Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Türkiýäniň Hataý welaýatynyň Reýhanly şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly parlamalar zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, Türkmenistan bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iberilen gynanç hatynda bellenilýär.
Türkiýe Respublikasynyň Hökümetine we doganlyk halkyna şu agyr pursatda durnuklylyk arzuw etmek bilen, döwlet Baştutanymz gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.