Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine Türkmenistan –Ýewropa Bileleşigi ulgamy boýunça adam hukuklary ulgamyndaky oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.
gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Ýewropa Bileleşiginiň wekilçilikli topary geldi. Onuň hatarynda daşary aragatnaşyklaryň Ýewropa gullugynyň adam hukuklary meseleleri boýunça bölümiň ýolbaşçysy hanym Elizabet Tison, şu gullugyň işgärleri hanym Perkauskiýen Adrone we hanym Aksel Nikez, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň geňeşçisi hanym Şafiga Mumin bar. Şeýle hem duşuşyga ÝB-niň Türkmenistandaky Kontakt býurosynyň ýolbaşçysy hanym Rozariýa Pulizi gatnaşdy. Türkmen tarapyndan duşuşyga biziň ýurdumyzyň Mejlisiniň, Daşary işler minitsrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli intsitutynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Biziň ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň durmuşyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere haýran galýandyklaryny bellemek bilen, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri özara gyzyklanmalara jogap bolup durýan we birnäçe möhüm ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.Myhmanlaryň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary Ýewropa Bileleşiginiň syýasy we işewür toparlarynyň arasynda giň ykrarnama we uly abraýa eýe boldy diýip, wekiliýetiň agzalary aýtdylar.
Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda bellenilişi ýaly, adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Abraýly halkara guramalarynyň kesgitlän resminamalaryna laýyklykda, öz borçnamalaryna anyk eýermek arkaly, Türkmenistan öz kanunçylygyny we bu ulgamdaky tejribelerini adam hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmäge degişli umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna we düzgünnamalaryna utgaşdyrýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen hünärmenleri halkara guramalary we hukuk ulgamyndaky daşary ýurtly bilermenler, şol sanda ÝB-niň wekilleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini bellediler. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Onuň çäklerinde biziň ýurdumyzda halkara bilermenleriň gatnaşmagynda birnäçe bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar ýerine ýetirildi, köp sanly duşuşyklar, maslahatlar guraldy. Duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassykladylar.