalarynyň göwnejaý derejede düzülmelidigini bellemek bilen, milli medeniýetimiziň, halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň giňden wagyz edilmegi babatda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Mundan başga-da, öňde boljak şanly waka – transmilli “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralaryň ygtybarldy hyzmatdaşlar bolan iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy bütewiligini alamatlandyrmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ulag-ýol düzüminde möhüm ähmiýeti bolan bu desganyň açylyşyna ykjam taýýarlyk görmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
hem iş maslahatynyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, ýurdumyzyň dokma senagatyny, söwda we hyzmatlar ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede yzygiderli ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
işleriniň depginleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, ýollaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy we ýokary hiliniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, sport we syýahatçylyk ugurlarynda, obasenagat toplumynda, nebitgaz senagatynda alnyp barylýan işleriň halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslhatlary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, öz egindeşlerine berk jan saglyk we abadançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan ata Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.