Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

view-icon 650
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respubikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežadyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki dostlukly goňşy döwletiň baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk gadym döwürlerden bäri ruhy we taryhy umumylyk bilen bagly bolan türkmen we eýran halklarynyň bähbitlerine gabat gelýär.

Prezident Mahmud Ahmadinežad pursatdan peýdalanyp, öz türkmen kärdeşini düýn bellenip geçilen goşa baýram--Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde eýranly kärdeşine Eýran Yslam Respubikasynyň Gülüstan welaýatynda Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu wekiliýet ýola goýlan asylly däbe görä beýik türkmen nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarat etdi. Bu asylly çäre taraplaryň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge we has-da ösdürmäge, türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmäge berýän ägirt uly ähmiýetiniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Iki ýurduň halklarynyň mizemez dostluk we deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny bellemek bilen, söhbetdeşler edilýän tagallalar netijesinde soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly iterginiň berlendigini kanagatlanmak bilen bellediler. Bu öz gezeginde özara gatnaşyklary täze, umumy bähbitlere gabat gelýän derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny, söwda-ykdysady ulgamyny, gurluşyk pudagyny, ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegini we beýleki ugurlary görkezdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Eýranyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw etdiler hem-de olary asyrlarboýy baglanyşdyrýan dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.