Ï Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

view-icon 846
Şu gün Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary dowam etdi. Onuň çäklerinde belent mertebeli myhman Türkmenbaşy şäheriniň birnäçe iri desgalaryna baryp gördi.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda üstünlikli geçirilen ýokary derejedäki türkmen-latwiýa gepleşikleri dostlukly döwletleriň söwda - ykdysady we gumanitar ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy, şeýle hem ikitaraplaýyn we Ýewropa Bileleşiginiň, BMG, ÝHHG ýaly iri halkara guramalarynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm ylalaşyklaryň baglaşylmagy muňa aýdyň subutnama bolup durýar.

Bu sapara gabatlanyp türkmen-latwiýa işewürlik maslahatynyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary aýdyňlaşdyryldy. Bu çärä Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş gatnaşdy. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda, dokma senagatynda we beýleki pudaklarda, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy.

Şu gün ir bilen Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş Türkmenbaşy şäherine ugramazynyň öňýanynda “Oguzkent myhmanhanasynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň sowallaryna jogap berdi. Belent mertebeli myhman söhbetdeşlikde Latwiýanyň biziň ýurdumyz bilen işjeň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Soňky ýyllar türkmen- latwiýa gatnaşyklarynyň ösüş depginleri bilen baglanyşykly berlen sowala jogap bermek bilen, Prezidenti Andris Berzinş ýokary derejede geçirilen Aşgabat duşuşygynyň geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde iki döwletiniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň dowamyna öwrülendigini nygtady. Belent mertebeli myhamanyň aýdyşy ýaly, Latwiýa tarapy, şol sanda Latwiýanyň işewür toparlary bu sapara ýokary derejeli taýýarlyk gördüler. Türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ägirt uly mükminçilikleriň bardygyny nygtamak bilen, Prezident Andris Berzinş anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdiriljekdigini aýtdy.

Soňra Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistan bilen Baltika ýurtlarynyň, tutuşlygynda alnanda bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasynda biziň ýurdumyzyň “Demirgazak-Günorta” ulag-aragatnaşyk ugrunyň döredilmegi ýaly halkara düzümleýin taslamalaryny nazara almak bilen ulag ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda sowal berildi. Mälim bolşy ýaly, birnäça gün mundan ozal hormatly Prezidentimiziň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda bu ulag ugrunyň möhüm bölegi bolup durýan “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň türkmen-gazak bölegi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Geljekde bu ulag ugruny “Gündogar-Günbatar” ulag ulgamyna baglanyşdyrmak göz öňünde tutulýar,munuň özi tutuş Ýewraziýa giňişligindäki ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar.

Munuň örän ýakymly täzelikdigini bellemek bilen, Latwiýa Respublikasynyň Pezidenti Latwiýanyň ulag ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Munuň özi biziň maksatnamalarymyza, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň meýilnamalaryna laýyk gelýär diýip, Latwiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar, Baltika we Gara deňiz sebitlerini baglanyşdyrýan ulag ugurlaryny ýola goýmak hakyndaky başlangyçlaryny goldaýandygyny mälim etdi.

Türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň beýleki ileri tutulýan ugurlary hakynda berlen sowala jogap bermek bilen, Prezidenti Andris Berzinş olaryň hatarynda özara gatnaşyklar ulgamynda iki ýurt üçin möhüm bolan bilim we hünärmenleri taýýarlamak ugurlaryny kesgitledi. Häzirki döwrüň talaplary, şol sanda ýokary tehnologiýa önümçiliginiň döredilmegi birnäçe ýokary bilimlere eýe bolan hünärli işgärleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu biziň geljekki durmuşymyzdyr diýip bellemek bilen, Latwiýa Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň we Latwiýanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak arkaly bilim ulgamyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň düýn ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Garaşsyz halkara auditiň netijeleri esasynda tassyklanan ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynda energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatda eýeleýän orny hakynda berlen sowala jogap bermek bilen, Prezident Andris Berzinş biziň ýurdumyzyň bu möhüm wezipeleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak babatda ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady. Şu jähetden Latwiýanyň Baştutany latwiýa tarapynyň energetika pudagynda Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti žurnalistler bilen söhbetdeşligiň barşynda nobatdaky sowala jogap bermek bilen, Türkmenistanyň Riga şäherinde geçirilen dokma, egin-eşikleriň, deri önümleriniň we önümçilik enjamlarynyň “Moda we dokma önümleri, 2013” atly 18-nji halkara sergisine gatnaşmagyny mübärekledi. Ol ýerde türkmen dokmaçylarynyň önümleriniň giň görnüşleri görkezildi. Şunlukda, Latwiýanyň Baştutany bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleri we degişli düzümi hem-de dünýä bazarlarynda ýokary bäsdeşlik ukyby bolan Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň ýokary hile eýedigini belledi.

Prezident Andirs Berzinş gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda medeni alyş-çalşy giňeltmek jähetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan iki ýurduň bezegçileriniň arasynda tejribe alyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda şu gün Latwiýa Respublikasynyň Prezildentiniň Türkmenbaşy şäherine sapary bilen bagly mesele barada gürrüň gozgaldy, şonda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we deňiz portuna barmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, port hojalygyny ösdürmek we gämi gurluşygy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada gürrüň ediler.

Şu mesele barada durup geçip, belent mertebeli myhman şu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we tejribäniň alşylmagyna degişli meseleleriň geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Latwiýa Respublikasyna resmi saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny we şol saparyň barşynda türkmen Lideriniň Riganyň portuna baryp görendigini aýtdy. Şu mesele Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-latwiýa gepleşikleriniň barşynda-da orta atyldy. Bu barada aýtmak bilen, Prezident Andris Berzinş ýakyn geljekde şu ulgamdaky, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň birine öwrülip biljekdigini nygtady. Latwiýanyň Baştutany latwiýaly hyzmatdaşlaryň bu babatda toplan tejribesini we mümkinçiliklerini Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Latwiýanyň Prezidenti Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly kadalaşdyrylmagyna degişli sowala jogap bermek bilen, Türkmenistanyň tutuş halkara bileleşigi üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan şu meseläniň çözülmegine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýa Respublikasynyň Baştutany türkmen tarapynyň şu meseläni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly iş ýüzünde amala aşyrýan ädimleriniň möhüm ähmiýetlidigini nygtady. Şunda Türkmenistanyň Owganystanyň çäginden geçiriljek demir ýoluň we gaz geçirijiniň gurluşygy baradaky başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de munuň bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Prezident Andris Berzinş Türkmenistanyň we Latwiýanyň daşary syýasat boýunça hyzmatdaşlygynyň, şol sanda BMG, ÝHHG ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada sowala jogap bermek bilen, däbe öwrülen bu özara arkalaşykly hereketiň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Latwiýa Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler babatda işjeň orny eýeleýändigini nygtap, ykdysady taýdan örän uly kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegini oňlaýandygyny aýtdy. Latwiýanyň Prezidenti türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyna degişli gürrüňi dowam edip, bilim ulgamyny ýene-de hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Belent mertebeli myhman medeniýet boýunça türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygy baradaky meselä geçip, iki ýurduň şu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini belledi. Türkmenistan we Latwiýa köp asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan hem-de dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan medeni däp-dessurlara eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Andris Berzinş taraplaryň indiki ýylda Türkmenistanyň uly wekiliýetiniň Latwiýa sapary barada ylalaşylandygyny aýdyp, türkmen-latwiýa medeni gatnaşyklarynyň, şol sanda Çeperçilik akademiýalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýagdaýda ösdürilmelidigini belledi. Şunuň ýaly gatnaşyklaryň iki halkyň medeni taýdan özara baýlaşmagyna, birek-birege düşünişilmegine we dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi şübhesizdir.

Latwiýanyň Prezidenti sport, şol sanda sportuň Türkmenistanda meşhurlyga eýe bolan hokkeý ýaly gyşky görnüşleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri baradaky sowala jogap bermek bilen, şu ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Belent mertebeli myhman Aşgabatda bolan mahalynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek sport desgalaryny gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işleri synlandygyny aýtdy. Şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, Prezident Andris Berzinş häzirki wagtda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilýändigini we muňa Latwiýanyň gyzyklanma bildirýändigini hem-de halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleriň döreýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda, Latwiýa Respublikasynyň Prezidentine syýahatçylyk pudagy boýunça türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri baradaky sowal hem berildi. Mälim bolşy ýaly, şu ulgamy ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, muňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Hazaryň türkmen kenar ýakasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny –ähli amatlyklary bolan halkara derejeli şypahanany döretmek boýunça uly möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Latwiýa hem özüniň tutuş dünýäde meşhur syýahatçylyk merkezleri bilen bellidir we şoňa görä-de şu ugur boýunça hyzmatdaşlyk örän wajyp ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti şu mesele barada düýn Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda gyzykly pikir alşylandygyny we şol gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli teklipleriň aýdylandygyny belledi. Latwiýanyň Baştutany şu ugur boýunça anyk ädimleriň ädilmelidigini we toplanan özara peýdaly tejribäniň alşylmagynyň ýola goýulmalydygyny aýdyp, geljekde syýahatçylygyň türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip beljekdigini nygtady.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Latwiýanyň Prezidenti we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary Aşgabadyň halkara howa menziline baryp, şol ýerden Balkan welaýatyna ugradylar.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany welaýatyň ýolbaşçylary, beýleki resmi adamlar mähirli we göwnaçyk ýagdaýda garşyladylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, düýn türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň we latwiýa Respublikasynyň Ýurmala şäheriniň Dumasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk sebitara söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gös-göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegi üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

Ýurmala – Latwiýanyň we Baltika ýurtlarynyň iri şypahana şäheri bolup, syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir, bu ýere syýahatçylar dünýäniň dürli künjeklerinden gelýärler. Hazaryň kenar ýakasynda dynç alyş we halkara syýahatçylygy boýunça ýokary ülňülerden ugur alnyp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilýändigini göz öňünde tutuanyňda, Türkmenistanyň Latwiýa Respublikasynda bu ulgamy ösdürmek boýunça toplanan tejribä gyzyklanma bildirmegi kanuna laýyk ýagdaýdyr.

Galyberse-de, iki döwlet hem geografiki taýdan amatly ýerlerde ýerleşýär, olaryň çäklerinden möhüm ähmiýetli yklymara ugurlar geçýär, bu ýerde ösen düzümleriň bolmagy ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Geçirilen gepleşikleriň barşynda şu ugurdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hususan-da, munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda, has takygy, Hazar we Baltika deňizleriniň portlarynyň arasynda ýükleriň daşalmagyny üpjün edýän halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine degişlidir.

Türkmenistanyň döredýän “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” üstaşyr ulag ulgamynyň, şol sanda deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlarynyň örän uly mümkinçiliklere eýedigini göz öňünde tutup aýdanyňda, Ýewraziýa giňişliginde ulaglaryň gatnawlaryny oňaýlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagy örän amatly bolup biler. “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, dünýäniň –Ýewropanyň, Merkezi we Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň uly bazarlaryna çykylmagyny, şol sanda Baltikanyň deňiz portlaryndan Pars aýlagyna we Hindi ummanyna çenli ýükleriň ykdysady taýdan amatly ýagdaýda daşalmagyny üpjün eder. Hazaryň üsti bilen geçýän Hytaý-Orta Aziýa – Kawkaz-Ýewropa yklymara ugur bilen sepleşmegini göz öňünde tutanyňda, onuň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti has-da artýar.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti howa menzilinden Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portuna bardy we bu ýerden Orta Aziýanyň “Deňiz derwezesiniň” düzümi, ony döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan täzeden üpjün etmegiň barşy we onuň geljekki ösüşi bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň daşary ykdysady aragtnaşyklarynda deňiz arkaly ýük daşalmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hazardaky gämi duralgalarynda gelýän ýükleriň möçberleri ýylsaýyn artýar. Şol ulgam arkaly ýurdumyza senagat we oba hojalyk enjamlary, awtoulag tehnikasy, demir önümleri, agaç materiallary, mineral dökünler getirilýär hem-de daşary ýurtlara polipropilen, koks we beýleki nebit önümleri, himiýa we gurluşyk senagatynyň önümleri iberilýär.

2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda, Hazaryň kenarynda köp maksatly duralgaly hem-de islendik kysymly we ýokary ýük göterijilikli gämileri kabul etmäge ukyply täze deňiz terminallary gurlar. Degişlilikde, üstaşyr geçirilýän ýükleri işläp taýýarlamak we saklamak hem-de eksport-- import bilen bagly amallary ýerine ýetirmek üçin ammarly döwrebap logistik merkez dörediler. Şeýle hem bu ýerde deňiz gämilerini abatlamak boýunça binýat, ýolagçylar üçin deňiz menzili we beýleki desgalar gurlar.

Soňky ýyllarda milli deňiz flotuna nebit guýulýan we her biriniň ýük göterijiligi 7 müň tonna barabar bolan “Hazar”, “Summar”, “Jeýhun” we “Etrek” atly tankerler, şeýle hem nebit we nebit önümlerini, dürli himiki önümleri daşamak üçin niýetlenen “Bitarap”atly tanker gelip goşuldy. Has kämil enjamlar bilen üpjün edilen gämiler Hazaryň türkmen böleginde ýükleri daşamakda ulanylýar, olar Alaja we Ekerem atly türkmen port nokatlaryndan doly arassalanmadyk nebiti kenar şäherçesindäki nebit guýulýan terminala ýetirýärler, şol ýerden bu nebit Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iberilýär. Galyberse-de, tankerler Russiýanyň Mahaçkala şäherine, Eýranyň Enzeli we Neka portlaryna yzygiderli gatnaýarlar.

Ýakyn geljekde Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ygtyýaryna Horwatiýanyň gämi gurujy kärhanalarynda gurlan “Ro-Rax” awtoulag-ýolagçy paromlarynyň ikisi, Russiýadan “derýa-deňiz” kysymly nebit tankerleriniň ýene-de ikisi gelip gowşar.

Deňiz portundan Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhman ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy toplumy bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny ýöretmegi, milli kanunçylygyň halkara kadalaryna laýyk getirilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýyň döredilmegi -- bularyň ählisi daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy muňa anyk mysal bolup biler. Bu ýerde Germaniýanyň, Eýranyň, Ysraýylyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň iri firmalarynyň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döwrebap ýangyç we nebithimiýa desgalary guruldy.

Häzirki wagtda deňziň ýakasyndaky şäheriň nebithimiýaçylary dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň onlarça görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar. Muňa mysal edip, ýokary oktanly, etilleşdirilmedik awtoulag benzinlerini, uçar kerosinini, gidro arassalaýjydan geçen dizel ýangyjyny, nebit koksuny, polipropileni, tehniki çalgy ýaglarynyň giň toplumyny görkezmek bolar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy sebitde suwuklandyrylan gazy köp möçberde eksporta iberiji hasaplanýar. Ony aýawly saklamak we ýükläp ibermek üçin awtomobil, demir ýol we deňiz terminallary guruldy. Şu ugurdaky işler -- özara baglanyşykly tehnologiki desgalaryň ulanylyşynyň ygtybarlylygyny artdyrmak, şeýle hem daşky gurşaw boýunça howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän täze ýokary tehnologik önümçilikleri döretmek bilen bagly işler dowam etdirilýär.

Latwiýanyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolan mahalynda kärhananyň tehniki we tehnologik taýdan üpjün edilişiniň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna degişli birentek ugurlar boýunça öňde barýandygyny, şol toplumyň islendik ykdysadyýetiň öňdebaryjysy hasaplanýandygyny belledi. Jenap Andris Berzinş nebiti gaýtadan işleýän bu uly toplumyň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şol gün Prezident Andris Berziniş we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary latwiýa halkynyň görnükli oglunyň ýagty ýadygärligine hormat goýmak bilen, Latwiýanyň ozalky Prezidenti Karlis Ulmanisiň guburyna gül desselerini goýdular.

Günüň ikinji ýyrmynda Latwiýa Respublikasynyň Baştutany üçin deňziň ýkasynda gurulýan dünýä derejli şypahana bilen tanyşdyryş dabarasy guraldy. Bu dabara “Nebitçi” myhmanhanasynda boldy.

2007-nji ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça badalga berlen bu uly möçberli maýa goýumly taslama syýahatçylyk pudagynyň batly depgin bilen ösdürilmegine güýçli itergi berdi, onda Türkmenistanyň ösüşiniň birnäçe ugurlary birleşdirilip, baý tebigy gorlaryndan, tebigy aýratynlyklaryndan we ýurdumyzyň üstaşyr geçirmek we ulag babatdaky amatly ýaglaýyndan dolulygyna hem-de hemmetaraplaýyn peýdalynyp, şol essada milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak göz öňünde tutuldy.

Geçen döwürde uly işler geçirildi, şonuň netijesinde birwagtlar bu çöllük ülkäniň keşbi düýpgöter özgerdi. Ol döwrebap deňiz şypahanasyna mahsus keşbe we geljekki döwür üçin örän oňaýly mümkinçiliklere eýe boldy. Häzirki wagtda “Watançy”, “Hazyna”, “Nebitçi”, “Kerwen”, “Kuwwat”, “Serdar”, “Arzuw”, “Daýanç”, “Şapak”, “Bereket” ýaly ajaýyp myhmanhanalar we çagalar üçin şypahanalar Hazaryň kenaryny bezeýär, bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredildi.

Şypahana degişli düzümi ösdürmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara howa menzili, awtomobil ýollary, kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýa, deňiz suwuny süýjediji zawod guruldy. Awazanyň çäginde 7 kilometrlik gämi gatnawly derýa bar. Häzirki wagtda onuň kenarlaynda seýilgähli, amfiteatrly, interaktiwli suw çüwdürimli, çaýhanaly we restoranly, deňiz ýahtalary we gezelenç edilýän gämiler üçin duralgaly abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy döredilýär. Bu ýerde baýdarkalarda küreklemek we kanoede, ýelkenli gämilerde sport ýaryşlary guralýar. Pürli we beýleki agaç nahallarynyň onlarça müňüsiniň oturdylan ýeriniň bagy-bossanlyga büreljek wagty indi uzakda däl. Baş meýilnama laýyklykda, syýahatçylyk zolagy üçin 5 müň gektara barabar meýdan bölünip berildi. Şonuň 2 müň gektarynda ajaýyp Milli seýilgäh ýerleşer. Galyberse-de, seýilgähler, gezelenç edilýän ýerler üçin ýene-de 1300 gektra bölünip berildi.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda Hazar sebitinde ekologik, etnografik, sport syýahatçylygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçililerine aýratyn üns berildi. Bu ýerde Garagumyň çägelikleri subtropikleriň gök öwüsýän jülgeleri bilen utgaşyp gidýär. Balkan we Köpetdag palçykly wulkanlaryň we gyzgyn suwly çeşmeleriň ýanynda ýerleşýär. Bejeriji mineral çeşmeler hem az däl. Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň—Balkanabat şäheriniň golaýynda täsin galdyrýan “Mollagara” şypahanasy hereket edýär, ony kähalatda Ýakyn Gündogardaky meşhur Asuda deňzi bilen deňeşdirýärler. Geçen ýylda Mollagarada halkara ülňülerne laýyk gelýän şypahanalar toplumy açyldy.

Deňiz aýlaglary we Hazaryň günorta-gündogar kenar ýakasyndaky suwly-batgalyk ýerler halkara Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi. Güýzüne ýüz müňlerçe ördekler, guwlar, gyzylinjikler we beýleki guşlar Hazaryň döwlet goraghanasynyň çäklerinde gyşlamaga galýarlar. Hut şunuň özi Hazaryň türkmen böleginiň ekologiýa taýdan abadançylygyny aýdyň görkezýän ýagdaýdyr.

Häzirki wagtda Awazada täze desgalaryň 25-e golaýy gurulýar, şolardan 16-sy ýakyn wagtda ulanmaga berler. Olaryň arasynda kaşaň 12 gatly myhmanhanalar, 5 gatly sagaldyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin oňaýly şertli kottežleriň toplumlary, şeýle hem ýaht-klub bar. Bular ýurdumyzyň ençeme ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Mejlisiň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň buýurmalary boýunça gurulýar. Hazaryň kenarynda myhmanhanalardan we dynç alyş öýlerinden başga-da, dürli sport desgalaryyň, akwaparklaryň, medeni-dynç alyş, söwda we işewürlik toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň arasynda Kongres-holl bar, bu ýerde halkara maslahatlary geçiriler, daşary ýurt kompaniýalarynyň edara jaýlary ýerleşer.

Ýeri gelende aýtsak, “Awaza” eýýäm Hazar sebitiniň iri işewürlik we medeni merkeziniň derejesine eýe boldy. Bu ýerde ýokary derejädäki duşuşyklar, halkara maslahatlary, festiwallar we beýlei çäreler geçirilýär. Şu ýylyň iýulynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligi guralar. Bu waka diňe bir milli medeniýetiň baýramçlygy bolmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň syýahatçylyk babatdaky mümkiçiliklerini hem äşgär eder. Galyberser-e, 2013-nji ýylyň sentýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Halkara syýahatçylyk kongresini geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa dürli ýurtlaryň öňdebaryjy milli syýahatçylyk agentlikleri, iri maýadarlar we daşary ýurt telekeçiliginiň wekilleri gatnaşarlar.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda latwiýaly myhmanlar Türkmenistanyň maýa goýumlary babatdaky syýasatynyň aýratynlyklary hem-de hereket edýän milli kanunçylyk bilen tanyşdyryldy, hususan-da, şunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda işleýän maýadarlar, firmalar we kompaniýalar üçin salgyt, gümrük, wiza boýunça we başga-da birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Tanyşdyryş dabarasy Latwiýanyň wekiliýetniň agzalarynda uly gyzyklana döretdi. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlyk etmeginde durmuşa geçirilýän bu uly möçberli taslama ýokary baha berip, onyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny we geljegine uly umyt baglanýandygny bellediler.

Prezident Andris Berziniş Awaza derýasynda gämili gezelenç edip, deňiz şypahanasynyň ajaýyp künjeklerini synlady.

Şol gün Latwaýanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden öz Watanyna ugrady.