Şu gün türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri: Hukuk döwletini gurmagyň milli tejribesi” atly Halkara ylmy-amaly maslahaty uly üstünlik bilen geçdi. Ol Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyryýet gününe bagyşlanyp geçirilen esasy wakalaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi we beýleki iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 21 ýyllygynyň hormatyna guralan wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin milli parlamentiň deputatlary, hökümetiň agzalary, hormatly ýaşulular, biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň, birnäçe daşary ýurtlaryň parlamentleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem alymlar, syýasatçynaslar, jemgyýetçilik işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary çagyryldy. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjy, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň wekilliginiň baştutany Deýan Keserowiç, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrins, Ýewropa Parlamentinde Rumyniýanyň wekili Nikolaý Norika, Ýewropa Parlamentinde Bolgariýanyň wekili Metin Kazak we beýlekiler bar.
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň maslahatlar zalynda geçirilen ylmy-amaly maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öňürti, bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Türkmen döwletiniň Baştutany öz gutlagynda, biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, şol sanda hukuk özgertmeleriniň baş maksady bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýanyny tapan “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr” diýen ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gönükdirilýändigine aýratyn ünsi jemleýär. Şol bir wagtda-da milli Liderimiz Türkmenistanda yglan edilen syýasy ugruň ynsan gymmatlygyna, adamyň we raýatyň hukuklary babatdaky milli kanunçylygyň we halkara hukukynyň kadalaryna esaslanýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetde, syýasatda, jemgyýetçilik durmuşyň ähli ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň esasynda türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň parasatly pikirlerini we arzuwlaryny hasyl eden, biziň Esasy Kanunymyz – Türkmenistanyň Konstitusiýasy durandyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
“Esasy Kanunyň kabul edilmegi biziň taryhymyzda täze sahypany açdy, demokratiýa, ýokary derejede ösen ykdysadyýeti, durmuş goraglylygynyň netijeli ulgamy, özboluşly milli medeniýeti, oňyn hem-de parahatçylygy üpjün ediji daşary syýasaty bilen güýçli hukuk döwletini gurmagyň ynamly ýoluna gadam basan Türkmenistanda halk häkimiýetiniň gymmatlyklarynyň berkarar edilmegine kuwwatly itergi berdi” diýip, nygtamak bilen milli Liderimiz ýurdumyzda indi ikinji gezek geçirilýän wekilçilikli maslahatyň bütin dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän Türkmenistanyň Garaşsyz, özygtyýarly döwlet hökmünde onuň syýasy we döwlet gurluşynyň tejribesine baha bermekde ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyny ynam bildirdi.
Röwşen bahar baýramçylygynyň – milli senenamamyzda mynasyp orun tutýan Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyryýet gününiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, çykyş edenler häzirki wagtda her bir türkmenistanlynyň diňe bir milli buýsanjy bolman, eýsem döwletliligiň, halkyň agzybirliginiň we jebisliginiň, milli galkynyşynyň beýik nyşany hökmünde öňe çykýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň -- taryhy, hakykatda bahasyz möhüm senäni ebedileşdirendigi barada bir pikiri beýan etdiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, 1992-nji ýylyň 18-nji maýy milli taryhyň täze eýýämynyň başlanandygyny aňladyp, türkmen halkynyň demokratik, hukuk, dünýewi döwlet gurmagyň ýolunda möhüm we aýgytly ädim ädendigini alamatlandyrýar.
Maslahatyň çäklerinde beýan edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny kesgitleýän 20 ýyl gowrak mundan ozal kabul edilen Esasy Kanun häzirki hereket edýän milli kanunçylygyň esasyna öwrüldi. Onuň esasy düzgünlerinde we ýörelgelerinde halkyň döwlet gurmakdaky nesilden-nesle geçirip gelýän in oňat ynsanperwer däplerini hem-de mizemez umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän köpýyllyk tejribesi şöhlelenýär. Nygtalyşy ýaly, bu günki gün Türkmenistanyň Esasy Kanuny ählumumy parahatçylygyň we düýpli ösüşleriň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açyk bolan döwlet institutlarynyň mundan beýläk demokratiýalaşdyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetliliginiň ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagyna, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine we ösmegine, ýurduň gyşarnyksyz döwrebaplaşdyrylmagyna we gülläp ösdürilmegine gönükdirilendir.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, häzirki zaman jemgyýetinde raýat parahatçylygynyň we milli ylalaşygyň, diýmek, özbaşdak Türkmen döwletiniň halkynyň bagtly hem-de eşretli durmuşynyň kepili hökmünde çykyş edýän Konstitusiýa geçen ýyllaryň içinde döwrüň we umumy kabul edilen halkara hukugynyň kadalarynyň bildirýän talaplaryny hasaba almak arkaly ýurt üçin örän möhüm bolan taryhy wakalary özünde şöhlelendirip, üznüksiz kämilleşdirildi. Ine, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 1-nji bölümi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanan we ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini tassyklady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň esasyny düzýän baş hukuk resminamasynda berkidilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan biziň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.
2008-nji ýylda Konstitusiýanyň täze redaksiýasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen, çykyş edenler, şol sanda daşary ýurtly myhmanlar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we türkmenistanlylaryň köpsanly teklipleri boýunça Esasy Kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepiline, milli Liderimiziň gönüden göni ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtly hem-de rahat durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň pugta esasyna öwrülip, demokratik gazanylanlaryň hem-de halk häkimiýetliliginiň esaslarynyň mizemezligini has-da berkidendgini belläp geçdiler.
Hemme çykyşlaryň esasynda täze taryhy eýýamyň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlarynyň we pikirleriniň töweregine türkmen halkynyň bu günki gün barha mäkäm jebisleşmek bilen öz ata-babalarynyň belent ruhy däplerini ygrarlylyk bilen saklap galmaga, türkmen edebiýatynyň beýik nusguwy şahyry Magtymguly Pyragynyň özüniň öçmez-ýitmez şygyrlarynda agzybirlikde, parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak hakdaky arzuwyna wepalydygy baradaky pikir eriş-argaç bolup geçdi. Hut bu beýik akyldar şahyryň, mukaddes topragyň hakyky watançysynyň, Gündogaryň ykrar edilen filosofynyň we öňdengörüjisiniň döredijilik mirasy türkmen halky üçin baş ruhy çelgä, milli döwletliligi, hakyky erkinligi we garaşsyzlygy gazanmak ugrunda baky şamçyraga öwrüldi. Şoňa görä-de beýik Pyragynyň ylahy zehinine şu günki maý günlerinde diňe bir onuň taryhy watanynda däl, eýsem-de dünýäniň köpsanly beýleki ýurtlarynda-da çuňňur hormat we sarpa goýulýar.
Özünde iki sany şöhratly senäni – ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän goşa baýramçylygyň özboluşly manysyny nygtap, maslahata gatnaşyjylar 18-nji maýyň türkmenleriň köp nesilleriniň özleriniň erkin we kuwwatly döwlet, milletiň agzybirlgi we jebisligi barada amala aşan arzuwynyň beýanyna öwürlendigini, bular barada bolsa ýüzýyllyklar mundan ozal, türkmen halkynyň beýik oglunyň öz şygyrlarynda çagyrandygyny, şol halkyň belent ynsanperwer garaýyşlara, parahatçylyk, abadançylyk we döredijilik baradaky pikirlere hemme döwürlerde-de gyşarnyksyz ygrarlydygyny bellediler. Biziň häzirki döwrümizde-de dünýä möçberindäki uly zehin bolan Magtymgulynyň ruhy wesýetleriniň hem-de çagyryşlarynyň öz ähmiýetini ýitirmeýänligi ýöne ýerden däldir – olar henizem häzirki nesiller üçin ýakyndyr we düşnüklidir, çünki täze taryhy eýýamyň – uly ýagty geljegiň täze belentliklerine çagyrýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýörelgelerine gabat gelýär.
Forumy guraýjylaryň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň eýwanynda ýerleşdirilen ýörite taýýarlan sergisi nesilleriň dowamatyny, geçmişiň we şu güniň özara baglanyşygyny aýdyň beýan etdi.
Halkara maslahatyna gatnaşyjylar we onuň myhanlary Türkmenistanyň baş milli muzeýiniň gaznasyndaky gymmatlyklar görkezilen türkmen halkynyň baý medeni we ruhy mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan, Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň ýerlerinde geçirilen gazuw-agtaryşlary mahaly tapylan gyzylymtyl goňur reňkli toýundan bişirilen önümden edilen täsin şekiljikler, amaly-haşam sungatynyň önümleri, altyn-kümüş bezegleri, halylar, türkmen durmuşyna mahsus bolan zatlar we beýlekiler bu gymmatlyklary synlanlarda täsir galdyrdy. Türkmen suratkeşleri tarapyndan dürli ýyllarda döredilen we häzirki wagtda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýan ajaýyp žiwopis eserleri bu gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy öz gezeginde forumyň myhmanlaryna poligrafiki önümleri – kitaplary, kitapçalary, bezegli žurnallary, sowgatlyk önümlerini, ýol görkezijileri, diwarlyklary hem-de ak mermerli Aşgabadyň görnüşleri beýan edilen otkrytkalary hödürledi. Daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň köpsanly dürli dillerine terjime edilmegi netijesinde Zeminiň ähli künjeklerinde giň meşhurlyga eýe bolan ylmy işleriniň neşirleri, şeýle hem beýik Magtymgulynyň şygyrlarynyň ýygyndylary aýratyn özüne çekdi.
Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi bölümleriň dördüsinde dowam etdirildi. Olar Türkmenistanyň Mejlisinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Adalat ministrliginde dowam etdirildi. Bölüm maslahatlarynda gozgalan meseleleri olaryň atlary hem aýdyňlaşdyrýar: “Konstitusionalizmiň ösüşiniň taryhy nukdaýnazarlary”, “Milli hukuk ugurlarynyň ösüşiniň konstitusion esaslary we ýörelgeleri”, “Türkmenistanyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty halkara gatnaşyklaryň ösüşiniň faktory hökmünde” hem-de “Türkmenistanyň Konstitusiýasy – adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepilidir”.
Duşuşyga gatnaşyjylarda milli demokratiýanyň taryhy köklerine, gadymiýetde döwleti dolandyrmagyň tejribesine, beýik Magtymgulynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde döwletliligiň hem-de Garaşsyzlygyň pikirlerine, Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň meselelerine, dürli pudaklarda döwrebap milli kanunçylygyna, şeýle hem Türkmenistanyň aýry-aýry daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryna bagyşlanan çykyşlar aýratyn gyzyklanma döretdi.
Forum tamamlanansoň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.