Şu gün paýtagtymyzdaky “Sergi köşgi” sergiler merkezinde pudaklaýyn halkara forumy – “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagat pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly sergi we maslahat işini tamamlady. Ol şanly senä -- Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.
Türkmen dokmaçylarynyň gazananlarynyň Aşgabatda her ýyl geçirilýän gözdengeçirilişi bu pudakda netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, uzak geljege niýetlenen özara hereketiň mäkäm gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikler arkaly özüne çekýän dünýä işewürligine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan pudagyň hünärmenleriniň tejribe alyşmaklary üçin netijeli meýdança öwrülmek bilen sergi häzirki wagtda dokma senagatynyň ösüşiniň iri merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň yzygiderli ösýän bazaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürleriniň çekilmegine ýardam edýär, Şonuň üçin hem bu pudakda täze tehnologik işläp taýýarlamalara, öňdebaryjy enjamlara gyzyklanma ýokarydyr.
Şonuň üçin hem foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan iri kompaniýalaryň onlarçasynyň, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Lýuksemburgdan, Hindistandan, wekilleriň gatnaşmagy kanunalaýykdyr. Olar özleriniň täze işläp taýarlamalaryny we tehnologiýalaryny beýan etmäge bolşy ýaly, marketing we menejment pudagynda, ýokary moda ulgamynda teklipler bilen çykyş etmäge hem mümkinçilik aldylar.
Gözden geçirilişe hemişe gatnaşýanlaryň arasynda desgalaryň ozalky hyzmatdaş potratçylary “Kotam Enterpraýzis”, “Engin grupp”, “Norsel International”, “Folkestone Holding INK” (Türkiýe), enjamlary, barlag-ölçeýji ulgamlaryny we dokma reňklerini öndürijiler bolan “Trutzschler”, “Their”, “Oerlikon Schlafhorst”, “Volkmann” ,“Terrot”, “Thies” (Germaniýa), “MCS”, “Unitech”, “Savio”, “Marzoli”, “Canalair” (Italiýa), “Picanol” (Belgiýa), “Rieter”, “Uster”, “Bezema” (Şweýsariýa) we beýleki köp sanly kompaniýalar bar.
Olaryň ýardam bermegi bilen ýurdumyzda aňrybaş döwrebap dokma toplumlary gurulýar we enjamlaşdyrylýar, olaryň köpüsi sebitde ýokary hilli nah mata we garyşyk ýüplükleri, matalary, taýýar tikin we trikotaž önümleriniň giň görnüşlerini, şeýle hem panbarhat matalarynyň dürli görnüşlerini we şifony çykarmak boýunça sebitde iri kärhanalar bolup durýarlar.
Koreýanyň “Kitech” senagat tehnologiýalar institutynyň howandarlygyndaky işläp taýýarlaýjy kompaniýalar foruma yzygiderli gatnaşyjylar boldular. Koreý hünärmenleriniň ylmy tutumly, ýokary tehnologik, esasan hem ekologik howpsuz önümçiliklerini işläp taýýarlamakdaky we ornaşdyrmakdaky uly tejribesi biziň ýurdumyz üçin Watanymyzyň dokma pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini çözmek nukdaýnazaryndan, hususan-da, poliefir emeli süýümleriň, garyşyk ýüplükleriň hem-de dürli görnüşli matalaryň, mahmalyň we olardan taýýarlanan önümleriň, şeýle hem dokma bezegleri ulgamynda önümçiligiň ösüşinde uly gyzyklanma döredýär.
Haly önümçilik pudagyndaky senagat esasynda täze çözgütler bilen foruma ilkinji gezek gatnaşyjylar – Belgiýanyň “Mattys group”, “Wan de Wiele” kompaniýalary, şeýle hem Lýuksemburgyň “Bejimac Sa” kompaniýasy çykyş etdiler. Olar türkmen bazarynyň mümkinçiligine örän uly gyzyklanma bildirip üns berýärler. Dokma reňklerini, himikatlary we bezeg üçin beýleki kömekçi serişdeleri öndürmäge ýöriteleşdirilen Russiýanyň “Globalhim” kompaniýasynyň işewürleriniň gatnaşandygyny hem belläp geçmek möhümdir. Olar bilen ýurdumyzda pudak üçin möhüm bolan, ýöne häzirki wagtda daşary ýurtdan satyn alynýan önümi öndürmek boýunça ilkinji bilelikdäki kärhanany döretmek barada işjeň gepleşikler alnyp barylýar.
Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren köp sanly duşuşyklary we gepleşikleri sergi forumynyň maksatnamasynyň baý mazmuna eýedigini şertlendirdi. Ol bolsa, geljekde göni işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda özara bähbitlidir. Sergä gatnaşyjylaryň bu gepleşikleri Dokma senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda geçirilen maslahatyň işiniň barşynda dowam etdi. 20 töweregi çykyşlar beýan edildi. Olaryň mowzugy pudak üçin möhüm bolan ugurlary – önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we ykdysady taýdan netijeli bolan täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, dokma senagatynda döwrebap meýilleri, türkmen dokma önümlerini daşarky bazarlarda ýerleşdirmek, işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine aldy. Bellenilişi ýaly, uly kuwwat we okgunly ösýän bazar, pudagyň ösýän düzümleri biziň ýurdumyzy işewür hyzmatdaşlyk üçin özüne çekiji edýär. Onuň aýdyň netijeleri paýtagtyň sergi merkeziniň zallarynda şöhlelendi.
Giň sergi ekspozisiýasy ýurdumyzda öndürilýän köp dürli dokma önümleriniň täsin galdyryjy möçberini özünde jemledi. Pagta-süýüm, nah ýüplügi we matalar, taýýar tikin we trikotaž önümleri, çagalar we ulular üçin jinsi egin-eşikleriniň giň görnüşleri, ýüpek süýümi we sapagy, panbarhat, milli keteni matalary we elde dokalan täsin ýüpek halylary biziň ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň diwarlyklarynda görkezildi.
Ýöne türkmen dokmaçylarynyň pagtadan we ýüpekden öndürilen ýokary hilli we owadan önümleriniň täsir galdyryjy üstünlikleriniň iň ajaýyp beýany hökmünde häzirki wagtda Awstriýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Latwiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly sahnalarynda hödürlenen türkmen modasy görkezildi. Milli lybaslaryň gadymy däplerini hem-de döwrebap täzelenişleri utgaşykly beýan edip, ýurdumyzyň bezegçileriniň döredijilik joşguny we zehini bilen döredilen ajaýyp modaly önümleri türkmen matalarynyň şek ýetmez abraýynyň iň oňat mahabatyna öwrüldi. Türkmen paýtagtynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary moda boýunça ussatlarynyň görkezen bezegçilik toplumlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Muňa Aşgabat sahnasynda belli türk biçimçisi Muammer Ketençiniň soňky önümleriniň, şeýle hem dünýä belli “Belles of London” kompaniýysy tarapyndan hödürlenýän “Fashion capital” britan bezegçileriniň ýüpek modelleriniň häzirki görkezilişi hem şaýatlyk etdi.
Pudak gözden geçirilişiniň işiniň dowamynda iri sergä pudagyň hünärmenleriniň, işewürleriň, aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördüler.
Şeýlelik bilen, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagat pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly sergi we maslahat geljegi uly bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmak, dünýäniň köp ýurtlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýolunda nobatdaky uly ädime öwrüldi. Ýapylyş dabarasynyň çäklerinde sergä we maslahata gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda diplomlar we degişli sertifikatlar gowşuryldy.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Türkmenistanyň Dokma senagatynyň gazananlaryna we geljekki ösüşlerine bagyşlanan serginiň we ylmy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine beren ýardamy we goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.