Ï Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze belentliklerine tarap

view-icon 845
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleýji güni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri üstünlikli geçip, iki ýurduň we halklaryň dostlukly gatnaşyklara we özara peýdaly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Muňa şol gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy aýdyň şaýatlyk edýär. Bular täze tapgyrda hökümetara hyzmatdaşlygynyň, daşary syýasat edaralarynyň, maliýe we beýleki düzümleriň hem-de gumanitar ulgamyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň esaslaryny kesgitleýär.

Ýeri gelende aýtsak, bular türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijelerini aýdyňlaşdyryp, diňe bir Aşgabadyň we Ankaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösdürilmegine degerli badalga bermek bilen çäklenmän, ykdysadyýetiň energetika, söwda, oba hojalygy ýaly möhüm ähmiýetli ugurlary, şeýle hem dürli ministrlikleriň derejesinde özara maglumatlary alyşmak boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň täze görnüşleriniň ilerlemegine ýardam berýär. Kabul edilen ylalaşyklardaky meseleler ýaşlara we sporta, medeni mirasyň goralmagyna degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Şu gün irden türkiýeli belent mertebeli myhmanyň saparynyň çäklerinde Prezident Abdulla Gül Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz türk kärdeşini mähirli garşylady.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde ýerleşýän toplumday bedewleri saklamak, köpeltmek we seýislemek, şeýle hem milli atçylyk mekdebini ösdürmek, ussat seýisleriň we çapyksuwarlaryň täze nesillerini terdiýelemek üçin göwnejaý şertler döredildi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lideriniň giň gerimli tagallalary netijesinde ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň aňrybaş tohumynyň baş sanyny köpeltmek, pudagyň düzümlerini doly döwrebaplaşdyrmak boýunça tohumçylyk-seçgi işine güýçli itergi berildi. Dünýäde täsin galdyrýan bu tohumyň giňden wagyz edilmegine, şeýle hem atçylyk sportunyň milli we halkara, şol sanda olimpiýa görnüşleriniň ösdürilmegine badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “behişdi bedewlerden” oňat baş çykarmak we olara uly sarpa goýmak bilen, daşary ýurtlarda türkmen atşynaslygyny giňden wagyz etmek, şol sanda ýurdumyzda, meselem, Türkmen bedewiniň baýramynyň çäklerinde wagyz etmek baradaky başlangyçlary öňe sürýär. Şu ýylda ählihalk tarapyndan bu baýramçylyk giň gerim bilen bellenildi we täsirli, ýatda galýan wakalaryň birnäçesine beslendi. Şolaryň arasyndan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III maslahatynyň, I Halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarkany we “Türkmen bedewi we dünýä atçylyk sungaty” diýen V Halkara ylmy maslahaty, uzak aralyga at çapyşygyny we konkur boýunça daşary ýurtly çapyksuwarlaryň gatnaşmagyndaky bäsleşigi, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini, bu baýramçylyga bagyşlanan uly döredijilik gözden geçirilişini görkezmek bolar. Şunda adaty at çapyşyklar hem geçirildi we halypa çapyksuwarlaryň arasynda milli Liderimiz ýeňiş gazandy.

... Şu gün iki doganlyk ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ahalteke atçylyk toplumyna Türkiýe Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, bu ýurduň we Türkimenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem myhman boldular. Ýygnananlar iki ýurduň Liderlerini mähirli garşylaýarlar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül Ahalteke atçylyk toplumynyň syn ediş meýdançasyna barýarlar. Ol ýere ajaýyp ahaltke bedewi çykarylýar, döwlet Baştutanymyz bu bedewi türkiýeli kärdeşine hormat goýmagyň we iki halkyň arasyndaky mähirli dostlugyň nyşany hökmünde sowgat berýär.

Türkmenlerde has gadyrly we hormatly myhmanlara ajaýyp bedewleri sowgat bermek däbi müňýyllyklardan bäri saklanyp gelýär we türkmen döwletiniň täze taryhynda-da dowam etdirilýär. Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Baştutanyna bu ajaýyp sowgady gowşurmak bilen, türkmenleriň bedewi elmydama ýakyn kömekçiden, söweşde ýa-da zähmetde ýoldaşdan hem ileri tutandygyny belledi. Bedew elmydama wepaly dostdur, dogandyr. Prezident Abdulla Güle hem Arkadaş diýen ahalteke bedewi sowgat berildi.

Bu täsin galdyrýan mele bedew häzirki zaman türkmen atşynaslygynyň taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyran meşhur Gelşikliniň neberesine degişli Gubardan we Güljandan bolan tohumyň aňrybaş ugruny dowam etdirýär.

Prezident Abdulla Gül bu sowgady tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen kabul edip, Türkiýede bedewe elmydama has asylly we owadan jandar hökmünde uly sarpa goýlandygyny, ähli döwürlerde-de oňa diňe bir ýyndamlygy we çydamlylygy üçin däl-de, üşükliligi, duýgurlygy we kalpdaky duýgulara raýdaşlygy üçin hormat goýlandygyny aýtdy. Türkiýäniň Lideri sözüni dowam etmek bilen, ahalteke atlarynyň dünýäde bedewleriň tohumynyň iň oňat we gadymy nesliniň wekili hökmünde şalara mahsus sowgat bolup durýandygyny we onuň öz ömründe iň oňat sowgat bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Türkiýäniň Prezidentine bu bedewiň aýagyny ýazyp görmek baradaky teklibini mälim etdi. Belent mertebeli myhman muňa biçak begendi we döwlet Baştutanymyzyň teklibini oňlady hem-de hormatly Prezidentimizden Arkadaşa atlanyp, onuň ýygdamlygyny görkezmegi sorady.

Milli Liderimiz özüniň işiniň köpdügine garamazdan, bedewler bilen didarlaşyp, at çapmak ussatlygyny kämilleşdirýändigini biz bilýäris. Mundan başga-da, Ahalteke atçylyk toplumynda döwlet Baştutanymyz beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen resmi däl ýagdaýda duşuşyklary guraýar. Döwlet we resmi saparlaryň resmi maksatnamasy bolmak bilen, bu duşuşyklar daşary ýurt metbugatynda öz beýanyny tapýar. Olarda hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewlerine bolan aýratyn gatnaşygy we çapyksuwarlyk sungatyny kämilleşdirýändigi barada aýdylýar.

Birnäçe minutdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti çapyksuwaryň lybasynda toplumyň gözden geçiriş meýdançasyna çykdy. Döwlet Baştutany Arkadaşa atlanýar we onda gezelenç etmek arkaly belent mertebeli türkiýeli myhmana bu bedewiň ähli artykmaç taraplaryny, onuň çapyksuwaryň diýenini, buýurýan ýumuşlaryny başarnykly berjaý edýändigini görkezýär.

Milli Liderimiziň ýany bilen Ahalteke toplumynyň çapyksuwarlarynyň ikisi bar. Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşligiň barşynda bu hojalykdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzykdanyp, şol ýerde “behişdi bedewleri” ösdürip ýetişdirmek, atçylyk sportuny ösdürmek boýunça dünýäde toplanan iň oňat tejribäni öwrenmek barada tabşyryk berdi.

Soňra döwlet Baştutany Arkadaşy çapuw ýodasyna tarap sowýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki çapyksuwarlaryň ikisi bilen deň durup, bedewiň ýyndamlygyny görkezmäge taýynlyk görýär. Ahalteke bedewleri bat alyp, çapyp ugraýarlar we tiz wagtdan Arkadaş öňe saýlanyp, 1200 metr aralygy ilkinji bolup, 1 minut 25 sekuntda geçýär.

Ýygnanan märeke at çapmakda ýene-de öz ussatlygyny görkezen türkmen Lideriniň şanyna şowhunly el çarpýar. Şunuň ýaly pursatlarda watandaşlarymyzyň ählisiniň kalplaryny öz eziz Watanymyza, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize buýsanç duýgusy gurşap alýar. Eziz Türkmenistan öňe, diňe öňe tarap diýen sözler döwlet Baştutanynyň münen ahalteke bedewiniň batly çapuwyny görenimizde kalbymyzda sazlaşykly ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti bedewden düşüp, Türkiýäniň Prezidentini barha berkeýän türkmen-türk dostlugynyň nyşany bolup durýan bu ajaýyp bedew bilen ýene-de bir gezek gutlaýar.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gul bilelikde, abraýly halkara bäsleşiklerinde we sergilerinde birnäçe gezek ýeňiji bolan aňrybaş tohumlara degişli ahalteke bedewleriniň gözden geçiriliş sergisine uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Şondan soňra täsirli atçylyk-sport tomaşasy -- märekede ýakymly täsir galdyrýan türkmen jigitleriniň we tanymal “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we ýaş jigitleriniň uly täsir galdyrýan çykyşlary boldy.

Jigitleriň görkezme çykyşyna “Dotsluk” atly kompozisiýa goşuldy, şonda bedewleri çapmak arkaly çapyksuwarlaryň şekil gurmagyna bagyşlanan çykyşy görkezildi. Şol şekiliň çür başynda iki baýdak – türkmen we türk baýdaklary pasyrdan mahalynda el çarpyşmalar has-da batly ýaňlandy. Pasyrdaýan baýdaklary elinde saklaýan atlylaryň bedewleri batly çapmagyna syn etmek diýseň uly täsir galdyrýar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy halkymyzyň bütindünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandy hasaplanýan “behişdi bedewleriň” täsin galdyrýan gözelligini, görmegeýligini, ýyndamlygyny we birgeňsi syratyny haýran galmak bilen synlady. Biziň jigitlerimiz ussatlyk bilen çykyş edendikleri üçin hoşallyk sözlerine mynasyp boldular. Prezident Abdulla Gül olar bilen söhbetdeş bolan mahalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny Türkiýede çykyş etmäge çagyrdy we şol çykyşlaryň türkiýeli tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygyny belledi.

Iki döwletiň Baştutanlary “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen bilelikde bu ýatdan çykmajak duşuşykdan ýadygärlik hökmünde bilelikde surata düşdüler.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Liderleri mähirli, doganlarça hoşlaşyp, düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri babatda kanagatlanma bildirmek bilen, türkmen we türk halklarynyň adyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar. Prezident Abdulla Gül hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik we ajaýyp sowgat üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we doly möçberli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady.

Şu gün Prezident Abdulla Gül öz watandaşlary – Türkmenistanda işleýän türkiýeli işewürler bilen duşuşdy.

Bu duşuşyk paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirildi, bu ýerde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: gurluşyk, energetika, dokma, ýeňil we azyk senagatynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda oba hojalyk pudagynda we beýleki ugurlarda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, işewürler ýygnandylar.

Duşuşykda türk işewür toparlarynyň wekilleri ýokary derejede geçirilen türkmen-türk gepleşikleriniň netijeleri babatda çuňňur kanagatlanma bildirip, bularyň däbe öwrülen gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini bellediler.

Öz gezeginde Prezident Abdulla Gül olaryň türkmen Liderine we doganlyk türkmen halkyna hoşallyk babatdaky ýakymly sözlerine dolulygyna goşulýandygyny aýtdy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara turkmen-türk toparynyň we türkmen-türk işewürlik geňeşiniň işiniň dostlukly iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi. Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatda geçirilýän Gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi özara peýdaly ikitaraplaýyn we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini aýdyň görkezýän waka hasaplanýar.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň işjeň gatnaşmagynda Türkmenistanda senagat, durmuş, önümçilik we medeni maksatly binalaryň we desgalaryň onlarçasy guruldy we gurulýar. Nebitgaz, energetika we dokma senagatyna, gurluşyk pudagyna degişli döwrebap desgalar, ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, sagaldyş we medeni - dynç alyş merkezleri, seýilgäh we suw çüwdürimleriniň toplumlary we başga-da birgiden binalar muňa mysal bolup biler. Aýdyň we wajyp ähmiýetli netijelerde öz beýanyny tapýan şunuň ýaly özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlyk doganlyk iki döwletiň ykdysady hyzmatdaşlygynyň barha berkeýändigini aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleri hem artýar. Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Türkmenistanda we Türkiýede milli Söwda öýlerini açmak göz öňünde tutulýar.

Syýahatçylyga degişli döwrebap desgalaryň ulgamyny döretmek biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlaryň ýene-de biridir. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça uly möçberli taslamany amala aşyrmakda hyzmatdaşlygyň hut şu ugruna täzeden güýçli itergi berildi. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkiýäniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryndaky orunlaryny giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar. Oňyn maýa goýum ýagdaýy onuň möhüm şerti bolup durýar. Bir söz bilen aýdylanda, ikitaraplaýyn başlangyçlar örän köp. Iň esasysy bolsa, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin syýasy erkiň we işewürlik derejesindäki özara gyzyklanmalaryň bardygydyr.

Prezident Abdulla Gülüň Türkmenistana nobatdaky sapary we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegi hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, bu babatda entek peýdalanylmaýan mümkinçilikleri kesgitlemekde we onuň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşygyň ösüşini täze derejä ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.

Soňra Prezident Abdulla Gül türkmen paýtagtynyň has uly metjidi hasaplanýan Ärtogrul gazy metjidine bardy, bu metjit özboluşly gurluşy bilen, Aşgabadyň bezegini artdyrýan binalaryň biridir.

Bu ýerde belent mertebeli myhman anna günündäki öýle namazyna durdy.

Günüň ikinji ýarymynda Prezident Abdulla Gül “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Türkiýäniň Baştutanynyň ýurdumyza döwlet saparynyň netijeleri we ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda kabul edilen we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren täze ylalaşyklar türkiýeli žurnalistler bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meselä öwrüldi. Bu duşuşygyň başynda bu ýere ýygnananlaryň we tütüş türkmen halkynyň adyndan belent mertebeli myhmana Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagynyň “Prezidentiň ýyldyzynyň” gowşurylmagy we oňa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Hormatly professory adyň dakylmagy mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.

Soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap bermek bilen, Türkiýe Respublikasynyň baştutany biziň ýurdumyza bolan saparynyň jemlerine ýokary baha berdi we onuň ýokary derejedäki duşuşyklarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin möhüm çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berendigini belledi. Energetika ulgamy uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolup durýar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ikitaraplaýyn resminamalar arkaly berkidildi. Ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Ýangyç-energetika toplumy we ilkinji nobatda, gaz pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna tebigy gazy ibermek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekilmegi bilen şu pudakda täze mümkinçilikler döreýär. Şunuň bilen baglylykda, žurnalistleriň we synçylaryň sowallary Türkiýäniň dünýäde nebitgaz serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolup durýan döwletleriň hataryna girýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine, özara peýdaly hyzmatdaşlyga, şeýle hem ählumumy energetiki howpsuzlygyň ulgamynyň döredilmegine degişli boldy. Ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek baradaky Rezolýusiýanyň Milletler Bileleşiginiň agzalary bolup durýan döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilmegi şu meseläniň dünýä bileleşigi üçin möhümdigini äşgär edýär. Hususan-da, bu rezolýusiýa energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna geçirijiler we ýangyjy ibermegiň beýleki ulgamlaryny ulanmak arkaly ygtybarly ýetirmek işinde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Energiýa göterijileriň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirmegiň meseleleri boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyna başlandy. Şu jähetden türk Lideri BMGäniň Baş Assambleýasynyň 17-nji maýda geçirilen 67-nji maslahatynda energiýa göterijileri durnukly üstaşyr geçirmek boýunça kabul eden rezolýusiýasynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Onuň bilelikdäki awtorlary bolup, 70-den gowrak ýurt çykyş etdi.

Bu Rezolýusiýanyň türkmen tebigy gazyny we ondan aňryk Ýewropa ugratmagyň energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini şertlendirer diýip bellemek bilen, Prezidenti Abdulla Gül Türkiýäniň Türkmenistanyň BMG-niň derejesinde öňe sürýän ähli işjeň başlangyçlaryny, bitaraplyk esaslarynda ýola goýulýan parahatçylyk döredijilikli syýasatyny golaýandygyny aýtdy.

Prezident Abdulla Gül metbugatyň wekilleri bilen duşuşygyň barşynda Türkiýede Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga strategiki ähmiýet berilýändigini we munuň iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, olaryň üstaşyr geçýän ýollaryň çatrygynda geosyýasy orny eýelemegi, şeýle hem biziň halkarymyzyň taryhy ýakynlygy bilen şertlendirilendigini belledi.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň çaltlandyrylmagyna, döwletara gatnaşyklarynyň derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna laýyk gelýändigi hem-de Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça kabul edilen ylalaşyklaryň muňa ýardam berjekdigi nygtaldy.

Geljekde-de hyzmatdaşlygyň birgiden ugurlarynda, esasan, söwda, maliýe, oba senagaty, gurluşyk, gumanitar we hukuk ugurlary boýunça türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde oňaýly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. 30-njy maýda Aşgabatda taraplaryň gol çeken resminamalarynda hyzmatdaşlygyň möhüm jähetleri öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem metbugat maslahatynda Türkýäniň Türkmenistan bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekgine garaldy. Prezident Abdulla Gül türkmen Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen DemirgazykäGünorta halkara demir ýol ugrunyň gurluşygy boýunça taslamasynyň Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlaryny baglanyşdyrýan amatly hem-de ykdysady taýdan bähbitli ugry açýandygyny belledi. Şunlukda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerlleşendigini belledi. Bu ýurduň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugry geçipdir, ol sebitleýin we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesinde ýerleşýär diýip, myhman aýtdy. Şu jähetden türk kompaniýalarynyň “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçilikleri barada gürrüň boldy.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň tejribesinden görnüşi ýaly, anyk maksatlara ýetmek, söwda we özara peýdaly maýa goýum hyzmatdaşlygyny üsütünlikli ösdürmek onuň esasy meýilleriniň biri bolup durýar. Däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze mümkinçilikleri Türkmenistanda bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk pudagyny, söwda flotuny we deňiz menziliniň düzümini ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalar bilen baglanyşyklydyr.

Şu jähetden Prezilent Abdulla Gül türkmen žurnalistleri bilen duşuşygy mahalynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzilini döwrebaplaşdyrmak we Hazaryň kenarynda dünýä derejeli şypahana zolagyny döretmek maksady bilen, Türkiýäniň tejribesiniň ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Abdulla Gül türkiýeli hyzmatdaşlaryň Türkmenistana deňiz gatnawlary ulgamyny ösdürmekde, türkiýeli işewürleriň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň çägini giňeltmekde öz tejribelerini hödürläp biljekdiklerini aýtdy.

Men Awazada üç gezek boldum we onuň uly geljeginiň bardygyna göz ýetirdim diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Ol ýerde gurulýan kuwwatly düzüm, myhmansöýerlik we şypahana-sagaldyş ulgamy pudakda häzirki zaman hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen täze wezipeleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda Türkiýe syýahatçylyk ulgamynyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşdirilmegine öz goşandyny goşmaga taýýardyr.

Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana şu saparynyň syýahatçylyk we medeni miras boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berjekdigine söz ýok, munuň özi, esasan, biziň halklarymyzyň taryhy, medeni däp-dessurlarynyň we dilleriniň meňzeşligi bilen şertlendirilendir. Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň aprasynda medeni we ylmy taýdan alyş-çalyş göwnejaý derejede ýola goýuldy, türkmen we türk halklarynyň sungaty, sazy, filosofik-edebi mirasy bilen tanyşdyrýan sergiler we çykyşlar, halkara maslahatlary guralýar.

Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministrliginiň Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň (TIKA) arasyndaky ylalaşyklarda şol hyzmatdaşlyk has aýdyň görkezildi. Bu resminamalar Soltan Alp Arslanyň guburynyň gözlegi we kümmetiniň gurluşygy babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Teswirnamadan hem-de Sahabalar Hakam Al – Gifari bilen Bureýda Al-Aslaminiň kümmetlerini rejeleýiş we abatlaýyş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky teswirnamadan ybaratdyr.

baglanyşdyrýan gadymy ruhy-medeni köklerimiz häzirki döwürde biziň dostlugymyz arkaly ruhlanyp, ýyl-ýyldan özüniň oňyn netijesini berýär. Bu bolsa işjeň gatnaşyklary täze tapgyrda üstünlikli dowam etmegiň ygtybarly kepilidir diýip, Türkiýäniň baştutany aýtdy.

sapar meniň Türkmenistana bolan bäşinji saparymdyr diýip bellemek bilen, Abdulla Gül 2007-nji ýylda Türkiýäniň Prezidentligine saýlanandan soň Orta Aziýa sebiti boýunça ilkinji sapary Türkmenistana amala aşyrandygyny aýtdy. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň hormatly Prezidenti hem Türkiýä bäş sapary amala aşyrdy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanandan soň özüniň daşary ýurtlara ilkinji saparyny Türkiýe Respublikasyna amala aşyrdy diýip myhman aýtdy.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda uly ösüşe eýe bolandygyny nygtamak bilen, belent mertebeli myhman bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly tagallasynyň bardygyny belledi we özüniň türkmen Lideri bilen örän gowy şahsy, doganlyk gatnaşyklarynyň bardygyny aýtdy.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň maňa ajaýyp ahalteke bedewini rowa görmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bahasyz sowgat meniň ýüregimde uly buýsanç hem-de hoşallyk duýgusyny döretdi diýip bellemek bilen, Prezident Abdulla Gül Ahalteke atçylyk toplumynda bolmagynyň özünde ýatdan çykmajak täsirler galdyrandygyny we onuň saparyň jemleýji gününiň ýakymly pursatlaryna öwrülendigini nygtady. Özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýan ajaýyp atlary göreniňde we türkmen jigitleriniň at üstündäki oýunlaryny synlanyňda kalbyň joşa gelýär diýip, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany gürrüňini dowam etdi we türk tarapynyň türkmen jigitleriniň çykyşlaryny öz ýurdunda guramaga meýillidigini mälim etdi.

... Žurnalistler bilen duşuşyk tamamlanandan soň, “Oguzkent” myhmanhanasyndan çykyp, Türkiýäniň Lideriniň ulag kerweni Aşgabadyň howa menziline bardy we şol ýerden Türkiýä ugrady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana tamamlanan döwlet sapary iki ýurtlaryň gatnaşyklarynyň senenamasynda aýdyň sahypany ýazdy we deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk esasynda ýola goýulýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde täze gözýetimleri açdy.