Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň gününiň hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy.
17-nji maýda BMG-niň Baş Assableýasynyň 67-nji maslahatynyň 82-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy hem-de Milletler Bilelelişiginiň agzasy bolan döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminama energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna turbageçirijileri we beýleki ulgamlary peýdalanmak bilen ygtybarly geçirmegi üpjün etmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Dünýäniň 71 ýurdunyň bu halkara resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etmegi onuň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen bu Rezolýusiýa aslyýetinde BMG-niň Halkara bilermenler toparyny döretmek we onuň işlemegi üçin esasy bolup hyzmat edýär. Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara – hukuk usulyny işläp düzmek onuň esasy maksady bolar.
BMG-niň bu düzümini döretmek hakynda teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji maslahatynyň gün tertibine türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şonda bu abraýly guramanyň çäklerinde Energetika geňeşini döretmek baradaky meseläni şu günki günüň beýleki möhüm wezipeleriniň hatarynda goýdy.
Türkmenistan energiýa serişdelerini iberýän hem-de dünýäde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde halkara derejsinde energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly we ygtybarly ulgamlaryny döretmek, dünýäniň energetika bazarlarynda özara gatnaşyklaryň çyzgylaryny we nusgalaryny işläp düzmek ugrunda çykyş edýär.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda biziň ýurdumyz “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakynda Rezolýusiýanyň başyny başlady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji maslahatynyň biragyzdan kabul edilen bu möhüm resminama energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmegiň halkara hukuk binýadyny döretmek boýunça dünýä bileleşiginiň işiniň başlangyjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtynda energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek babatda iri halkara maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi.
*Olaryň hatarynda "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" atly ýokary derejeli halkara maslahaty bar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda döredilen we BMG-niň howandarlygynda geçirilen ol maslahat giň dünýä jemgyýetçiliginde ägirt uly gyzyklanma döredip, öz möçberi we ähmiýeti taýdan hakykatda taryhy, deňi-taýy bolmadyk halkara syýasy senenamanyň wakasyna öwrüldi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynda Rezolýusiýanyň tanyşdyrylyşynyň barşynda energetikanyň köptaraplaýyn elýeterli bolmagynyň üpjün edilmeginiň işçi orunlarynyň döredilmegi, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, howanyň üýtgäp durmagyna, azyk üpjünçiligine gözegçiligi we döwletleriň ykdysadyýetleriniň pugtalanmagy üçin esas bolup durýandygy bellenildi. Binýatlaýyn energiýa serişdelerine elýeterliligiň üpjün edilmegi bolsa ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda energiýany ygtybarly üstaşyr geçirmekden ybarat bolup durýar.
Halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini durnukly ýetirmegi üpjün etmekde ulag çatryklarynyň artýan ornuny nygtamak bilen, Baş Assambleýanyň delegatlary Rezolýusiýanyň maksatlarynyň BMG-niň Baş sekretarynyň “Hemmeler üçin durnukly energetika” başlangyjy bilen gabat gelýändigini bellediler.
Mundan başga-da mejlisde Türkmenistanyň hökümetiniň 2014-nji ýylyň başynda hünärmenleri toparynyň halkara maslahatyny çagyrmak baradaky teklibi goldanyldy.
-niň Baş sekretary Rezolýusiýa laýyklykda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegine degişli meseleler, şeýle hem bu pudakda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkin bolan beýleki görnüşlerine degişli meseleler boýunça sebitleýin komissiýasyny goşmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we oňa agza döwletleriň pikirlerini sorar hem-de şol pikirleri mundan beýläk 69-njy maslahatda garamak üçin sekretariatyň umumylaşdyrylan hasabaty görnüşinde Baş Assambleýa ugradar.
Dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyga gönükdirilip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň nobatdaky gezek ünsüni çekip, çuňňur gyzyklanma döredýär. Türkmen Lideriniň sebit derejesinde bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem döwrüň möhüm meseleleri boýunça yzygiderli öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary we teklipleri türkmen döwletiniň Baştutanyna belent abraý getirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ygtybarly ösüşiň pugtalanmagy ugrundaky işlere saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edilendir.
Döwrüň möhüm meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp düzmekde işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan bu ugurlarda özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatyny bütin adamzada hyzmat etmäge goýmaga, BMG tarapyndan yglan edilen müňýyllygyň Düýpli Maksatlaryna ýetilmegiň gazanylmagyna ählitaraplaýyn ýardam etmäge ymtylýan anyk ädimler ädýär.