Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň halkara howa menzilinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary beýleki resmi adamlar ugratdylar.
Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentine “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy ýüzlenip, şu gün paýtagtymyza Sietlden (ABŞ) täze “Boing-737-800” ýolagçy uçarynyň gelip gonandygyny habar berdi. Ol şu ýyl dünýä belli “Boing” kompaniýasynyň biziň ýurdumyza iberjek üç sany häzirki zaman uçarlarynyň biridir. Bu uçar 160 ýolagça niýetlenip, Türkmenistanyň uçarmanlarynyň amala aşyrýan halkara gatnawlarynda ulanylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary kanagatlanmak bilen kabul edip, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyny hem-de bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň uçarlarynyň üstüniň dolmagy bilen gutlady hem-de döwletimiziň geljekde hem döwrebap uçarlary satyn almagynyň hasabyna milli raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berjekdigini aýtdy.
ýerde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly ýaşulular bilen söhbetdeş bolanda olar milli Liderimize halkymyz, eziz Watanymyzyň abadançylygy we rowaçlygy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, özüne garaşyp duran uçara mündi. Uçar birnäçe minutdan asmana galyp, Astana şäherine ugur aldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna bu sapary taraplaryň hoşniýetli erkine we iki goňşy ýurdy gadymdan bäri baglanyşdyrýan bozulmaz dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna daýanýan döwletara gepleşikleriniň taryhyna täze möhüm sahypany ýazar. Häzirki zamanda türkmen-gazak gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän uly kuwwatyna we şol kuwwaty Türkmenistanyň we Gazagystanyň umumy bähbitlerine ikitaraplaýyn gyzyklanmany durmuşa geçirmäge laýyk gelýän täze ösüşe we many-mazmuna eýe bolýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň iri möçberli bilelikdäki taslamasynyň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän üstünlikli işleri görkezip bolar. Şunuň bilen baglylykda, bu polat ýolunuň türkmen-gazak bölegini ulanyşa tabşyrmaga bagyşlanyp Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 11-nji maýda bellenilen dabaraly çäresi iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň täze aýdyň nyşanyna öwrüler.
Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň öň ýanynda Astanada birnäçe medeni çäreleriň guralandygyny belläp geçmek möhümdir. Oňa gatnaşmak üçin gazak paýtagtyna biziň ýurdumyzyň medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynyň wekilleri, meşhur döredijilik toparlary ugradyldy. 6-njy maýda Astanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ylmy- ensiklopedik işiniň ilkinji iki tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ol türkmen-gazak gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi. Şol güniň ertesi, 7-nji maýda bolsa, Gazagystanyň paýtagtynda Parahatçylyk we ylalaşyk köşgünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti uly üstünlik bilen geçirildi. Köşgüň eýwanynda biziň ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary we ata Watanymyzyň amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň önümleri goýlan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreler iki ýurduň ýolbaşçylarynyň we birnäçe ministrlikleriniň we edaralaryň wekilleriniň, ylym we medeniýet, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, şeýle hem Gazagystanyň paýtagtynyň giň jemgyýeçiliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýlelik bilen, bu medeni çäreler iki döwletiň we halkyň öz köklerini asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nobatdaky gezek subut etdi.
ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň howa gämisi iki dostlukly ýurtlaryň döwlet baýdaklary bilen bezelen Astana şäheriniň howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndan alyp gidýän haly ýodajygynyň iki tarapynda hormat garawuly nyzama düzüldi. Gazak milli lybasyndaky gyz türkmen Liderine gül gowşurdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministrli Ýerlan Idrisow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinden Türkmenistanyň Baştutanynyň ulag kerweni Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Ak orda” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde, köşgüň dabaralar eýwanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew dostlukly ýagdaýda garşylady.
Gazagystanyň Baştutany türkmen Liderini öz ýurdunyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gazak kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyş etdi. Belent mertebeli türkmen myhmany, şeýle hem Gazagystan Respublikasynda resmi taýdan bellenilen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyryldy.
Iki ýurduň Prezidentleri ýörite taýýarlanan münbere geçdiler. Hormat garawulynyň başlygy dabaraly raport berýär. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Döwlet baýdagyna hormatyny bildirýär. Soňra iki döwletiň Baştutanlary hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.
Resmi garşylaýyş dabarasy tamamlanandan soň Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ak orda” köşgüniň Altyn zalyna geçmäge çagyrýar. Ol ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşülenden soň, ikiçäk görnüşinde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi.
Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderini tüýs ýürekden mähirli garşylap, öz türkmen kärdeşini ýene-de Astanada görýändigine örän şatdygyny nygtady. Döwlet sapary bilen Gazagystana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Prezident Nursultan Nazarbaýew däp bolan dostluk, döwletara hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we ösdürilmegi ugrundaky möhüm ädim hokmünde ýokary derejedäki häzirki ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady.
Özüniň gazak kärdeşine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen Lideri Türkmenistanyň goňşy Gazagystany hoşniýetli dost we ygtybarly, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtady. Bu ýurt bilen mundan beýläk-de örän ysnyşykly we netijeli özara gatnaşyklar bellenilýär. Şu nukdaý nazardan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki şu duşuşyk däp bolan türkmen-gazak hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, özara bäbitli bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça giňelmegine hyzmat etjekdigine, iki goňşy halklaryň gadymy dostlugynyň berkejekdigine ynam bildirdi.
Özara doly düşünişmäge we ynama esaslanýan işjeň häsiýetde geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, geljege gönükdirilen türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söwda-ykdysady we energetika ulgamlary, senagat pudagy, şeýle hem ynsanperwerlik – medeni ulgam şol ugurlaryň hatarynda görkezildi. Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk pudagyny hem özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanyşa tabşyrylmagyna esasy ünsi çekdiler, ol iki ýurduň amatly geografik ýerleşişi bilen şertlendirilendir. Prezidentler bu polat ýoluň diňe bir sebit möçberinde däl, eýsem-de bütin Ýewraziýa giňişliginde hem ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň we Gazagystan Prezidentleri şeýle hem, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Ak orda” köşgüniň gepleşikler zalynda iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.
Prezident Nursultan Nazarbaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Gazagystanyň topragynda ýene-de bir mähirli mübärekläp, döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde türkmen Lideriniň şu döwlet saparynyň ähmiýetini nygtady. Şol gatnaşyklar häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýar we ähli ugurlar boýunça okgunly ösýär. Gazagystan Respublikasynyň baştutany bu saparyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine söz berdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi, bilelikde netijeli işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin özüniň gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Gazagystana şu döwlet saparynyň esasy maksadynyň ikitaraplaýyn hyzmatldaşlygy has-da pugtalandyrmakdan, ony iki goňşy ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birek-birege ynanyşmak hem-de dost-doganlyk häsiýetine eýe bolan döwletara türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini aýratyn nygtady.
Soňra türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, şu gün giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň öňüsyrasynda geçirilen iki döwletiň baştutanlarynyň duşuşygynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, döwletara gatnaşyklarynyň geljegine garaldy. Taraplaryň sebitleýin we ählumumy ýagdaýlara garaýyşlary barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň we Gazagystanyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlary deň gelýär. Ilkinji nobatda, ýurtlaryň ikisi hem Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we berkitmek, gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremegine ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatik çäreler arkaly çözmek, özara düşünişmegi, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, köptaraplaýyn bähbitleri berjaý etmek we nazara almak ugrunda çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Diňe şeýle esasda yklymda strategiki durnuklylygyň möhüm merkezleri bolmaly biziň döwletlerimiziň ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň we döwrebaplaşmagynyň mümkinçilikleri äşgär bolar diýip, türkmen Lileri aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan we Gazagystan ählumumy syýasy giňişlikde, ilkinji nobatda, halkara düzümlerinde – Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda şeýle hem iki döwletiň agza bolup duran beýleki sebitleýin guramalaryň birnäçesinde özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýärler diýip belledi. Tejribäniň görkezişi ýaly, birek-biregi goldamak, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hereketleriň utgaşdyrylmagy halkara giňişliginde anyk netijeler berýär, halkara ýagdaýynyň oňyn ösmeginiň wajyp şerti bolup hyzmat edýär.
Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň düzümine saýlanylmagy hem-de golaýda iki ýyllyk möhlet bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň wise-prezidentligine saýlanylmagy babatda Türkmenistanyň kandidaturasyny goldandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda, Türkmenistan hem halkara giňişliginde, aýratyn hem parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri babatda Gazagystanyň başlangyçlaryny we tekliplerini hemmetaraplaýyn goldaýar. Biz mundan beýläk hem bu ugra eýereris, ysnyşykly gatnaşyklary ösdüreris we birek-biregi goldarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Türkmen Lideri sebitleýin howpsuzlyk meseleleri babatda taraplaryň Hazar meselesine aýratyn üns berýändiklerini belläp, Türkmenistan we Gazagystan Hazar deňzi kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem umumy baýlygydyr diýen birmeňzeş pikirdedir diýip nygtady. Hazar deňzi hemişe dostluk we ylalaşyk deňzi bolmagynda galmalydyr, ol halklary birleşdirmelidir, onuň baýlyklary bolsa ykdysady ösüşiň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň bähbidine ulanylmalydyr. Bu Hazarýaka ýurtlaryň her biriniň özüniň obýektiw bähbitleri bardyr we şol bähbitler diňe bir köptaraplaýyn deňagramlylyk, deňhukuklylyk esasynda nazara alynmalydyr, kimdir birine zyýan ýetirmeli däldir we kimiňdir biriniň hasabyna amala aşyrylmaly däldir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdirdi hem-de munuň örä wajyp garaýyşdygyny nygtady. Biziň pikirimizçe, Hazar babatdaky özara gatnaşyklaryň ähli meselelerinde – deňizde çäkleri bellemek, ekologiýa, energetika, balyk tutmak, gämi gatnawlary we beýleki meselelerde şeýle çemeleşme ulanylmalydyr diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. Elbetde, Hazaryň täsin tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak onuň serişdelerini ulanmak babatdaky ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda şu günki gepleşiklerde ara alyp maslahatlaşmaga girizilen meseleleriň ýene-de biri ekstremistik ideologiýanyň ýaýradylmagy üçin edilýän synanyşyklara, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, ýaraglaryň kontrabandasy, adam söwdasy we we beýleki bikanun işler bilen meşgullanýan jenaýatçylykly toparlaryň hereketlrine garşy göreşmek bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, Türkmenistan ye Gazagystan şu meselelerde ikitaraplaýyn, şeýle hem köpataplaýyn görnüşde , sebitiň beýleki ýurtlary, halkara guramalary bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip belledi.
Şu günki gepleşiklerde Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesi barada hem aýratyn gürrüň edildi. Taraplar bu ýurtda durnukly ýaşaýşy dikeltmegiň parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen gazanyp boljakdygy barada birmeňzeş pikir edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we şunda Owganystanda halkara bileleşiginiň, ilkinji nobatda, BMG-niň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny has işjeň hem-de giňden ulanmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany bu meselede Birleşen Milletler Guramasyna zerur bolan goldawyň ählisini bermäge taýýardygyny tassyklady. Şu meselede BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi möhüm orun eýelemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmek ýaly sebitiň çäginden çykýan mesele barada durup geçip, örän wajyp çäreleri görmegiň möhümdigini, olary BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde durmuşa geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny nygtady. Ony BMG-niň Aral üçin Ýörite Maksatnamasy diýip atlandyrmagy teklip edýäris, onda ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar beýan edilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda toplumlaýyn halkara çemeleşmäniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işjeň hem-de yzygiderli gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň bu başlangyçlar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň iň golaýdaky mejlisinde çykyş etjekdigini we gazagystanly hyzmatdaşlaryň goldawyna umyt edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine geçip, bu möhüm ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Şunda türkmen döwletiniň Baştutany Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, özara maýa goýmak, tehnologiki gazananlary alyşmak meselelerine üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösýändigini belledi. Munuň şeýledigine 2012-nji ýylyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn söwdanyň möçberleriniň üçden bir esseden gowrak artandygy we ABŞ-nyň 224 million dollaryna barabar bolandygy hem şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz şu ulgamda bar bolan uly kuwwatyň bu görkezijini geljekde birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady. Munuň üçin ähli oňyn şertler bar hem-de düýpli hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy.
Bularyň ählisi biziň soňky ýyllarda alyp baran bilelikdäki işimiziň oňyn netijesidir diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdirdi hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda, şeýle hem sebitleýin möçberde iki ýurt üçin açylýan uly mümkinçilikleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemegiň möhümdigini belledi. Ilkinji nobatda, munuň özi ulag we energetika ýaly ileri tutulýan ulgamlara degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň barşynda iki döwletiň baştutanlary Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugry boýunça demir ýoluň esasy bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşar diýip aýtdy.
Bu transmilli taslama, gürrüňsiz, diňe bir iki döwletiň däl, eýsem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer. “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň şeýle möhüm düzüm böleginiň döredilmegi maýa goýumlarynyň gelmegine, beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn täsir eder. Sözüň doly manysynda, täze yklymlaýyn geoykdysady giňişlik döreýär, onda Türkmenistan we Gazagystan möhüm orny eýelemelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu artykmaçlyklardan peýdalanmak, iki ýurduň bilelikdäki kuwwatyny doly derejede ulanmak möhümdir.
Lideriniň soňra belleýşi ýaly, Türkmenistan we Gazagystan häzirki wagtda yklymda ýangyç çig malyny köp möçberde öndürýänleriň hatarynda durýar. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijisini gurmak baradaky giň möçberli taslama durmuşa geçirildi. Şol gaz geçirijisiniň bir bölegi Gazagystanyň çäginden geçýär. Şu jähtden, hormatly Prezidentimiz iki goňşy ýurduň özleriniň serişdeler we üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini beýleki ugurlarda hem energetika taslamalarynyň başyny başlamak üçin ulanyp bilinjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, umuman, häzirki wagtda Türkmenistan we Gazagystan özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny, şol sanda innowasion ulgamda, hususan-da, onuň hemra aragatnaşygy we telekommunikasiýalar ýaly geljegi uly ugrunda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek üçin uly kuwwata eýedir diýip belledi.
Medeniýet we ylym ulgamy hem türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň halklary baý medeni we ylmy däplere eýe bolmak bilen, olary aýawly saklaýarlar. Türkmen we gazak halklary sungata we edebiýata özara uly gyzyklanma bildirýärler. Taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýarlar. Biz giň medeni we ylmy alyşmalara işjeň goldaw bereris, olaryň yzygiderli geçirilmegine ýardam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ynsanperwerlik gatnaşyklary hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň we Gazagystanyň taryhy özara baglanyşyklydyr, biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýarlar, ynsanlaryň ykballary berk baglanyşyklydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we iki döwletiň ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etmegi, munuň üçin döwrüň we adamlaryň isleglerine laýyklykda ähli şertleri döretmegi, bu ugurda bilelikdäki işi dowam etdirmegi göz öňünde tutýandygyny tassyklady.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar, aýratyn hem soňky ýyllardaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we özara ynanyşmak, taraplaryň iki doganlyk halkyň we ýurtlaryň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünmegi şol gatnaşyklaryň aýratynlygy bolup durýar. Döwletara türkmen-gazak gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylygyň köp asyrlyk däp-dessurlaryna, taryhyň, diliň, medeniýetiň, ahlak we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, häzirki döwrüň ýagdaýyna göz ýetirilmegine esaslanýar. Şol ýagdaýlar bolsa döwrüň täze wehimlerine öz wagtynda we netijeli jogap bermek üçin ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ähli meseleleri boýunça taraplaryň umumy çözgüdi tapýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz gazak tarapynyň hyzmatdaşlyga taýýarlygyny beýan edýändigini belledi. Biz muňa ýokary baha berýäris we birek-birege düşünişmäge esaslanýan bu garaýşy döwletara gatnaşyklarynyň doganlyk häsiýetiniň mizemezdiginiň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine olaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürilmeginiň girewi hasaplaýarys diýip, türkmen Lideri nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ähli gazagystanlylara parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi, netijeli türkmen – gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine hemişe üns berýändigi hem-de uly goşant goşýandygy üçin dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna we hut Prezident Nursultan Nazarbaýewe minnetdarlyk bildirdi.
Soňra ýene-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti söz aldy. Ol Gazagystanyň Türkmenistany iň ýakyn yurt, hoşniýetli goňşy we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.
Gazagystan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler syýasatyna ýokary baha berýär, türkmen Lideriniň halkara bileleşigi, şol sanda sebit boýunça goňşular bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugruny goldaýar, doganlyk ýurduň üstünliklerine begenýär diýip, Gazagystan Respublikasynyň Baştutany aýtdy.
Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň Türkmenistan bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni – gumanitar ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini tassyklap, iki doganlyk halkyň berk dostluk gatnaşyklaryna hem-de taryhyň dowamynda emele gelen medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini nygtady.
Gazagystanyň baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, dünýäniň ykdysadyýetindäki çökgünlik ýagdaýyna garamazdan, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň ep-esli artandygyny aýtdy. Munuň özi Türkmenistanyň we Gazagystanyň ykdysadyýetleriniň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin uly kuwwatynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi ep-esli artdy. Prezident Nursultan Nazarbaýew bular barada aýdyp, türkmen-gazak hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň, şeýle hem bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmegiň möhümdigini belledi.
Energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şu jähtden Gazagystanyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň örän wajyp taryhy waka – iki goňşy ýurdy birleşdirýän, soňra Pars aýlagyna tarap uzalyp gitjek demir ýoluň açylyşyna gabat gelendigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Nursultan Nazarbaýew ýokary derejedäki türkmen – gazak duşuşygynyň Hazaryň kenarynda – Aktauda hem-de Türkmenistanyň çäginde dowam etdiriljekdigini belläp, bu wakanyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. Bu waka iki doganlyk halklaryň hakydasynda dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň täze nyşany hökmünde galar.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanansoň “Ak orda” köşgüniň Mermer zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Bilelikdäki beýannama öz gollaryny goýdular.
Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler minstrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; 2013-2014-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler minstrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga; Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrligi bilen “Kazakstan temir žoly” Milli kompaniýasy” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident Nursultan Nazarbaýew ýaňy tamamlanan gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtap, şu gün syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleriniň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşylandygyny aýtdy. Gazagystan Respublikasynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarýar.
Gazagystan Türkmenistany Merkezi Aziýada strategiki hyzmatdaş hökmünde hasaplaýar diýip, Prezident Nursultan Nazarbaýew nygtady hem-de gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Şol resminamalar bolsa dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir we döwletara gatnaşyklaryny ilerletmäge itergi bermäge niýetlenendir.
Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etdirip, Gazagystanyň baştutany iki ýurduň uly ykdysady kuwwaty soňky ýyllarda ep-esli artan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär diýip belledi. Gepleşikleriň barşynda şeýle hem Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda serhetýaka hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Prezident Nursultan Nazarbaýew aýtdy we şunda iki ýurdy birleşdiren Gazagystan-Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň böleginiň ulanmaga bermek babatdaky öňümizdäki dabaranyň köptaraply türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň taryhy pursaty boljakdygyny aýratyn nygtady. Bularyň ählisi biziň bilelikdäki tutanýerli işimiziň netijesi boldy diýip, Gazagystan Respublikasynyň baştutany belledi.
Şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine medeni – ynsanperwerlik hyzmatdžaşlygynyň meseleleri girizildi diýip, Prezident Nursultan Nazarbaýew sözüni dowam etdirdi we şunuň bilen baglylykda, taraplaryň Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini hem-de Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini, döredijilik we işewürlik forumlaryny geçirmek, şeýle hem bilim ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşandyklaryny habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda şeýle hem Aktau şäherinde Türkmenistanyň Konsullygyny hem-de Türkmenbaşy şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Konsullygyny açmak hakynda ylalaşyk gazanyldy diýip, Gazagystanyň lideri belledi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti aýdylanlary jemläp, şu gepleşikleriň iki doganlyk döwletiň durmuşynda möhüm waka bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe, ähli gazagystanly dostlarymyza we kärdeşlere bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, bilelikde netijeli işlemeklige döredilen şertler üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Baştutany şu gün ýokary derejede geçirilen türkmen-gazak gepleşiklerine uly baha berdi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň häzirki ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk-de özara hereket etmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gazak gatnaşyklary üçin däp bolan özara ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ruhynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijeliligini we anyklyk häsiýetini aýratyn nygtady. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň birnäçe täze ugurlary boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň bukjasyna gol çekilen häzirki gepleşikler Türkmenistanyň we Gazagystanyň hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki doganlyk halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugruna gyşarnyksyz eýermäge ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan özüniň ileri tutýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Gazagystan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlara uzaýan däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň umumylygy baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlyklary aýawly goramagy, olary şu günki güniň talaplaryna laýyk gelýän täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy meýilleşdirýäris diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
Gazagystan -- sebitde biziň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşymyz diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, dürli pudaklarda sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek işinde iki taraplaýyn özara hereketiň netijeli häsiýetini belledi. Ýurtlaryň ikisi-de öz syýasatlaryny hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik, beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna hormat goýmak we içerki işlerine goşuluşmazlyk ýörelgeleri esasynda guraýarlar. Şu günki gepleşikler hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň oňyn sebitleýin ýagdaýlara mundan beýläk hem ýardam etjekdiklerine, umumy gülläp ösüşe ýardam berjekdiklerine taýýardyklaryny tassyklady diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu nukdaý nazardan Türkmenistanyň döwlet Baştutany Owganystandaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmak, Hazar deňzinde köptaraplaýyn özara hereketleriň geljegi, Araly halas etmek ýaly möhüm meselelerde taraplaryň çemeleşmeleriniň ýakyndygyny we özara düşünişilýändigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belläp geçişi ýaly, taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG, ÝHHG, şeýle hem GDA we beýleki guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi ylalaşdylar. Türkmenistan we Gazagystan häzirki döwüriň howplaryna we wehimlerine garşy hereket etmek meselelerinde, sebitiň howpsuzlygyny, durnuklylygyny we ygtybarly ösüşini üpjün etmek işinde mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga hyjywlydyrlar.
Gepleşikleriň netijeleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam bermegi, özara maýa goýumlary ösdürmegi, innowasion ugurlarda, hususan-da, hemra aragatnaşygynda we telearagatnaşyk ulgamynda özara hereketleri ösdürmegi ylalaşandyklaryny belledi. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde iki ýurduňam degişli düzümlere we giň serişdeler mümkinçiligine eýe bolan energetika we ulag pudaklary görkezildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmen döwletiniň Baştutany üstünlikli özara hereketiň mysaly hökmünde Türkmenistan bilen Gazagystany birleşdiren iri möçberli demirýol gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilendigini aýtdy.
Şunuň bilen bir hatarda gepleşikleriň dowamynda, şeýle hem iki ýurduň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym we bilim gatnaşyklaryny höweslendirmek we mundan beýläk hem ösdürmek barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda nobatdaky tapgyrlaýyn waka hökmünde garap, türkmen tarapy Gazagystana döwlet saparynyň netijelerine ýokary baha berýär diýip belledi. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk geljege gönükdirilendir diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň Baştutany iki goňşy ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça özara netijeli hereketleriň gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Munuň özi iki döwletiň we halklaryň bähbitlerine gabat gelýär, sebitiň oňyn ösüşine, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna hem-de durnuklaşmagyna saldamly goşant bolup durýar.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti doganlyk gazak halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş we döredijilikli zähmetde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew “Ak orda” köşgünde döwlet kabul edişligini gurady, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen döwletiniň Baştutany Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Senatyň başlygy Kaýrat Mami tüýs ýürekden garşylady. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşenlerinden soň Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy mejlisler jaýynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.
Gazagystanda biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, jenap Kaýrat Mami Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna häzirki döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmündäki ähmiýetini nygtady. Belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, Senatyň başlygy onuň iki Palatadan – Senatdan we Mejlisden ybaratdygyny aýtdy we iki döwletiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk ysnyşykly ösdürmegiň tarapdarydygyny beýan etdi.
Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokary Palatasynyň ýolbaşçysyna mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz tarapyndan Türkmenistanyň hem Gazagystan bilen dostlukly gatnaşyklara, hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyşarnyksyz eýerjekdigini belledi. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli we iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň kanun taýdan üpjün edilmeginde uly orun berilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň esasy ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine barha işjeň goşulyşyp Türkmenistan demokratik institutlarynyň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine, hakyky halk häkimiýetliliginiň esasynyň pugtalanmagyna we şunuň bilen baglylykda milli kanunçykaryjylygynyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyk getirilmegine uly üns berýär.
Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy, onuň üstünliginiň we ygtybarlylygynyň aýdyň nyşany hökmünde 11-nji maýda açylyp ulanyşa tabşyrylmagy bellenilen “Demirgazyk-Günorta” transmilli polat ýolunyň türkmen-gazak bölegi görkezildi. Netijeli türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny onuň ähli ugurlary boýunça giňeltmegiň oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy ýende-de bir gezek netijeli döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýän parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy babatda pikirlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy hoşlaşanlarynda, iki ýurduň doganlyk halklarynyň adyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň paýtagtyndan ýurduň günorta-günbatarynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Aktau şäherine ugrady. Hazar ýakasyndaky şäheriň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystan Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar.
Türkmen Lideri Aktau şäheriniň howa menzilinden sapar wagtynda özi üçin niýetlenilen kabulhana ýerleşen “Сaspian Riviera Grand Palaсe” diýen ajaýyp myhmanhana toplumyna tarap ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär. Ertir, 11-nji maýda, iki goňşy döwletiň Baştutanlary “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýol geçelgesiniň türkmen-gazak bölegini ulanyşa tabşyrmaga bagyşlanyp geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşarlar. Bu ýoluň açylmagy sebit we halkara ulag- aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegine öwrülmegine we sebitde bolşy ýaly, bütin Ýewraziýa yklymynda hem özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegine ýardam etmegine gönükdirilendir.