Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Mangold Konsalting” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Mangold Konsalting” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 938
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mangold Konsalting Gmbh” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ozalky başlygy jenap Klaus Mangoldy kabul etdi.

Mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, myhman ykrar edilen täzelikçi hem-de häzirki zamanyň görnükli döwlet işgäri hökmünde tanalýan türkmen Lideri bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň oňyn syýasaty netijesinde dünýä bileleşigi bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynda täze eýýamyň açylandygyny, hususan-da, köpugurly türkmen-german gatnaşyklarynyň ösüşine kuwwatly itergi berlendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, gurluşykda, aragatnaşyk ulgamynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, bank-maliýe pudagynda, şeýle hem ýerli howa şertlerinde üstünlikli synagdan geçen ýokary hilli ýol gurluşygy tehnikalarynyň önümçiliginde hem-de olary biziň ýurdumyza ugratmakda ýöriteleşdirilen belli kompaniýalaryň birnäçesi bilen netijeli aragatnaşyklaryň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz türkmen döwletiniň daşary ýurtlaryň işewür toparlaryny işjeň ýagdaýda çekmek bilen, bilelikde netijeli işlemek üçin ähli şertleri döredýändigini, hususan-da, maýa goýumlary boýunça oýlanyşykly syýasaty ýöredýändigini, şonda maliýe, salgyt we gümrük babatda ep-esli ýeňillikleriň göz öňünde tutulýandygyny hem-de milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilip, onuň halkara hukugy boýunça ählumumy ykrar edilen kadalara laýyk getirilýändigini aýtdy.

Jenap Klaus Mangold nemes hyzmatdaşlara ynam bildirilýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, öz gezeginde, Germaniýanyň işewür toparlarynyň we hususan-da, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazaryndaky ornuny berkitmäge we Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, onuň halkynyň maddy-hal ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilip, ýurtda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşugyň barşynda energetika we ulag ulgamyndaky, hususan-da, deňiz menziliniň düzümini ösdürmek, deňiz we demir ýol gatnawlaryny kämilleşdirmek boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, myhman Germaniýanyň işewür toparlarynyň tebigy gazyň eksportuny ösdürmek, şol sanda Ýewropa ugry boýunça ugradylmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda birek-birege ýakymly arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti we “Mangold Konsalting” kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara peýdaly gatnaşyklary maksat edinýändigini göz öňünde tutmak arkaly guralýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.