Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

view-icon 739
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda gepleşikler geçirildi. Ol düýn agşam Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

Irden Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gülüň ulag kerweni sapar wagtynda özi üçin niýetlenen resmi kabulhana ýerleşen “Oguzkent” myhmanhanasyndan çykyp, türkmen paýtagtynyň taryhy merkeziniň merkezi meýdançasyna tarap ugrady. Bu ýerde, hökümet münberiniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri mähirli, doganlarça salamlaşyp, Aşgabatdaky nobatdaky duşuşygyň däp bolan köpasyrlyk dostluk, özara düşünişmek we iki doganlyk halkyň ynamyna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanlary ýörite taýýarlanan münberde öz ýerlerine geçýärler. Hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesi iki döwletiň Liderlerine hasabat berýär. Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler iki ýurduň döwlet baýdaklaryna baş egýärler we hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler.

Bilelikde hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçensoňlar, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdulla Güli Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary we biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Resmi garşylanyş dabarasy tamamlanansoň, iki ýurduň Liderleri haly düşelen ýodajyk bilen Ruhyýet köşgüne barýarlar. Ol ýerde ýokary derejedäki gepleşikleriň nyşanyna öwrülen şu günki güniň ähmiýetli wakalarynyň biri -- Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güli Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy -- “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Köşgüň eýwanynda surata düşülenden soňra, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül Ruhyýet köşgüniň uly zalyna barýarlar. Bu ýerde Prezidentleri Türkmenistanyň hökümetiniň, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary, Mejlisiň, Aşgabatda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, biziň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Iki ýurduň Liderleri özleri üçin bellenen ýörite ýere geçýärler.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Dabara gatnaşyjylara we özüniň türk kärdeşine ýüzlenmek bilen, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanda Abdulla Gülüň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşine uly goşant goşýan Türkiýe Respublikasynyň görnükli Baştutany we dünýäde meşhur syýasatçy hökmünde tanalýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Prezident Abdulla Gülüň hut özüniň başda durmagynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösüşiniň belent sepgitlere ýetendigini, öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki döwürde has-da giň gerime eýe bolýandygyny, bu gatnaşyklaryň hoşniýetlilik we ruhy ýakynlyk esasynda ösdürilýändigini belledi.

Bu gün Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşýar we iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar diýip aýtmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany soňky ýyllarda ýokary derejede türkmen-türk duşuşyklarynyň yzygiderli we netijeli geçirilýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda geçirilýän gepleşikler oňyn häsiýete eýedir we olar häzirki döwürdäki we geljekki hyzmatdaşlygyň esasyny berkitmäge gönükdirilendir.

Şunda milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň sebitleýin we halkara parahatçylygyny pugtalandyrmak, umumy howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek üçin alyp barýan daşary syýasat ugrunyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Häzirki zamanyň görnükli syýasatçysy, hormatly Prezident Abdulla Gülüň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkiýe Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda dostluk köprülerini döredýän esasy merkezleriň birine öwrüldi diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň halkara hem-de sebit meseleleri boýunça garaýşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň Baştutany munuň özi iki ýurduň halkara ulgamynda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginde möhüm esas bolup durýar diýip belledi.

Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Türkmenistanyň alyp barýan işlerinde, aýratyn hem parahatçylygy we howpsyzlygy üpjün etmek boýunça işlerinde halkara derejesinde berýän goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hil taýdan ösüşi we netijeliligi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany meşhur türk kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, durmuş-medeni ulgamda we beýleki möhüm ugurlarda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandyklaryny, Prezident Abdulla Gülüň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini we uly şahsy goşandyny goşýandygyny aýratyn belledi.

Öz halkynyň görnükli ogly, Türkiýäniň Prezidenti jenap Abdulla Gül iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda ägirt uly tagallalary edýär. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine-de oňyn ýardam edýär diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün özüniň türk Liderine Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyny – Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordenini gowşurmaga özüniň tüýs ýürekden guwanýandygyny we buýsanýandygyny beýan etdi hem-de bu döwlet sylagy iki döwletiň arasyndaky doganlygyň we dostlugyň, özara ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra aýratyn dabaraly ýagdaýda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy – “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglamak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okalýar.

Soňra hormat garawulynyň esgerleri ordeni, şahadatnamany, türkmen milli donuny, guşagyny we telpegi dabaraly ýöriş bilen getirýärler.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle biziň ýurdumyzyň ýokary sylagyny we degişli şahadatnamany gowşurýar hem-de oňa türkmen milli donuny we telpegini geýdirýär.

Öz kärdeşini gutlamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, şeýle hem dostlukly türk halkyna abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra çykyş etmek üçin Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Güle söz berilýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, türkmen halkyna, dabara gatnaşyjylaryň ählisine özüniň işine şeýle ýokary baha berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Özüniň taryhy Watanynyň ilkinji gezek gowşurylýan ýokary sylagyny Türkiýä we türk halkyna ýokary hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtap, Abdulla Gül bu wakanyň biziň halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklarynyň berkdiginiň, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýandygynyň hem-de ösdürilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Bu sylag şatlyk duýgusy bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilýän işler babatda uly jogapkärçiligi ýükleýär diýip, Prezident Abdulla Gül aýtdy we ýygnananlary geljekde hem bu jogapkärli wezipäni uly höwes bilen ýerine ýetirjekdigine, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ýene-de has belent derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Geçen ýylyň fewralynda, Türkmenistanyň Baştutanynyň Türkiýä bolan resmi sapary mahalynda men Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň ýokary sylagyny gowşurmak bagtyna eýe boldum. Bu sylaglar biziň halklarymyzyň dostluk gatnaşyklarynyň dowam etmeginiň nyşanydyr. Taryhyň, diliň we medeniýetiň umumylygyna esaslanýan biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halklarymyzyň umumy bähbitlerine hyzmat edýär. Siziň ýurduňyza şu döwlet sapary biziň özara gatnaşyklarymyzyň ýokary derejesiniň gazanylandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Siziň ýurduňyzyň myhmansöýerligi bolsa öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar diýip, türk Lideri aýtdy.

“Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda siziň ýurduňyzyň sebitde we bütin dünýäde Aziýanyň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde abraýynyň barha artýandygyna biz buýsanýarys. Türkmenistanyň işjeň amala aşyrýan bitaraplyk syýasaty sebitde durnuklylygyň we ösüşiň bähbitlerine, şeýle hem ählumumy parahatçylyga hyzmat edýär” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Özüniň çykyşyny tamamlap, Prezident Abdulla Gül Türkmenistanyň Prezidentine, ýygnananlara hem-de doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we ýokary sylag üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkiýäniň baştutanynyň ynandyryşy ýaly, ol bu sylagy uly buýsanç bilen göterer. “Goý, doganlyk Türkmenistan gülläp össün we rowaçlansyn, goý, biziň halklarymyzyň baky dostlugy has-da berkesin!”.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň bu sözleri bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň, iki döwletiň Liderleri bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, özlerine garaşyp duran ulaga münýärler we bilelikde ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin “Oguzhan” köşkler toplumyna ugraýarlar.

“Oguzhan” zalynda Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp boýunça surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz öz türk kärdeşini “Altyn zala” çagyrýar, şol ýerde ikiçäk görnüşde gepleşikler geçirilip, olaryň barşynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitleýin syýasatyň meselelerine hem garadylar, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada biragyzdan pikiri aýtdylar. Döwlet Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy tamamlanandan soň, gepleşikler iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentine we onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalaryna tüýs ýürekden «Hoş geldiňiz!» diýip, 2012-nji ýylyň awgust aýynda gadymy Türkiýe topragynda uly hormat we mähir bilen kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil we mazmun taýdan has-da belent derejä çykýanlygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Öň hem belläp geçişim ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden we Aşgabatda öz ilçihanasyny açan döwletdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Taryhy taýdan uzak bolmadyk geçen döwrüň içinde biziň gatnaşyklarymyz hakyky dost-doganlygyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Türkmen-türk gatnaşyklary häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykmak bilen, giň many-mazmuna eýe bolýar diýip, milli Liderimiz aýtmak bilen, bu günki geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň hem özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Prezident Abdulla Gül bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek we özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada giňden pikir alşylandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek tejribesine eýerýändigini aýdyp, hormatly Prezident Abdulla Güle Türkmenistanyň daşary syýasy garaýyşlaryna hormat goýýandygy we biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça Geňeşiniň (EKOSOS-yň) agzalygyna 2013–2015-nji ýyllar üçin saýlanmagynda Türkiýäniň uly goldaw berendigini ýatlatdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde doly ulanmaga çalyşýar we bu ugurda Türkiýe bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanmagyny munuň subutnamasy hökmünde görkezip bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Türkiýe bu Komissiýanyň döredilen wagtyndan bäri agzasy bolup durýar we bu saýlawlarda Türkmenistany goldady.

Biziň döwletimiz öz gezeginde Türkiýäniň halkara guramalaryndaky, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasyndaky abraýly we täsirli ornunyň berkemegine uly gyzyklanma bildirýär we onuň bu ugurdaky ädimlerini goldaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2015–2016-njy ýyllar üçin hemişelik däl agzalygyna Türkiýe Respublikasynyň saýlanmagyny goldaýandygyny belledi. Bu mysallary getirmek bilen, men iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş boýunça maksatlaryna hyzmat edýändigini nygtamak isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň meňzeşdigi ýa-da gabat gelýändigi häzirki zamanda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyna uly esas bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň, doganlyk türk halkynyň gazanýan her bir üstünligine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belledi. Aýratyn hem, siziň ýurduňyzyň ykdysadyýetinde geçirilýän giň möçberli çäreler, ýokary tehnologiýaly senagatyň ösüşi we maliýe-maýa goýum, işewürlik boýunça amala aşyrylýan özgertmeler öwrenmäge mynasypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. “Biz hem senagat taýdan ösen döwleti gurmak ugrunda öz öňümizde anyk wezipeleri goýduk. Şoňa görä-de, Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň üçin ähmiýetli we ileri tutulýan ugurlaryň biridir”.

Ikitaraplaýyn türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem ýyl-ýyldan ýokary depginler bilen ösýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz soňky üç ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň 52 göterim artandygyny we 2012-nji ýylda 3,5 milliard amerikan dollaryna golaý bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn söwdanyň möçberlerini ýakyn ýyllarda iki-üç esse artdyrmaga mümkinçiligiň bardygyny bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu ýylyň mart aýynda Stambulda bolup geçen Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahaty hem bu ugurda netijeli çäre boldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, türk we dünýä kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde şeýle çäreleriň biziň üçin uly ähmiýeti bardyr. Umuman aýdylanda, türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklaryny sazlaşykly ösdürmek bilen, biz açyklyk we täzeçe işlemek esasynda uzak möhletleýin maksatnamalary amala aşyrmagy göz öňünde tutýarys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurluşyk, energetika, dokma we ýeňil senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy pudaklarynda, azyk önümçiliginde we beýleki pudaklarda iri taslamalar ýerine ýetirilendigini we durmuşa geçirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz iki doganlyk ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň uly ähmiýetiniň bardygyny, bu toparyň işiniň biziň döwletlerimiziň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň baş ugruny durmuşa geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň hem ähmiýetiniň uludygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda hususy şereketleriň, firmalaryň we kompaniýalaryň arasyndaky göni aragatnaşyklary has-da giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle diýmäge bizde doly esas bar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Mysal üçin, häzirki wagtda ýurdumyzda türk maýasynyň gatnaşmagynda 600-e golaý şereket hasaba alyndy. Bu ugurda senagat taýdan ösen we ýokary tehnologiýalara esaslanýan pudaklarda iki ýurduň işewürleriniň we kompaniýalarynyň arkalaşykly işlemegini möhüm hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bilelikde geçirilýän dürli maslahatlar we sergiler hem möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, yzygiderli esasda işleýän Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň işini işjeňleşdirmegi teklip edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwerlik ulgamynda özara gatnaşyklar meselelerine geçip, hususan-da, iki halkyň taryhy, medeni we ruhy taýdan umumylygy hem-de ýakynlygy türkmen-türk dost-doganlygynyň berk binýatlarynyň biridir. Ata-babalarymyzyň gadymyýetden gelýän wesýetlerini we milli däplerini dowam etmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, milli Liderimiz türkmenistanly ýaşlaryň köp sanlysynyň Türkiýäniň okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny we ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişýändigini belledi. Biz Aşgabatdaky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mysalynda bilim ulgamyndaky netijeli we arkalaşykly hyzmatdaşlygy aýdyň görýäris. Halkara derejesinde işleýän we üç dilde okadýan bu ýokary okuw mekdebini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, biz onuň täze binalar toplumyny gurmak barada karara geldik. Bu bolsa, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň taryhynda şanly waka bolar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ylym ulgamyndaky gatnaşyklarymyzyň hem giňelýändigini kanagatlanmak bilen belläp we bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmegiň, alymlaryň özara gatnaşyklaryny giňeltmegiň bu ugurda uly ähmiýete eýedigini nygtap, döwürleýin häsiýetdäki halkara ylmy-tejribe neşirini bilelikde çykarmagy teklip etdi. Bu neşirde ylmyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag we seljeriş häsiýetli makalalar we synlar çap edilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biziň halklarymyzyň baý taryhy-medeni we arheologiki mirasyny aýawly saklamakda, medeniýetde we sungatda Türkmenistan bilen Türkiýäniň bilelikde hyzmatdaşlyk etmeginiň uly geljegi bar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi.

Bu ugurda däp bolan maslahatlary, festiwallary we sergileri geçirmek bilen bir hatarda, özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini hem gözlemegiň möhümdigini aýdyp, şu maksat bilen, Türkmen-türk medeni geňeşini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu Geňeşiň döredilmegi biziň gazanan ylalaşyklarymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmekde möhüm çäre bolar.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlap, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň parahatçylygyň we gülläp ösmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmana söz berdi. Türkmen topragynda mähirli myhmansöýerlik we ajaýyp kabul edişlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek bilen, Prezident Abdulla Gül iki ýurduň we halklaryň gatnaşyklarynyň dostluk we doganlyk däplerine, netijeli gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanandygyny belledi.

Türkmen döwletiniň okgunly ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, Türkiýe Respublikasynyň baştutany doganlyk türkmen halkyna bu ugurda täze üstünlikleri arzuw etdi. Köpugurly türkmen-türk gatnaşyklaryny giňeltmek barada aýtmak bilen, jenap Abdulla Gül Türkiýäniň geljekde hem iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak bilen, ony ösdürmäge tarap alan ugruny dowam etmekçidigini belledi.

Halkara giňişliginde iki döwletiň gatnaşyklaryny häsiýetlendirmek bilen, Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň berýän goldawy üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, Türkiýäniň Izmir şäheriniň öz kandidaturasyny 2020-nji ýylda EKSPO sergisiniň geçirilmegine hödürleýändigini belledi we bu meselede hem Türkmenistanyň goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Dürli ugurlarda iki ýurduň özara gatnaşyklaryna ünsi jemlemek bilen, Prezidenti Abdulla Gül bu gatnaşyklara Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýyl Türkiýä bolan resmi saparynyň goşmaça itergi berendigini belledi.

Türkiýäniň Prezidenti iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň netijeli ösýän ugurlarynyň hatarynda syýasat, söwda-ykdysady, medeni we ylym-bilim ulgamlaryny görkezdi. Türk lideriniň belleýşi ýaly, howpsuzlyk meselelerinde, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda netijeli gatnaşyklar dowam edýär.Türkmenistanyň Baştutanynyň geçen ýyl Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda şu ugur boýunça degişli ylalaşyga gol çekildi. Şunda Türkiýe Respubilkasynyň baştutany degişli ugurlarda geljekki ylalaşylan hereketleriň möhümdigini belledi.

Biz Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleriniň örän uludygyna buýsanýarys diýip, Prezident Abdulla Gül Türkmenistanyň Prezidentine türk kompaniýalaryna berýän goldawy we bildirýän ynamy üçin hoşallyk bildirdi.

Şu ýylyň mart aýynda Stambulda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Onuň işi özal bellenilişi ýaly, öz oňyn netijelerini berer.

Türkie Respublikasynyň Prezidenti öz ýurdunyň geljegi uly taslamalara, şol sanda Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň tasamasyna, şeýle hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermek bilen bagly taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesine goşulmak hem biz üçin möhümdir diýip, jenap Abdulla Gül aýtdy.

Türk lideriniň belleýşi ýaly, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilen gepleşikleriň barşynda halkara ulag düzümi ulgamynda, hususan-da, Kawkazyň üsti bilen Türkýä awtomobil hem-de deňz ýollary bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklar meselelerine deglip geçildi. Bu işler biziň üns merkezimizde durýar we goldaw bilen üpjün edilýär. Biz Türkmenstanyň awtomobil ulagy ulgamyndaky taslamalary hemişe goldaýarys we geljekde hem bu işi dowam etdireris diýip, Türkiýäniň Prezidenti aýtdy.

Prezident Abdulla Gül syýahatçylyk ulgamyny iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, eýýäm üç gezek Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp görendigini aýtdy we Türkiýäniň bu ugurda tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny nygtady. Türkiýäniň baştutany 2013-nji ýylyň iýun aýynda geçirmek göz öňünde tutulýan we türkmen sýýahatçylygyny ösdürmäge ýardam edýän çäreleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirip, öz ýurdunyň bu işi durmuşa geçirmäge goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem türk tarapynyň oba hojalygynda we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hünärmenleri alyşmaga, maslahatlary geçirmäge ýardam bermäge taýýardygy bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi. Hususan-da, bu energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişlidir. Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň ägirt uly energetika serişdelerine eýedigini hem-de türkmen gazyny Günorta ugur boýunça Ýewropa ibermäge uly ähmiet berýändigini belläp, öz nobatynda Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen geçirmäge örän uly ähmiýet berýändigini nygtady, şeýle hem dürli ugurlar boýunça gaz we elektrik geçirijiler ulgamynda taslamalaryň wajypdygyny aýtdy.

Şeýle hem medeniýet we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. Biz şu ýylyň iýun aýynda Stambul we Eski şäheleriniň Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleriniň çäklerinde medeniýet we sungat işgärlerini kabul edýändigine buýsanýarys diýip, jenap Abdulla Gül aýtdy.

Öz çykyşyny tamamlamak bilen, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny ýene-de bir gezek nygtady we türkmen-türk dostlugynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine ynam bildirdi hem-de türkmen halkynyň Türkiýäniň doganlyk halkynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Giňişleýin düzümde hökümet gepleşikleri tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.

Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna tebigy gazy ibermek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda oba hojalyk pudagynda tehniki, ylmy we ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministrliginiň Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň /TIKA/ arasynda Soltan Alp Arslanyň guburynyň gözlegi we kümmediniň gurluşygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Teswirnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministrliginiň Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň /TIKA/ arasynda Sahabalar Hakam Al-Gifari bilen Bureýda Al-Aslaminiň kümmetlerini rejeleýiş we abatlaýyş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Teswirnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-2014-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda diplomatlary alyşmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Maglumat tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Resminama , Raýat we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi hakynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň ýanyndaky Maliýe jenaýatlary derňemek müdirliginiň /MASAK/ arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyny we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumaty alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Maýa bazary boýunça Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary “Magtymguly” zalyna barýarlar. Şol ýerde habar beriş serişdeleriniň wekillerine gysgaça ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, ýaňy tamamlanan gepleşikleriň oňyn, parahatçylyk söýüjiligiň, özara hormat goýmagyň ýokary ýörelgelerine eseslanýan türkmen-türk gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçendigini nygtady.

Türkiýäniň Prezidentiniň döwlet sapary iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda ýokary derejäniň gazanylandygyna şaýatlyk edýändigini, uzak geljegi nazarlaýan täze tapgyry açýandygyny aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutany geçirilen gepleşikleriň we gelnen ylalaşyklaryň netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge oňyn itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

“Biz gatnaşyklaryň iki tarap üçin hem bähbitli möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdyk we bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmak barada ylalaşdyk. Halkara syýasatynyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça, aýratyn hem dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly garaýyşlarymyzyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini ýene-de bir gezek kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi mydama goldaýarlar. Aýratyn hem Birleşen Milletler Guramasynyň iri we täsirli düzümlerine saýlanmak bilen, biziň döwletlerimiziň halkara tagallalaryna goşýan düýpli goşandy has-da artýar, şeýle hyzmatdaşlyk özara bähbitlere we dünýä jemgyýetçiliginiň isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmekde we durmuşa geçirmekde berýän goldawy üçin, Türkiýe tarapyna, ilki bilen, Prezident Abdulla Güle tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

“Biz doganym, Prezident Abdulla Gül bilen ýokary derejedäki gatnaşyklary yzygiderli dowam etmek barada ylalaşdyk. Gelnen ylalaşyklaryň we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleri has-da giňeltjekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkiýe biziň ýurdumyzyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Soňky üç ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 1,5 esse köpeldi we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk, energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça iki ýurduň arasynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň netijelidigi we ýokary depginler bilen ösýändigi, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy iň täze tejribelere esaslanyp dowam etmek barada ylalaşylandygy bellenildi.

“Şeýle hem biz ykdysady usullary has netijeli ulanmak, aýratyn hem bilelikdäki hökümetara toparynyň işini güýçlendirmek barada ylalaşyga geldik” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy .

Medeniýet, ylym we bilim ýaly möhüm ugurlarda alnyp barylýan gatnaşyklary has-da giňeltmek barada gazanylan ylalaşyk hakynda söz açyp, türkmen döwletiniň Baştutany bu ugurda biz iki halkyň ruhy, taryhy-medeni umumylyklaryna, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň baý tejribesine daýanarys we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözleýäris diýip nygtady. “Iki doganlyk ýurduň halklary üçin umumy bolan gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem bu ugurda alyp barýan işlerimiziň anyk mysaly bolup durýar” diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda dürli çäreler bilen bir hatarda, bilelikdäki halkara ylmy-tejribe neşirini ýola goýmak meselesine hem seredildi. “Bu bolsa iki ýurduň arasynda toplanan tejribäni seljermekde, täze ugurlar boýunça öňdebaryjy garaýyşlary alyşmakda oňyn ýardam berer” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijesinde öňde goýlan maksatlara ýetilendigini nygtamak bilen, Prezident Abdulla Güle ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we doganlyk türk halkyna bagt, abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle söz berilýär.

Döwletara gatnaşyklarynyň artýan depginini bellemek bilen, Türkiýe Respublikasynyň baştutany soňky bäş ýylyň içinde öz taryhy Watany Türkmenistana bäş gezek gelendigini belledi.

Türkmenistana soňky gezek gelen wagtyndan bäri türkmen paýtagtynyň has-da gözelleşendigini, onuň ösüş depginlerine haýran galýandygyny aýtmak bilen Türkiýe Respublikasynyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentine we tutuş türkmen halkyna tükmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.

Jenap Abdulla Gülüň nygtaýşy ýaly, ikiçäk duşuşygyň we giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe meselelerine seredildi. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen döwletiniň häzirki ösüş depgini, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklary hakynda gürrüň berdi.

Biz Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda uly üstünlikleri gazanandygyna guwanýarys diýip, türk lideri sözüni dowam etdi. “Türkiýe we Türkmenistan bu ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar, biz bu gatnaşyklarda has uly sepgitleri eýelemäge çalyşýarys”.

Türkmenistanyň halkara giňişliginde gazanan abraýy türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän Bitaraplyk we “açyk gapylar” syýasatynyň netijesidir diýip, Türkiýäniň Prezidenti bu syýasatyň Türkmenistana ähli goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge hem-de sazlaşykly ösüşde belent sepgitleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini belledi. “Türkmenistan Aziýa yklymynyň parlak ýyldyzyna öwrülmegi başardy”.

“Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklar aýratyn wasp edilmäge mynasypdyr. Türkmenistan biziň taryhy Watanymyzdyr. Türkiýe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletdir. Şu gün men Türkmenistanyň ýokary sylagyna eýe boldum. Ony maňa meniň doganym Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy. Men bu sylagy buýsanç bilen götererin. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Türkiýä sapary mahaly biziň ýurdumyzyň ýokary sylagy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşuryldy. 2012-nji ýyly biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynda altyn ýyl boldy diýip aýtmak mümkin”. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň fewralynda Türkiýä resmi sapary mahaly uly dabaranyň bolandygyny ýatlady, ol iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has pugtalandyrmaga ýardam etdi we türkmen hem-de türk halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň binýadynyň berkdigini görkezdi.

Jenap Abdulla Gül iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň yzygiderli giňelýändigini nygtap, hususan-da, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň okgunly ösýändigini belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, türk firmalaryna bildirýän ýokary ynamy we goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýtdy. Türk kompaniýalary ýokary derejede işlemäge çalyşýarlar we Türkmenistany ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar diýip, ol aýtdy.

Prezident Abdulla Gül soňky ýyllarda syýahatçylyk, oba hojalygy, bilim we energetika babatda özara gatnaşyklaryň işjeňleşendigini hem belledi. Biz bilim we ylym babatda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Munuň özara gatnaşyklaryň has uly geljegi nazarlaýandygyna güwä geçýändigini türk lideri nygtady.

Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklara eýedigini we ondan rejeli peýdalanmak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtmak bilen, Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistana öz tebigy serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak we eksport etmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Abdulla Gül gepleşikleriň netijesinde türkmen energiýa serişdelerini Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa eltmek hakyndaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ylalaşyga gol çekilendigini habar berdi. Türk lideri Türkmenistanyň günbatar ugra çykmagynyň örän möhümdigini aýdyp bu babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk gazanmak üçin ähli tagallary etjekdiklerini nygtady.

Türkmenistan dünýä ösüşine saldamly goşant goşmak bilen depginli ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär diýip, ol sözüni dowam etdi, ýakynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň bir bölegi açyldy we biz Türkmenistandan Türkiýä çenli we ondan aňryk täze awtomobil ýoluny açmak baradaky meselä hem garadyk.

“Şu gün biz Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşarys, şeýle hem meni Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bu ýokary okuw mekdebiň hormatly professory diýen adyň berilmegi bilen bagly dabaralara gatnaşmaga çagyrdylar. Türkmen doganlarymyzyň we Türkmenistanyň gazanýan uly üstünlikleri mende buýsanç duýgusfyny döredýär” diýip, Prezident Abdulla Gül sözüniň ahyrynda aýtdy.

Metbugatyň wekilleri bilen duşuşyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary “Oguzhan” köşgünden Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulýan ýerine ugradylar.

Halkara türkmen-türk uniwersiteti 1994-nji ýylda döredildi, häzirki wagtda ýokary okuw mekdebiniň üç bölüminde – inženerçilik, mugallymçylyk hem-de telekeçilik we halkara işewürligi bölümlerinde talyplaryň 2 müňe golaýy okaýar. Ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamak bilen birlikde, bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we ösdürmek babatda hem uly ähmiýete eýedir. Uniwersitetiň binýadynda ençeme gezek halkara we döwlet olimpiadalary geçirildi, ylym-bilim işi bilen birlikde, bu ýerde bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga uly üns berilýär. Ýokary okuw mekdebiniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiş gazanandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýokary okuw mekdebiniň täze şäherçesi türkmen paýtagtynyň günbatar böleginde, Köşi şäherçesinde peýda bolar. Häzirki wagtda şol ýerde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Halkara ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynda üstünlikli okamak, ylmy işleri alyp barmak we talyplaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi hem-de mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler dörediler. Ýokary okuw mekdebiniň täze şäherçesiniň gün-günden gözelleşýän türkmen paýtagtynyň ajaýyp ajaýyp keşbine gözellik goşmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň we Türkiýäniň dostluk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň täze aýdyň nyşanyna öwrüljekdigi şübhesizdir.

Täze desganyň gurluşyk meýdançasy baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Dabara gatnaşýan köpsanly myhmanlary paýtagtymyzyň döredijilik toparlary aýdym-sazlar we joşgunly tanslar bilen garşylaýarlar. Ähli ýerde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň baýdaklary parlaýar. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň baştutanlary, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, žurnalistler, paýtagtymyzyň talyp ýaşlary ýygnandylar. Dostlukly ýurduň iri ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Iki döwletiň Liderleriniň awtoulag kerweni Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň düýbüniň tutuljak ýerine gelýär.

Milli lybasdaky gyzlar dostlukly ýurtlaryň Liderlerine ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Türkmenistanyň sungat ussatlary Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Abdulla Güli köp öwüşginli çykyşlar bilen garşylaýarlar. Döwlet Baştutanlary artistleri mübärekläp, ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň binýadyny tutmak dabarasyny geçirmek üçin gurnalan çadyra geçýärler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň baýdaklary ýerleşdirilen sahna çykýarlar we özleri üçin bellenen ýere geçip oturýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Bu ýere ýygnananlara ýüzlenmek bilen, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary, türkiýeli doganlary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlap, üstünlikli türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, şeýle hem Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli bilim özgertmelerinde möhüm orun eýelejek bu şanly wakanyň çuňňur many-mazmuna eýedigini nygtady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu maksatlardan ugur alyp, biz ýurdumyzda ýene-de bir iri ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüni tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu binalar toplumynyň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar esasynda guruljakdygyny nygtady.

Bu ýerde talyplaryň okamagy we oňat dynç almagy üçin ähli şertler dörediler. Binalar toplumynyň taslama we gurluşyk işleri ösen binagärlik we inženerçilik ylmynyň gazananlary esasynda alnyp barlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň işini häsiýetlendirip, Halkara türkmen - türk uniwersiteti özüniň döredilen wagtyndan bäri ýurdymyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulandygyny we öz abraýyny iş ýüzünde subut edip gelýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ýokary okuw mekdebinde we ylym merkezinde türkmen hem-de türk mugallymlary we hünärmenleri egin-egne berip, agzybir zähmet çekýärler. Olar ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegine we täze sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bu halkara okuw mekdebinde ýokary derejeli hünärmenleriň ýüzlerçesi taýýarlandy. Olar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym we bilim edaralarynda netijeli zähmet çekýärler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Halkara türkmen - türk uniwersiteti iki halkyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň arasynda dost-doganlygy berkitmekde uly orny eýeleýär. Bu ýerde ýaşlarymyz bilelikde bilim alýarlar we özleriniň medeni-ruhy baýlygyny artdyrýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir döwleti we jemgyýeti ösdürmekde, halkyň abadan durmuşda ýaşamagynda ylmyň we bilimiň örän möhüm ornunyň bardygyny belläp, şonuň üçin hem, ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek üçin ähli zerur şertler döredilýär diýip nygtady.

“Biz şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga aýratyn üns berýäris. Sebäbi, ylymly-bilimli, giň gözýetimli ýaş nesil islendik ýurduň geljegidir!” diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda kämil milli kanunçylyk ulgamy döredildi, döwlet bilim ölçegleri girizildi, bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ylmyň örän möhüm ugurlarynda, amaly we nazary ylmy-barlag işlerini geçirmekde ýaş alymlary höweslendirmek we olary goldamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kompýuter we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça netijeli işler geçirilýär. Abraýly daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn we göni gatnaşyklary ýola goýmak hem ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk edýän döwletlerimiziň arasynda Türkiýe Respublikasynyň ilkinji orny eýeleýändigini aýratyn belledi. Türkmen ýaşlarynyň ýüzlerçesi Türkiýede bilim aldylar. Häzirki döwürde hem ýaşlarymyzyň ençemesi bu ýurtda okuwlaryny dowam edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary barha ösdürmegiň we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde we medeni taýdan özara baýlaşmagynda bu gatnaşyklaryň uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap: “Bu uniwersitetiň täze binalar toplumy Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň belent nyşany bolsun! Iki ýurduň gülläp ösmeginiň we öňe tarap bilelikde ynamly gadam urmagynyň ajaýyp nusgasyna öwrülsin!” diýip belledi.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryna ylymlar dünýäsinde täze üstünlikleri, talyp ýaşlaryna bolsa döwrebap bilim alyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi we ençeme gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra belent mertebeli myhmana – Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle söz berildi.

Öz nobatynda Prezident Abdulla Gül dabara gatnaşyjylary mübärekläp, biziň medeniýetlerimiziň we halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň ajaýyp alamaty bolan bu wakanyň aýratyn ähmiýete we çuňňur many-mazmuna eýedigini belledi. “Meniň kalbym buýsanç duýgusyndan doldy we Size çuňňur hormatymy beýan edip, pursatdan peýdalanmak bilen, türk halkynyň türkmen doganlarymyza mähirli salamyny ýetirýärin” diýip, Türkiýe Respublikasynyň baştutany belledi.

Prezident Abdulla Gülüň belleýşi ýaly, türk dünýäsiniň ýetişdiren Hoja Ahmet Ýasawy, Manas, Gorkut ata, Ulugbek, Mahmyt Kaşgarly we Magtumguly ýaly beýik şahsyýetleriň eserleri we ruhy ýörelgeleri bir millet bolup galmagymyza ýardam etdi.

Belent mertebeli myhman düýbi tutulýan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň hem milli aňyýetimiziň jebisleşmegine, umumy medeniýetimiziň ilerlemegine saldamly goşant goşjakdygyny aýdyp, onuň hem täze beýik şahsyýetleri ýetişdirmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Türkiýäniň Prezidenti sözüni dowam edip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda depginli ösýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly syýasaty, görkezýän erk-islegi hem-de Türkiýede alnyp barylýan oňyn syýasat netijesinde bu gatnaşyklar mundan beýläk hem ösdüriler. Bu ýörelgeleri ähli ugurlarda dowam ederis diýip, belent mertebeli myhman nygtady.

Biz medeniýet, bilim ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris. Bilim ähli zadyň gözbaşydyr. Bu ulgamy ösdürmäge uly maýa serişdeleri goýberilýär diýip, Türkiýäniň Prezidenti sözüni dowam etdi. Haýsy ýurduň bilimli, giň dünýägaraýyşly raýatlary bar bosla, şol döwlet hem diňe ösüşleri gazanýar. Şoňa görä-de, biziň möhüm borjumyz ýokary bilimli ýaşlary ýetişdirmekden, öz Watanyna wepaly, ýurduny ýürekden söýýän nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr diýip, jenap Abdulla Gül aýtdy.

Ylym we bilim ähli ýagşylyklaryň we gözellikleriň gözbaşydyr diýip, Türkiýäniň Prezidenti bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirmäge aýratyn üns bereris diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkiýede hem türkmen ýaşlarynyň ýüzlerçesiniň bilim alýandygyny aýtdy. Olar iki halkyň arasyndaky ynsanperwerlik köprülerini emele getirmäge saldamly goşant goşýarlar. Biziň ýetişdirjek nesillerimiz öz alan bilimi we terbiýesi bilen geljekde hem öz Watanyna wepaly gulluk ederler.

Şu gün täze binalar toplumynyň düýbi tutulýan uniwersitetde ýokary bilimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan, zehinli ýaşlaryň ýetişdiriljekdigine ynam bildirip, Türkiýäniň Prezidenti şu bilim ojagynda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täzelikleriň ornaşdyrylmagyny arzuw etdi. Belent mertebeli myhman şu bilim ojagynyň hem-de bilelikdäki mekdepleriň mugallymlaryna berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirdi.

Türkiýäniň Prezidenti sözüniň ahyrynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň düýbi tutulýan täze binalar toplumynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky üstünlikli dostluk gatnaşyklarynyň ýene-de bir kepili boljakdygyna ynam bildirip, ýygnananlaryň ählisine üstünlikler arzuw etdi.

Soňra talyplar –milli lybasdaky ýigit we gyz döwlet Baştutanlaryna ýörite gutujygy hem-de ýadygärlik senenamany getirýärler. Dabaraly pursat gelip ýetýär—Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül ýadygärlik senenama gol çekýärler we ony gutujyga salýarlar. Bu gutujyk soňra Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binasynyň binýadyna ýerleşdiriler.

Döwlet Baştutanlary çadyrdan çykyp, ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutuljak ýerine barýarlar. Däp bolşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül ýadygärlik ýazgyly gutyny uniwersitetiň täze binasynyň gurluşygynyň binýadyna goýýarlar we susguç bilen beton atyp, gurluşyga badalga berýärler.

Halkara türkmen – türk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türkiýeli kärdeşi Abdulla Gül bilen mähirli hoşlaşyp, oňa saparynyň üstünlikli dowam etmegini arzuw edýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna baryp gördi. Bu ýerde Türkiýäniň baştutanyna bu ýokary okuw mekdebiň hormatly professory diýen adyň berilmegi mynasybetli dabaraly çäre boldy.

Institutyň öňündäki meýdançada dostlukly ýurduň baştutanyny we türk wekiliýetiniň agzalaryny ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary mähirli mübärekleýärler. Iki döwletiň baýdaklary şemala pasyrdaýar. Prezident Abdulla Güli we onuň ýanyndaky wekiliýeti institutyň talyplary duz-çörek, gül desseleri hem-de aýdym-saz toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary bilen garşyladylar.

Häzir Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri—ykdysadyýet işgärlerini taýýarlaýan bilim ojagy bolup durýar. Onuň fakultetleriniň dördüsinde talyplaryň 1600-den gowragy bilim alýar. Institutyň binýadynda ylmy işgärleri – aspirantlaryň 100-den gowragyny, doktorantlary we ykdysady hünärler boýunça alymlyk derejelerine dalaşgärleri taýýarlamak işleri amala aşyrylýar. Onuň talyplary ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilen olimpiadalarda baýrakly orunlaryň 9-syny eýelediler. Şu okuw ýylynda institutyň mugallymy we talyby “Ýylyň iň gowy mugallymy” we “Ýylyň iň gowy talyby” diýen atlara mynasyp boldular. Institut halkara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen “Tempus” halkara maksatnamasynyň “Týuning” taslamasynyň utgaşdyryjysy bolup durýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary we talyplary öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman binada işleýärler we bilim alýarlar. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyzlygyň 20 ýyllygynyň bellenen ýylynda açylyp ulanmaga berildi. Ykdysadyýet şäherçesinde diňe ylmy işleri geçirmek we bilim almak üçin däl-de, eýsem, sport we döredijilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Munuň özi dürli sport ýaryşlarynda we döredijilik bäsleşiklerinde ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň uly üstünliklere eýe bolmagyna ýardam etdi.

Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül institutyň eýwanynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň taýýarlan hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň gerimini şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdy. Maslahatlar zalynyň öňünde bolsa dostlukly döwletiň baştutanyny biziň ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň taryhyna we gös-göni innowasiýalary ornaşdyrmak bilen bagly bolan işlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşan goşandy hakynda gürrüň berýän gymmatlyklar serginiň esasy bölegini eýeleýär. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanynyň ylmy işleri, özboluşly hormat diwarynda bolsa milli Liderimiziň parahatçylyk we döredijilik syýasatyna, ylmy we bilimi ösdürmäge goşan görnükli goşandy üçin mynasyp bolan ähli sylaglary we derejeleri bilen tanyşmak bolýar.

Ölçeg gurallarynyň ewolýusiýasyna we halk senetlerine bagyşlanan diwarlyklar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Aýratyn diwarlykda institutyň halkara durmuşy bilen tanyşdyrylýar. Türk döwletiniň baştutany—ykdysady ylymlaryň doktory, dürli ykdysady düzümlerde we bilim ulgamynda uly iş tejribesi bolan Abdulla Gülüň sapary hem onuň ajaýyp sahypalarynyň birine öwrüler.

Sergi bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, jenap Abdulla Gül maslahat zalyna bardy. Zalda türkmen ylmynyň wekillerini, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Hormatly professory diýen ady bermek hakynda çözgüdi dabaraly ýagdaýda yglan edildi.

Türk lideri bu belent ada parahatçylyk we jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk işine, türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostluk- doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan uly goşandy, şeýle hem ylym, bilim we medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkimekde bitiren uly hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda türk liderine degişli Diplom we akademigiň lybasy gowşurylýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlaryna we talyplaryna öňdebaryjy türkmen ýokary okuw mekdepleriniň biriniň hormatly professory bolmak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gül şu günki wakanyň türkmen hem-de türk halklarynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, biziň ýaşlarymyzyň bu gün dowam edýän doganlyk däpleriniň ýene bir nyşany bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyga ýokary baha berip hem-de edil ýaňy tamamlanan ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, Türkiýäniň baştutany olaryň örän netijeli bolandygyny belledi we iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň üstünlikli bolmagynyň dünýä we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça biziň garaýyşlarymyzyň gabat gelmeginde, ruhy we medeni kökleri bir bolan iki doganlyk halklaryň gatnaşyklarynyň kuwwatly taryhy binýadynda jemlenýär diýip nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem gumanitar ulgamynda, şol sanda netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanan ylym we bilim ulgamynda däbe öwrülen gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Biz türkmen halkynyň ägirt uly üstünliklerine guwanýarys, Türkmenistanyň okgunly ösüşine hem-de ylym we bilim ulgamyny özgertmekde siziň ýurduňyzyň gazanýan üstünliklerine buýsanç we gyzyklanma bilen syn edýäris diýip, Türkiýe Respublikasynyň baştutany aýtdy.

Prezident Abdulla Gül Türkmenistanda ylmy ösdürmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ägirt uly üns berilýändigine göz ýetirmäge mümkinçilik alandygyny nygtady. Ýokary hilli bilim, intellektual ösüş, ýaşlary ýokary ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek— milletiň geljegi şularda jemlenýär, şonuň üçin şu meselelerde hem biziň özara düşünişme tapýandygymyz aýratyn guwandyrýar diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Prezident Abdulla Gül sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna öz işine berlen ýokary baha, mähirlilik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkiýäniň baştutany geljekde hem doganlyk türk we türkmen halklaryny has-da ýakynlaşdyrmak, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Türk döwletiniň baştutany dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, ýokary okuw mekdebiň binasyndan çykdy we türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherjigine tarap pyýadalap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, gurluşygy dowam edýän Olimpiýa şäherjigi sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin desga bolup, ol Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler. Desganyň düzümine dürli maksatly binalaryň 30-dan gowragy girip, olaryň gurluşygyny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy “Polimeks” türk kompaniýasy amala aşyrýar. Adatça, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary yklymyň iň gowy türgenlerini jemleýär. Emma biziň ýurdumyzda geçiriljek Aziada-2017–niň oňa gatnaşjak ýurtlaryň sany boýunça wekilçilikli bolmagyna garaşylýar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bu möhüm desgada işleriň barşy bilen tanşandan soň, Gypjaga ugrady. Bu ýerde jenap Abdulla Gül Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hormatlap, kümmete gül desselerini goýdy, şeýle hem Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Aşgabat şäheriniň günorta bölegine, Garaşsyzlyk seýilgähine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Konstitusiýa binasy seleňläp otyr.

Türkiýäniň Prezidenti Bina gül desselerini goýup, asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň bagynda iki halkyň arasyndaky hemişelik dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň barşynda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary dowam edýär.