Şu gün paýtagtymyzyň “Mizan” işewürlik merkezinde Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň şu günler amala aşyrylýan resmi saparyna gabatlanan türkmen-latwiýa işewürlik maslahaty geçirildi.
Duşuşyga gatnaşmak üçin paýtagtymyza Latwiýanyň wekiliýetiniň düzüminde esasy döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem bank we maýa goýum ulgamynda, oba hojalygynda, azyk senagaty, ulag, gämi gurluşyk, maşyngurluşyk, metal işläp bejerýän, taslama düzmek we gurluşyk, maglumat beriş-aragatnaşyk tehnologiýalary, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda, hyzmatlaryň dürli görnüşleri ýaly ugurlarda ýöriteleşen kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň wekilleri bar.
Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylaryň şunuň ýaly giň düzümi Latwiýanyň Türkmenistan bilen işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge bildirýän uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüşde haýran galdyryjy üstünliklere eýe boldy hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edildi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzyň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Işewürlik maslahatynyň gün tertibine özara gatnaşyklaryň ençeme ugurlarynda, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda, ulag- aragatnaşyk, energetika, oba hojalygy, senagat, gurluşyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri girizildi.
Çykyş edenler soňky ýyllarda türkmen-latwiýa döwletara gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanyp, çalt depginler bilen ösýändigini kanagatlanmak bilen bellediler. Dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar, baglaşylan ikitaraplaýyn şertnamalar, haryt dolanyşygynyň görkezijileriniň okgunly ösmegi we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň sentýabrynda Latwiýa Respublikasyna bolan sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly itergi berdi.
Şeýle hem ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň bu gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Onuň işi bolsa netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksadynda bu toparyň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Şu günki duşuşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, oňa gatnaşyjylar bu duşuşygyň biziň ýurtlarymyzyň dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellediler.
Işewürler duşuşygynyň barşynda türkmen we latwiýa wekiliýetleriniň wekilleriniň milli ykdysadyýetleriň ýagdaýyny hem-de häzirki zaman ýagdaýlary nazara almak bilen, iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine gabat gelýän täze mümkinçilikler baradaky çykyşlary boldy.
Türkmen tarapynyň tanyşdyrmalarynda birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerinde dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýlip bellenildi. Baltika döwletleri, şol sanda Türkmenistany uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Latwiýa Respublikasy bilen köp ugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Latwiýanyň özara gatnaşyklarynda tejribäniň we kuwwatyň artmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy ugurlary barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar olaryň baş maksady ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn amala aşyrmagyň, gyzyklanma bildirilýän taraplar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň hasabyna türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar diýip bellediler. Türkmen döwletiniň ykdysady ösüşiniň strategiýasy milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, ähli pudaklara täze tehnologiýalary we öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar.
Soňky ýyllaryň ýokary makroykdysady görkezijileri, jemi içerki önümiň ösüş depgini, kärhanalaryň durnukly maliýe ýagdaýy, döwletiň oňyn ykdysady strategiýasyny amala aşyrmagynyň hasabyna üpjün edilýän ilatyň girdejileriniň artmagy hem milli ykdysadyýetiň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen maliýe düzümleriniň bilermenleriniň baha bermegine görä, Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan ösmegini ynamly dowam edýär.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, daşary ýurt işewürligini ösdürmek üçin berilýän ýeňillikler goşmaça maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş baradaky konferensiýasynyň (UNCTAD) maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistan göni daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça öňdäki on ýurduň hataryna girýär. Şol maglumatlar “2012-nji ýyl üçin dünýä maýa goýumlary hakyndaky hasabatda” çap edildi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek ýaly ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalary nazara almak bilen,işewür toparlaryň wekilleri üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenarynda iş alyp barýan daşary ýurt maýadarlary üçin ýörite ýeňillikleriň göz öňünde tutulandygy bellenildi.
Söwda-üstaşyr geçelgesini döretmek, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça geçelgäni kemala getirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna ýardam eder. Bu ýerde gürrüň Merkezi Aziýany, Hazarýaka döwletleri Gara deňiz sebiti hem-de Zakawkazýe bilen baglanyşdyrýan täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmek barada barýar. Soňy bilen bu ugur Baltiýa we Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna çykylmagyny üpjün eder. Uly üstaşyr kuwwata we ösen ulag düzümine eýe bolan Latwiýanyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça döredilýän möhüm halkara ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolmaga ähli mümkinçilikleri bardyr.
Türkmenistan hakynda wideotanyşlyk duşuşyga gatnaşyjylara ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň gerimi hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi. Şol özgertmeler biziň ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagy üçin ygtybarly binýat döredýär we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Öz nobatynda, Latwiýanyň wekilleri ýygnananlary Latwiýa Respublikasynyň makroykdysady ösüşiniň umumy ýagdaýlary bilen tanyşdyrdylar. Foruma gatnaşyjylara dostlukly ýurtda işewürligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy barada gürrüň berýän wideofilm hem hödürlendi.
Türkmenistan bilen Latwiýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyna eýe bolan biziň ýurdumyz bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirýändiklerini beýan etdiler.
Çykyş edenler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada aýdyp, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Logistika we üstaşyr geçirmek ulgamy, derman senagaty, maglumatlar tehnologiýalary, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, energetika we beýleki ulgamlar özara gatnaşyklary ösdürmek üçin geljegi uly pudaklaryň hatarynda görkezildi.
Işewürler duşuşygyna Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň gatnaşmagy çärä aýratyn ähmiýet berdi. Ol forumyň ýapylyşynda gysgajyk söz sözledi.
Dostlukly ýurduň baştutany öz çykyşynda şu gün ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Jenap Andris Berzinş türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan şu duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigine hem-de iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hem bellenilen meýilanamalary üstünlikli amala aşyrmaga we bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge ýardam eder.
Jenap Andris Berzinş netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň ikisiniň hem ondan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmelidir diýip belledi. Latwiýa Respublikasynyň Lideri ynsanperwerlik ulgamynda gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, bilim babatdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi.
Duşuşyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özara ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly häsiýetini nygtap, şunuň ýaly duşuşyklary geljekki netijeli gatnaşyklar üçin bir bitewi binýady döretmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksadynda yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Işewürler duşuşygynyň çäklerinde Latwiýanyň döwlet edaralarynyň we kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň ministrlikleriniň , edaralarynyň we hususy ulgamynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary kesgitlendi.

* * *