Energetika howpsuzlygynyň taslamasy: uly ýoluň senenamasy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynyň nobatdaky umumy mejlisinde 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda kabul edilen BMG-niň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly BMG-niň Rezolýusiýasy dünýäniň syýasy, işewür we jemgyýetçilik toparlarynda uly seslenme döreden halkara durmuşynyň örän ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.
Bu möhüm resminamany Milletler Bileleşiginiň agzalary bolan döwletleriň ählisi biragyzdan makullady. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygynyň şu günki günüň anyk ýagdaýlaryna we döwrüň talabyna laýyk gelýän täze global binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigine şaýatlyk edýär.
Bu Rezolýusiýa ähli gyzyklanýan döwletleriň we abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagy bilen BMG-niň howandarlygyndaky Sebitara energetika gatnaşyklarynyň hakykatda başyny başlady. Onuň bilelikdäki awtorlary bolup 70-den gowrak ýurt çykyş etdi, munuň zerurdygy hakyndaky taglymy milli Liderimiz tutanýerlilik bilen öňe sürdi we öňe sürýär. Öz nobatynda munuň özi giň möçberli energetika hyzmatdaşlygynyň dürli taraplaryny gurşap alýan toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasyny taýýarlajak halkara bilermenler toparyny döretmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.
Hereket edýän düzgün boýunça BMG-niň Baş sekretary kabul edilen dünýä bileleşigi üçin möhüm Rezolýusiýa laýyklykda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegine degişli meseleler, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň mümkin bolan beýleki görnüşlerine degişli meseleler boýunça sebitleýin komissiýasyny goşmak bilen Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we oňa agza döwletleriň pikirlerini sorar. Soňra şol pikirleri Sekretariatyň hasabaty görnüşinde Baş Assambleýanyň 69-njy sessiýasynda garamak üçin ugradar.
Mundan başga hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu mejlisinde 2014-nji ýylyň başynda bilermenleriň türkmen paýtagtynda 2009-njy ýylyň aprelinde bolan ýokary derejedäki "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" atly maslahatyň çözgütlerini ýerine ýetirmäge bagyşlanan halkara maslahatyny çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi goldanyldy.
BMG-niň Täzelikler merkezi tarapyndan ýaýradylan resmi habarda energiýa serişdelerine giňden aralaşmagy üpjün etmegiň iş orunlaryny döretmek, howpsuzlygy, howanyň ütgemegine gözegçiligi, azyk üpjünçiligini üpjün etmek üçin we ahyr soňynda döwletleriň ykdysadyýetini pugtalandyrmak üçin esas bolup durýandygy aýratyn nygtalyp geçilýär. Energiýany ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň arasynda netijeli we ygtybarly daşamak munuň üçin örän göwnejaý usul bolup hyzmat edýär.
Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna durnukly ibermegi üpjün etmekde üstaşyr geçirmegiň we ulag uzelleriniň orny hem-de ähmiýeti artýar, tutuşlygyna alnanda, Baş Assambleýanyň delegatlarynyň belleýşi ýaly, Rezolýusiýanyň maksatlary BMG-niň Baş sekretarynyň “Hemmeler üçin durnukly energetika” atly başlangyjyna çalymdaşdyr.
Şeýlelikde, häzirki wagtda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna ählumumy abadançylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň kesgitleýji şertleriniň biri hökmünde garalýar. Şundan ugur almak bilen soňky ýyllaryň dowamynda dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygynyň meselelerine çekmek bilen belli bir maksada gönükdirilen halkara işini alyp barýar.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu resminamanyň taslamasy hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji sessiýasynyň gün tertibine girizildi. Dünýäniň 192 döwleti tarapyndan biragyzdan kabul edilen Rezolýusiýanyň bilelikdäki awtorlary bolup 60-a golaý ýurt çykyş etdi. Olaryň hatarynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolan 5 döwlet, hususan-da, ABŞ, Russiýa Federasiýasy, HHR, Beýik Britaniýa we Fransiýa, şeýle hem Awstriýa, Ermenistan, Belarus, Germaniýa, Eýran, Moldowa, Ukraina, Orta Aziýa ýurtlary we beýlekiler bar.
2008-nji ýylda we 2013-nji ýylda şu sessiýada kabul edilen Rezolýusiýanyň adynyň barabarlygynyň täze resminamanyň hut öňkini ösdürmek üçin kabul edilendigine şaýatlyk edýär. Şu ýagdaýda dünýä bileleşiginiň tapgyrma-tapgyr, iň esasy bolsa esasy taglyma gyşarnyksyz eýermek bilen şeýle uly möçberli möhüm taslamany durmuşa geçirmegi maksat edinýändigi hem aňladylýar.
wakalaryň senenamasyna gaýdyp gelmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji, 65-nji we 66-njy sessiýalarynyň garamagyna girizilen soňraky teklipleri 2008-nji ýylda öňe sürlen başlangyçlaryň logiki dowamy bolandygyny ýatlap geçmeli. Ozal bellenip geçilişi ýaly, ähli gyzyklanýan döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň we degişlilikde energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirýän ýurtlaryň we sarp edijileriň hukuklaryny we borçlaryny aýdyň düzgünleşdirýän netijeli hukuk usullaryny kemala getirjek halkara bilermenler toparlarynyň gatnaşmagy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Sebitara energetika gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda gürrüň barýar.
Ähli döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşi häzirki wagtda energiýa serişdelerine we ilkinji nobatda nebite we gaza esaslanýar. Ýöne hemme döwletler ýangyç serişdelerine eýe däldir. Munuň özi belli bir derejede energetika babatda döwletara hyzmatdaşlygynyň hasabyna halkara ykdysady gatnaşyklaryny, sebitleýin we sebitara goşulyşmagy höweslendirýär. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň aýry-aýry sebitlerinde syýasy taýdan durnuksyzlyk, umumylykda ykrar edilen düzgünleşdiriji halkara-hukuk usullarynyň bolmazlygy, energetika düzümleriniň kämil däldigi, turbageçirijiler ugurlarynyň çäginiň birtaraplaýynlygy-bularyň hemmesi halkara energiýa serişdelerini ibermegiň häzirki ulgamynyň global ykdysadyýetiň iň gowşak düzümleriniň biri bolmagyna getirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa ulgamynda dartgynly ýagdaýlary duýdurmak we netijeli çözmek üçin häzirki zaman diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy hakynda söz açyp, ýeke-täk köpugurly düzüm hökmünde BMG-niň ornuny aýratyn belleýär, şonuň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek meseleleri boýunça giň halkara ylalaşygyny gazanmak bolar.
Türkmenistanyň teklibine laýyklykda, halkara bilermenler topary öz işini üç sany esasy ugurda jemlemelidir.
Birinjiden, munuň özi energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmegi üpjün etmek babatda hukuk esaslarynyň kabul edilmegidir. Köptaraply, toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasy, mysal üçin, BMG-niň energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň kepillendirmeleri hakyndaky Şertnamasy hakynda gürrüň barýar.
Ikinjiden, energiýa serişdelerini daşamak meseleleri boýunça halkara hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan täze düzümleýin esasy kemala getirmek gerek.
Üçünjiden, täze maglumatlar esasyny döretmek zerurdyr, ol energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermek babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmäge ýardam berer.
Geljekde BMG-niň Energetika geňeşi bu ulgamda syýasy çözgütleriň kabul edilmegine jogapkär esasy utgaşdyryjy edara bolmalydyr, onuň esasy wezipesi “Energetika meseleleriniň tutuş toplumyny ulgamlaýyn, hünärli ara alyp maslahatlaşmak üçin syýasy görnüşi we guramaçylyk şertlerini” üpjün etmekden ybaratdyr. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň köpüsiniň öz wagtynda belläp geçişi ýaly, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu teklibiniň global ähmiýeti bardyr we onuň durmuşa geçirilmegi dünýäniň energetika giňişliginde özara gatnaşyklaryň tutuş ulgamyny düýpli üýtgetmäge ukyplydyr.
Türkmen tarapyndan energetika meselesi, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze, üçünji müňýyllygyň anyk ýagdaýlaryna laýyk gelýän halkara hukuk binýadyny kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler BMG-niň Bas Assambleýasyndan başga-da, beýleki iri halkara maslahatlarynda we ýokary derejedäki duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylmagyna ençeme gezek girizildi.
Mysal üçin, 2009-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly ýokary derejedäki halkara maslahaty boldy. BMG-niň howandarlygynda geçirilen maslahata resmi daşary ýurt wekiliýetleriniň onlarçasy, iri halkara guramalarynyň—BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, Energetika Hartiýasynyň, ŞHG-niň, EKO-nyň ýolbaşçylary, hökümetleriň, daşary ykdysady we energetika edaralarynyň baştutanlary, meşhur dünýä maliýe hem-de nebitgaz kompaniýalarynyň ýüzden gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda häzirki wagtda energiýa serişdelerini halkara derejesinde ygtybarly we durnukly ibermegi üpjün etmek meseleleri hakyky ýiti mesele bolup durýan dünýä maliýe-ykdysady çökgünliligi we beýleki wakalar bilen baglanyşykly ýurtlaryň köpüsiniň bähbitlerini gönüden-göni gozgaýan giň möçberli gün tertibiniň öň hataryna çykdy diýip nygtady. Döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşine, adamlaryň durmuşynyň derejesine we hiline gönüden-göni täsir edýän energiýa serişdelerine aralaşmaga ol ýa-da beýleki derejede bagly bolmadyk durmuşyň ugruny tapmak kyndyr.
XXI asyrda giň möçberli ösüşiniň meýillerini, täze dünýä ykdysady merkezleriniň ýüze çykmagyny we degişlilikde energiýa serişdelerini, esasan nebiti we gazy sarp etmegiň mundan beýläk-de gyşarnyksyz artmagyny nazara almak bilen, dünýädäki umumy ýagdaýy, halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetini we ugruny kesgitlemek bilen halkara bazarlaryna ýangyç serişdelerini ibermegiň geljekde hem birinji derejeli ähmiýetiniň boljakdygyny ynam bilen tassyklamak mümkindir diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygy astynda energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesini halkara derejesinde giňden ara alyp maslahatlaşmak başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna ýüz tutan Türkmenistan şoňa gollanýar.
Şunda haýsydyr bir öňüni alyş çärelerini görmek, ýangyjy ibermegiň aýry-aýry taraplary boýunça çäkli ylalaşyklar hakynda däl-de, eýsem bähbitleriň köptaraply sazlaşygyna, energetika howpsuzlygynyň giň möçberli binýadyna bolan garaýyşlaryň gabat gelmegine, uzakmöhletli peýda almaga we hyzmatdaşlygyň artykmaçlygyna düşünmäge esaslanan dünýä energetika giňişliginde gatnaşyklaryň düýbünden täze köpugurly nusgasyny döretmek hakynda gürrüň barýar.
2008-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ştab-kwartirasy ýerleşen Aşgabat özünde sebitleýin merkeziň derejesini resmi taýdan berkitdi, şonda gepleşikleri geçirmek arkaly çylşyrymly syýasy meseleler çözülýär. Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygynyň parahatçylygy üpjün ediji ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, türkmen paýtagtynyň giň möçberli energetika howpsuzlygy babatda özara gatnaşyklaryň meselesini hem utgaşdyrjakdygyny bu energetiki maslahat görkezdi, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi baradaky pikiri aýtdylar.
Türkmenistan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, ÝHHG-niň giňişliginde bütin dünýä derejesinde ösüşe düýpli täsir etjek köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň agzalary bolan ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň dekabrynda Gazagystanyň paýtagty Astanada bolan 7-nji sammitinde çykyş etmek bilen, energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygynyň döwrebap nusgasyny işläp taýýarlamagy häzirki tapgyrda bu guramanyň öňünde duran möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Guramanyň agzalarynyň köpüsiniň derwaýys durmuş bähbitlerini gozgaýan hem-de dünýäde geostrategiki ýagdaýyň durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýän bu meseläniň gürrüňsiz suratda möhümdgi hakynda söz açyp, türkmen döwletiniň Baştutany ÝHHG-niň çäklerinde energetika gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, köp görnüşli turbageçiriji düzümleri gurmagyň hem-de ulanmagyň syýasy, maliýe-ykdysady, tehnologiýa, ekologiýa taraplary boýunça köptaraplaýyn maslahatlaşmalaryň usullaryny beýan etmegiň maksadalaýykdygyny belledi.
“Bu ulgamda häzirki anyk ýagdaýlara akyl ýetirmegiň täze derejesine çykmak, energiýa serişdelerini ibermek meselelerini syýasylaşdyrmakdan boýun gaçyrmak, ak ýürekli, deňhukukly we açyk hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurdyr. Bu babatda ÝHHG-niň has täsirli ornuna bil baglamaly” diýip, Aşgabatda bu guramanyň energetiki edaralarynyň baştutanlarynyň energetika howpsuzlygy meselesine bagyşlanan ýörite duşuşygyny geçirmek baradaky pikiri öňe süren Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly giň hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Türkmenistan – GDA hyzmatdaşlygy hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär,şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze depgine we many-mazmuna eýe boldy.
Biziň ýurdumyz 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlygy bolmak bilen, şu döwürde hyzmatdaşlygyň giňişliginde açyk hem-de deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny we ähli ugurlar boýunça, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine başlangyç görkezip çemeleşýändigini iş ýüzünde subut etdi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň 2012-nji ýylyň 30-njy maýynda Aşgabatda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti häzirki howpsuz dünýäni gurmagyň syýasy gurşawynda möhüm, zerur halka hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine ýene-de ünsi çekdi.
Lideri energetikany bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde belläp, özleriniň serişdeler babatda mümkinçilikleri we geografiki ýagdaýy mynasybetli, hakykatda GDA ýurtlarynyň ählisiniň energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna anyk ýa bolmasa mümkin bolan gatnaşyjylar bolup durýandygyny nygtady. Bu babatda hemmeler öz energetiki kuwwatlyklarynyň we üstaşyr geçirmek mümkinilikleriniň doly derejede ulanylmagyna gyzyklanýarlar.
“Biz bu ulgamda işleriň ýagdaýyny jikme-jik we oýlanyşykly seljermelidiris, Arkalaşygyň giňişlginde halkara taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üsti bilen giň möçberli energetika ulgamyna anyk ýagdaýda goşulyşmak boýunça öz mümkinçiliklerimize baha bermelidiris” diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa serişdelerini daşamak, olary ibermegiň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlarynda GDA döwletleriniň işiniň açyk we aýdyň ýörelgelerini işläp taýýarlamak meseleleri boýunça işjeň gatnaşyklara biziň ýurdumyzyň taýýardygyny nygtap, BMG-da bu ugurda toparlaýyn çäreleri güýçlendirjek anyk teklipleri ösdürmek üçin umumy tagallalary birleşdirmek baradaky pikiri aýtdy.
Bu meseläni dowam etdirmek bilen, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) agzalary bolan döwletler bilen, şeýle hem Şanhaý Hzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýaly hemişelik hereket edýän Hökümetara düzümleri bilen netijeli, dostluk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýändigini aýdyp geçmeli, olar tarapyndan Türkmenistan öz oňyn daşary syýasat başlangyçlarynda yzygiderli goldaw tapýar.
Mysal üçin, 2009-njy ýylyň 11-nji martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) agzalary bolan ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Tähranda bolan 10-njy ýubileý sammitinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda – ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge degişli meseleleriň giň topary maslahatyň gün tertibine girizildi. Dünýä maliýe çökgünliliginiň meseleleri we onuň EKO sebitine täsiri Tähran duşuşygynyň esasy meseleleriniň biri boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKO-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi barada Türkmenistanyň garaýşyny beýan edip, häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny, dünýä ykdysadyýetindäki meýilleri, sebitleýin ýagdaýlaryň aýratynlyklaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlyga täzeçe, toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyny delilendirip esaslandyrdy. Ykdysady serişdeler bilen sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmek, howpsuzlygyň we rowaçlygyň, öňdebaryjy durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine oňyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri giňeltmek we ahyr netijede, halkara howpsuzlygynyň umumy derejesine oňyn täsir etmek esasy wezipe bolup durýar.
Jemläp alnanda, serişde kuwwaty, geografiki ýagdaýynyň aýratynlyklary EKO gatnaşyjy ýurtlara energiýa serişdelerini öndürýän we üstaşyr geçirýän ir dünýä merkezine öwrülmek üçin şertleri üpjün edýär. Şunda dünýäniň energiýa bazarlaryna çykmak boýunça öz meýilnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ornuny tutmak däl-de, eýsem, turbageçirijileriň bar bolan ugurlarynyň üstüni ýetirmek ýörelgesinden ugur alýar diýip, türkmen Lideri nygtady.
Bu babatda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) bilen hyzmatdaşlygy hem guwançlydyr. Ol sebitleýin ýagdaýlary durnukly we sazlaşykly ösdürmegi üpjün etmegi, işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklar, iri halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak üçin şertleri döretmegi maksat edinýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm bölegi bolup durýar.
2012-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agzalary bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň Pekinde geçirilen 12-nji mejlsine gatnaşdy. Şol sammitde çykyş etmek bilen, türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy pugtalandyrmak, halkara we sebit derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek, ХХI asyrdaky howplara we wehimlere garşy durmak, döwletara gatnaşyklarynyň oýlanyşykly ulgamyny gurmak bilen bagly meselelerde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň eýerýän netijeli, oýlanyşykly we jogapkärli ugruna ýokary baha berýär. Türkmen döwletiniň Baştutany bu möhüm ähmiýetli wezipeleri berjaý etmekde ýurdumyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, şu ugurdaky köpçülikleýin çäreleriň güýçlendirilmegine gönükdirilen anyk teklipleri Birleşen Milletler Guramasyna hödürlemek üçin umumy tagallalary jebisleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyga degişli mesele barada durup geçip, energiýa serişdelerini Orta Aziýadan Hytaýa, Günorta Aziýadaky we Orta Gündogardaky ýurtlara ýetirmek boýunça toplumlaýyn ýangyç geçiriji desgalary döretmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana gaz geçirijileriň gurulmagy, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisine degişli ýene-de bir strategiki ähmiýetli taslamanyň işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýän tapgyrda bolmagy şunuň ýaly meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylyp bilinjekdigini we durmuşda möhüm ähmiýetlidigini tassyklaýar.
döwletiniň Baştutany yklym derejesinde döwrebap, köpugurly ýangyç geçiriji ulgamyň gurluşygynyň döwrüň talaby bolup durýandygyna ynanýandygyny aýdyp, şunuň ýaly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda ykdysady ösüşiň gazanylmagyna güýçli itergi berjekdigini hem-de maýa goýumlar babatda işjeňligi höweslendirjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ugurda netijeli pikir alyşmak we bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin açykdygyny hem-de bulary amala aşyrmak üçin özüniň serişdeler babatdaky kuwwatly mümkinçiliklerini, geoykdysady taýdan ýerleşişiniň artykmaçlyklaryny hem-de şu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara arkalaşykly hereket etmek arkaly toplan tejribesini hödürlemäge taýýardygyny nygtady.
Ýangyç-energetika ulgamynyň häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda kemala gelýän hil taýdan täze gatnaşyklaryň binýady bolup durýandygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şol gatnaşyklar hoşniýetli erk-islege, açyklyk, birek-birege hormat-sarpa goýmak we özara ykdysady bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Ýewropa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine bolan islegleriniň artmagy olaryň energiýa serişdelerine köp möçberde iberýän we dünýäniň energetika bazarynda möhüm orun eýeleýän ýurt hökmünde Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny şertlendirýär.
2007-nji ýylyň güýzünde, döwlet Baştutanymyzyň birleşen Ýewropanyň Bruýsseldäki ştab-kwartirasyna bolan sapary mahalynda bu işiň başy başlandy. Şonda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gazanylan ylalaşyklaryň netijeleriniň biri boldy. Oňa 2008-nji ýylyň maýynda Aşgabatda gol çekildi.
2010-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika baradaky komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Bu çözgüt Ženewa şäherinde (Şweýsariýa), abraýly hökümetara guramasynyň on dokuzynjy mejlisinde kabul edildi. Onuň işine türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Duşuşygyň gün tertibine energetika ulgamynda, şol sanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, Ýewropada we tutuş Ýewraziýa yklymynda gaz infrastrukturasyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi girizildi.
2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Joze Manuel Barrozunyň Türkmenistana bolan ilkinji resmi sapary bu ugurda möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Komissiýasynyň baştutany bilen Aşgabatda geçiren gepleşikleri bir zady aýdyňlyk bilen äşgär etdi: Türkmenistan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bir-birini strategik hyzmatdaşlar hasaplap, ähli ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýärler.
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňat binýady hem-de köptaraplaýyn ugurlary bar. Bularyň hemmesi olary täze mazmun bilen baýlaşdyryp hem-de mundan beýläk-de ösüşi gazanyp, şol gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär diýip, jenap Żoze Manuel Barrozu aýtdy. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlygynda Türkmenistan örän möhüm orny eýeleýär diýip, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy tutuş Ýewropa Bileleşiginiň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasat ugruny we türkmen Lideriniň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň geljekki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Olaryň hatarynda, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we degişlilikde ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze düzümleýin binýadyny döretmek mümkinçilikleri ýaly meseleler boldy.
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana degişli hukuknamalaryny, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, taraplaryň bähbitleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine esaslanan birleşen toplumlaýyn bazary teklip etmäge taýýardyr diýip, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy aýtdy. Dünýäniň gaz bazarynyň ösüşini nazara almak bilen bularyň hemmesi uzak geljek üçin strategik çözgütleri kabul etmäge hem-de maýa goýumlarynyň howpsuzlygyny we netijeliligini kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle çözgütleriň kabul edilmegi diňe bir pursatlyk oý-pikirler bilen däl-de, eýsem, öňdengörüjilikli syýasat bilen şertlendirilendir. Hut şeýle çemeleşmäni häzir dünýäde tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan görkezýär.
Ýeri gelende aýtsak, Aşgabatda geçirilen Ýewraziýada durnukly we ygtybarly energiýany üpjün etmek üçin Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak (2010-njy ýyl), Hazarüsti turbageçirijileriniň ekologiýa meseleleri (2011-nji ýyl), Energetika bazarlarynyň ählumumy goşulyşmagy – energetika howpsuzlygyny üpjün etmek (2011-nji ýyl) ýaly halkara maslahatlar energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly iberilmegini üpjün etmek, ykdysady taýdan netijeli, durmuş taýdan kabul ederlikli we ekologiýa taýdan howpsuz energiýa üpjünçiliginiň sarp edijiler üçin elýeterliligini giňeltmek babatda hereketleriň bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamak meselelerine bagyşlandy.
Her ýyl geçirilýän Halkara gaz kongreslerinde we beýleki pudaklaýyn forumlarda energiýa serişdeleriniň ählumumy bazaryny ösdürmegiň ugurlary, energetika babatda ýakynlaşmak we howpsuzlyk, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylýar.
Belli BP halkara kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan “2030-njy ýyla çenli dünýä energetikasynyň ösüşiniň çaklamasyna” laýyklykda, tebigy gazyň gorlary boýunça häzirki wagtda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň halkara energetika bazarynda eýeleýän orny barha artar.
BP kompaniýasynyň “Dünýä energetikasynyň statistiki synynyň”, Halkara energetika agentliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe bölümleriniň, Bütindünýä bankynyň dürli neşirleriniň maglumatlary, şeýle hem milli serişdeleri we beýleki maglumatlary ulanmak esasynda taýýarlanylan bu çaklamanyň maksady dünýä energetika bazarlarynyň ösüşiniň uzakmöhletleýin ugurlaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda bilermenler biziň ýurdumyzyň umumy geologiki gorlaryny 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde bahalandyrýarlar. Şolaryň 53,01 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňizdäki ýataklaryň ýangyç serişdeleridir. Soňky ýyllarda geçirilen geologiki barlaglaryň görkezişi ýaly, munuň özi ahyrky sanlar däldir. Ýangyç serişdeleriniň çykarylyp başlanyndan bäri bir asyrdan hem köp wagt geçen bolsa-da, entek Türkmenistanyň kartasynda üsti açylmadyk nokatlar az däldir.
gündogarynda ýerleşýän “Galkynyş” (Günorta Ýolöten--Osman) gaz käni munuň aýdyň subutnamasydyr. Serişdeler gory 26,2 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýan bu ýatak dünýäde ikinji orunda durýar. “Gaffneý, Cline & Associates” (Beýik Britaniýa) halkara konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen garaşsyz halkara auditi bu maglumatlary tassyklady. Şol kompaniýa “Türkmengeologiýa” döwlet konserni bilen şertnama esasynda Türkmenistanyň geljegi uly ýataklarynyň ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň barlaglaryny geçirýär.
Şunda, hususan-da, ýüze çykarylan ýataklar toparynyň meýdanyny kesgitlemek hem-de olaryň senagat gorlaryny tassyklamak maksady bilen geçirilýän gözleg işleriniň maksatnamasynyň diňe ýarysyndan hem azragy ýerine ýetirildi. Mysal üçin, ägirt uly nebitgaz zolagynyň günbatar, demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar taraplarynyň çäkleri entek kesgitlenilmedi. Goşmaça seýsmiki barlaglar bilen birlikde, täze guýularyň burawlanylmagy barlagçylara bu ýerdäki ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň deslapky bahasyna düýpli düzedişleri girizmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işini alyp barýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işleriň çäklerinde şu maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý serişde goýberildi. Bu işlere daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem çekildi. Ýakyn wagtda ilkinji guýular, harytlyk gazy taýýarlamak boýunça uly zawod we beýleki desgalar ulanylmaga berler. Birinji tapgyrda gaz käninde her ýyl 10 milliard kub metrden 30 milliard kub metre çenli “mawy ýangyjy” çykarmak meýilleşdirilýär. Amyderýanyň kenaryndaky, Merkezi Garagumdaky, Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky we kenarýaka zolagyndaky täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hem geljegi uludyr.
Ýokarda bellenilişi ýaly, tebigy gazy halkara bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe ykdysady bähbitlere esaslanýan we geljekki sarp edijileriň türkmen gazyna bolan isleglerini nazara alýan bu meýilnamalary durmuşa geçirip, gaz eksportunyň ugurlaryny tapgyrlaýyn giňeldýär. Häzirki wagtda bu ugurlar özüne Ýewraziýa yklymynyň dürli böleklerinde ýerleşýän döwletleri birleşdirýär.
2009-njy ýylyň dekabr aýynda işe girizilen Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisi XXI asyrda Ýewraziýanyň iri energetika köprüsine öwrüldi. Bu taslamada milli bähbitler syýasy erk-isleg we ykdysady ösüş babatda özboluşly ýörelgeler bilen birleşip, türkmen energiýa serişdeleriniň täze ugrunyň seçilip alynmagyny şertlendirdi.
Uzynlygy 7 müň kilometre barabar bolan, gözbaşyny Amyderýanyň sag kenaryndaky baý gaz ýataklaryndan alyp gaýdýan Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisi örän täsin inženerçilik-tehniki desgadyr. Onuň ugrunda düzümleýin desgalaryň ýüzlerçesi guruldy, täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredildi. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde gurluşyk babatda möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk täze energetika köprüsi hoşniýetli erk-islegiň we açyklygyň, ýurtlara we halklara abadançylyk getirýän uzakmöhletleýin hem-de ygtybarly hyzmatdaşlyga taýýarlygyň aýdyň kepili bolup durýar.
Sebitleýin we sebitara turbageçirijileri gurmak – bu energiýa serişdelerini paýlamakda we sarp etmekde deňagramsyzlygy aradan aýyrmagyň we şeýlelikde, milli ykdysadyýetleri ösdürmek, syýasy durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy howpsuzlyk ulgamyny pugtalandyrmak üçin amatly şertleri döretmegiň has netijeli usulydyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak barada öňe süren başlangyjy hem örän uly ähmiýete eýedir. 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan-Owganystan-Paksitan-Hindistan” duşuşygynda bu taslamany durmuşa geçirmek hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol duşuşykda çykyş edip, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy diňe bir özara bähbitli energetiki we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem ägirt uly syýasy ähmiýetli wakadyr diýip nygtady. Ol döwletleriň halkara energetika giňişligindäki bähbitleriniň sazlaşygyny uly geosyýasy ulgamda hem amala aşyryp boljakdygyny aňladýar. Bu taslama syýasy erk -islegiň bolan mahalynda, baş maksada – önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we energiýa serişdelerini sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek maksadyna ýetip bolýandygyny aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Duşuşyga beýleki gatnaşyjylar – Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň nebit we tebigy gaz ministri Murli Diora, Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Haruhiko Kuroda hem Aşgabatda gol çekilen ylalaşyklaryň örän möhümdigini bellediler. Olar taslamany çalt durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, TOPH diňe bir ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň durmuş taýdan hem ähmiýeti örän ulydyr. Çünki, ol täze iş orunlarynyň döredilmegine, oňa gatnaşýan ýurtlaryň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ykydsady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
2010-njy ýylda badalga berlen “Gündogar--Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi okgunly ösýän milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak baradaky giň möçberli şertnamalar bilen şertlendirilendir. Bu gaz geçirijisi ýurdumyzyň iri ýataklarynyň ählisini “mawy halka” birleşdirer. Geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan täze gaz geçirijisi Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçer. Onuň ulanylmaga berilmegi hem halkara energetika bazarlaryna, şol sanda Hazarýaka we Hazarüsti gaz geçirijileri ýaly geljegi uly ugurlar boýunça gazy eksport etmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.
Türkmenistan senagaty ösdürmek ugry bilen öňe gidip, ýangyç-energetika toplumyna girýän pudaklary döwrebaplaşdyrmaga we olary kämil tehnikalar bilen üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän häzirki zaman nebithimiýa toplumlaryny, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijilerinde uly islegden peýdalanýan önümleriň köp görnüşini öndürýän himiýa senagatynyň kärhanalaryny gurmak boýunça giň möçberli maksatnamalar bellenildi.
Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine hem ekologiýa meselesi bilen aýrylmaz baglanyşykda garalýar. Hususan-da, Türkmenistan bug gazlarynyň howa aralaşmagynyň derejesini peseltmek babatda halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldap, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga yzygiderli geçýär. Şu ýyl kabul edilen “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem şoňa gönükdirilendir. Onda “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we 2012-nji ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýro şäherinde (Braziliýa Federatiw Respublikasy) geçirilen durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda öňe süren teklipleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hususan-da, bütindünýä forumynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan energetika ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berip, ýangyç serişdelerini köp möçberde öndürýän we daşary ýurtlara iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň üstüne düşýän jogapkärçiligi örän berk duýýar diýip belledi. “Şoňa görä-de, ekologiýa howpsuzlygy meselesi biziň üçin esasy mesele bolup durýar. Bize energetika düzüminiň ösdürilmeginiň ekologiýa zyýan ýetirmeli däldigine ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu çemeleşme biziň ýurdumyzyň garaýşyny kesgitleýär. Şol garaýyş bolsa energetika howpsuzlygy meselelerinde halkara ylalaşygyny gözlemek zerurlygyndan ybaratdyr. Şu jähtden türkmen Lideri täze guraly--BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika geňeşini döretmek baradaky teklibi beýan etdi.
2013-nji ýylyň 17-nji maýynda kabul edilen BMG-niň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygynyň üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýasyna bagyşlanan şu synymyzy tamamlamak bilen, döwlet Baştutanymyzyň türkmen energetika diplomatiýasynyň öňünde wezipeleri goýup, onuň esasy maksadyny kesgitländigini ýene bir gezek bellemek gerek. Şol maksat bolsa energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyna goldaw bermekden, bu strategiki ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişligindäki uzakmöhletleýin energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleri şu anyk we aýdyň ugurlary bilen biziň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ädimleri kesgilenildi we kesgitlenilýär.