Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 713
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaçalara ideg etmegiň we galla oragynyň barşy, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurulýan möhüm desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz sebitde Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini hem-de oba ilaty üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekde dürli edaralaryň ysnyşykly hereket etmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Ähli taraplary boýunça ygtybarlylygyň, durmuş üpjünçiliginiň we estetiki taýdan bezegiň häzirki zaman ülňülerine gabat gelmeli desgalarda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçiligi güýçlendirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak, hususan-da, gowaçalara ideg etmek, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Häkim welaýatda pile öndürmek boýunça önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle hem ol welaýatyň senagat düzümini ösdürmek babatda alnyp barylýan işler we öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri barada aýtmak bilen, sebitiň önümçilik kuwwatyny we onuň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýat boýunça alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, galla oragyny guramaçylykly we gysga möhletlerde geçirmek babatda sazlaşykly işleriniň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatda pile öndürmek boýunça öňde duran wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, gowaçalara ideg etmegiň depginleri, şeýle hem galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň derejesi hem-de ýüpekçilik pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işleri hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde oba hojalyk önümçiliginiň, ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz pile öndürmek boýunça öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek, boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi. Möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony ýokary derejede tamamlamak häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz häkimden bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem welaýatyň häkiminiň ünsüni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meselelerine çekdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol hasabatyny welaýatyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem häkim häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleri, gowaçalara ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatyň durmuş-senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak we täze desgalary gurmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi mynasybetli häkimi we welaýatyň zähmetkeşlerini gutlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň medeni-durmuş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek, oba hojalyk pudagynda möhüm tapgyr bolan galla oragyny guramaçylykly geçirmek, gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz demirgazyk sebitiň durmuş-medeni ulgamyny we pudaklaýyn düzümini ösdürmäge maksatlaýyn çemeleşmäniň ähmiýetini belläp, bu işleriň depginini güýçlendirmek boýunça görkezmeleri berdi

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýaty ösdürmegiň esasy ugurlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, gowaçalara ideg etmek we galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem häkim sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda işleriň ýokary derejede guralmalydygyny, häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz gowaçalara ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak, oraga dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli welaýatlaryň häkimlerine welaýat häkimlikleriniň buýurmasy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalaryň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz binalaryň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak, ozaly bilen, şol ýerde ekilen baglara ideg işlerini güýçlendirmek boýunça görkezmeleri berdi. Çünki, gök öwüsýän baglar diňe gözüňi dokundyrmak bilen çäklenmän, eýsem, amatly howa ýagdaýny döredip, Hazaryň türkmen kenarynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaly hem-de bu ýere saglygyny berkitmek we dynç almak üçin gelýän adamlar göwnüni götermelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Hojamuhammedowy we S.Toýlyýewi, şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewi çagyrdy. Bu edaranyň ýolbaşçysy dynç alyş möwsüminiň öň ýanynda «Awaza» milli sýahatçylyk zolagynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, hasabatda deňiz şypahanasy üçin özleşdirilýän ýerleri netijeli peýdalanmak, düzüme girýän desgalary we binalary aýawly saklamak we bu jana şypaly mekany bagy-bossanlyga bürenmek bilen bagly meseleler gozgaldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýerlere şypahananyň gök zolaklaryny degişli tertipde saklamak boýunça işleriň hiliniň pesdigi sebäpli düýpli tankydy belliklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda oturdylan agaç nahallaryna yzygiderli ideg etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda seýilgäh işlerine uly üns bermegi talap etdi.

Bu işleri geçirmezden, amatly dynç alyş gurşawyny ösdürmegiň mümkin däldigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz oňa ylmy çemeleşmeleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy maslahat berdi. Milli Liderimiz şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky şypahana, sport we dynç alyş desgalarynyň netijeli ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ösen şypahana düzümini kemala getirmek bilen bagly ähli meseleleri gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan gurluşygyň depginleriniň güýçlendirilmegini we olaryň çäklerine ýaş agaç nahallarynyň oturdylmagyny hem-de olara göwnejaý ideg edilmegini talap edip, bu giň gerimli özgertmelerde iň gowy daşary ýurt tejribesini ulanmagyň möhümdigini belledi. Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow, «Türkmengaz» döwlet birleşiginiň başlygy K.Abdyllaýew we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy M.Balakaýew çagyryldy. Olar özlerine ynanylan düzümlerde işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hususan-da, «Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň barşy barada, ýurdumyzda nebiti we gazy çykarmagyň möçberini artdyrmak, şeýle hem nebithimiýa önümleriniň we mineral dökünleriniň önümçiligi boýunça meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler, milli ykdysadyýetimiziň bu pudaklarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň öňe ilerledilişi barada habarlar aýdyldy.

Hasabatlary diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmekde ýangyç - energetika toplumyna möhüm ornuň degişlidigini, onuň barha ösüşlere beslenmeginiň halkyň abadançylygyny gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebitgaz we himiýa senagatynyň ýolbaşçylarynyň adyna özlerine ynanylan pudaklaryň kärhanalarynyň işlerine gözegçiligi gowşadandyklary, goýberen kemçilikleri üçin birnäçe düýpli belliklerini aýtdy hem-de gysga wagtyň içinde bu babatda degişli çäreleri görmek üçin birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatanaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi, maliýe ministri D.Sadykowy hem-de ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganowy bir wagtda çagyrdy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza gözegçilik eýdän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň görkezmesi boýunça şu ýylyň 31-nji maýynda GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Belarus Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri hakynda jikme-jik habar berildi. Mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we innowasion hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi. Duşuşygyň barşynda daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy, innowasion ösüşiň döwletara maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, şonda GDA-nyň giňişliginde netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Maliýe ministri D.Sadykow öz gezeginde garamagyndaky düzümleriň işleri, şeýle hem «Türkmenistanda buhgalteriýa hasabatyny we auditini özgertmegiň maksatnamasyny», «Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak maksadynda görülýän çäreler barada habar berdi.

Soňra çykyş eden ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganow ýolbaşçylyk edýän edarasynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilşi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň düzümine girýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegi türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, türkmen halkyny şol döwletleriň halklary bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär diýip belledi. Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklarda işjeň orun eýelemek bilen, netijeli gatnaşyklary giňeltmäge hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri amala aşyrmaga ýardam edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary jemläp, maliýe serişdelerini dolandyrmakda işleri has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Geljek ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetini düzmek bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz býujetiň girdejileriniň, çykdajylarynyň we karzlaşdyrmagyň umumy derejesini kesgitlemegi tabşyrdy. Şunda häzirki we geljekki býujet döwürleriniň ikisi üçin hem Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň çaklanylýan esasy makrogörkezijilerini nazara almak, şeýle hem býujet serişdelerini peýdalanmagyň netijeliligini seljermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, maliýe durnuklylygynyň, makroykdysady sazlaşygyň, milli puluň hümmetiniň berkliginiň serişdeleri dolandyrymagyň esasy maksady bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi, Türkmenistanyň Goranmak ministri B.Gündogdyýewi çagyrdy.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde gurlan desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlygyň barşy hakynda habar berdi.

Ulag we aragatnaşyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň bir bolup durýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudaklaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak we degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Garlyk şäherçesinde täze desgalary ulanmaga bermek dabarasyna gabatlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, Milli özgertmeler maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak babatda bu şanly wakanyň ähmiýetini belledi. Şol maksatnamanyň esasy maksady bolsa adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri üpjün etmek bolup durýar.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi, ol mili Ýaragly Güýçlerimizi has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, şeýle hem Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwletimiziň geljekde hem ata Watanymyzda asudalygyň, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň kepili bolup durýan ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny berkitmäge uly üns berjekdigini belläp, milli Liderimiz harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, hünärli harby işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň möhümdigini aýtdy we ministre degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowy we demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowy çagyrdy. Olar özlerine ynanylan pudaklarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, dünýä belli «Boing» amerikan uçargurluşyk kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda biziň ýurdumyza häzirki zaman ýolagçy uçarlarynyň ýene-de biriniň getirilendigi barada hoş habary ýetirdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, biziň döwletimiz ýurdumyzyň raýat awiaziýasynyň maddy--enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda şu maksatlar üçin yzygiderli çäreleri görüp, döwrebap uçarlary satyn almagyň hasabyna pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini gowulandyrmak, şeýle hem bu gullugyň işiniň beýleki ugurlary bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri öz gezeginde pudakda işleriň ýagdaýy, şeýle hem möhüm polat ýoluny gurmak boýunça işleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan «Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan» demir ýolunyň türkmen böleginiň düýbüni tutmak dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, dostlukly üç ýurdy baglanyşdyrjak demir ýoly gurmagyň taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy sebitde köpugurly ulag ýollaryny ösdürmäge we onuň halkara ulag--aragatnaşyk halkara düzümine netijeli goşulmagyna ýardam eder diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze demir ýoluň türkmen böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun eýelejek «Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygy bilen bagly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz demir ýol pudagyny has-da ösdürmegi hem-de ýurdumyzyň ägirt uly üstaşyr-ýol mümkinçiliklerini amala aşyrmagy nazara almak bilen, pudagyň öňünde goýlan ähli wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini nygtady,

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik eýdän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäheriniň golaýynda ýerleşýän Garagoýunly Türkmenleriň kümmetini rejelemek boýunça göz öňünde tutulýan işleriň ylmy esaslandyrmasy we taslamalary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze taryhy eýýamda biziň ýurdumyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň aýawly saklanylmagyna we öwrenilmegine, şeýle hem degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary boldy. Şonda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň düzümine giren medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin Ermenistanyň taryhy ýadygärliklerine we gözeg künjeklerine, şol sanda Garagoýunly Türkmenleriň kümmetine baryp görmäge mümkinçilik döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen hünärmenleriniň döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin Ermenistana iş saparynyň barşynda geçiren ylmy-barlag işleriniň netijeleri barada habar berdi. Şonuň esasynda bu taryhy-medeni ýadygärlikde dikeldiş işleriniň taslamalary taýýarlandy. Ol hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlendi.

Şeýle hem öňde boljak şanly wakalara, şol sanda «Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan» demir ýolunyň türkmen böleginiň düýbüni tutmak hem-de Garlyk şäherçesinde geçiriljek dabaralaryň medeni maksatnamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň we özboluşly medeniýetiniň aýdyň subutnamalary bolup durýan hem-de biziň ýurdumyzda, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda ýerleşýän medeni ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmek we geljek nesiller üçin aýawly saklamak meselelerine uly üns berjekdigini belledi. Garagoýunly Türkmenleriň kümmetinde dikeldiş işlerini geçirmek üçin taýýarlanan taslamalar barada aýdylanda bolsa döwlet Baştutanymyz oňa belliklerini we düzedişlerini aýdyp, ony gutarnykly işlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz öňde boljak dabaralar barada durup geçmek bilen, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda hökümetiň Baştutanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew hem-de dokma senagaty ministri S.Batyrow bilen gürrüňdeş boldy.

Gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, wise-premýer H.Muhammedow döwlet Baştutanymyza özüne ynanylan düzümleriň işiniň guramaçylyk we maddy-enjamlaýyn taýdan üpjünçiligine, söwda-dokma toplumynyň ösdürilmegine täze çemeleşmeleri ornaşdyrmaga degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmak we onuň düzümlerini gowulandyrmak, önümleriň harytlyk görnüşini üpjün etmek hem-de içerki bazary ýokary hilli we dürli görnüşli önümler bilen doldurmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Gökderede gurulýan restoranlaryň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygy barada aýtdy.

Türkmenistanyň dokma senagaty ministri S.Batyrow türkmen dokmaçylarynyň hünär baýramçylygyna bagyşlanan we dünýä dokma işewürliginiň wekilleriniň örän köp sanlysyny «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda» atly dokma önümleriniň sergisiniň we maslahatynyň Aşgabatda geçirilýän halkara dokma forumy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemlemek bilen, Watanymyzyň söwda-dokma toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak boýunça wezipeleriň pudaklaýyn düzümleriň we ykdysady ulgamyň beýleki pudaklarynyň işiniň strategiýasyny kesgitlemekde sazlaşykly çemeleşmäni talap edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, özara hereket etmegiň täze usullaryny tapmaga, haryt dolanyşygynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň serişdelerini baýlaşdyrmaga möhüm orun berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz guramaçylyk ugurlaryna, şol sanda kärhanalaryň dolandyrylyşyna we girdejililiginiň ýokarlandyrylmagyna, pudaga innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna degişli meselelere ünsi çekdi.

Dokma senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy hiliň gyşarnyksyz ýokarlandyrylmagyna we döwrebap bazaryň hem-de dünýä konýunkturasynyň talaplaryna laýyklykda çykarylýan önümleriniň görnüşiniň artdyrylmagyna gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Türkmenstanda öndürilen önümleriň daşary ýurtlara çykarylyşyny artdyrmagy höweslendirmekde we onuň üçin şertleri döretmekde milli önüm öndürijileriň tehnologik kuwwatynyň derejesini ýokarlandyrmagyň, sarp edijiligi, onuň umumylyklaryny hem-de möwsümleýin aýratynlyklaryny hasaba almagyň, şeýle hem dünýä konýunkturasyny we bäsdeşligiň şertlerini düýpli seljermegiň, habar beriş- mahabat mümkinçiliklerini has işjeň herekete getirmegiň möhümdigini milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýän her ýyl geçirilýän dokma sergisiniň ähmiýetini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň esasy maksatlarynyň biriniň pudagy maýa goýum we innowasion taýdan işjeň höweslendirmek bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şeýle hem türkmen kärhanalarynyň täze bazarlara çykmagyna, iberilýän harytlaryň we işewür gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine ýardam etjek daşary ýurtlaryň biržalary bilen aragatnaşygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýewi we «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Çarlyýewi çagyrdy.

Wise-premýer ýurdumyzda häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 1-nji iýunda badalga berlen galla oragynyň barşy we gowaçalara ideg etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň galla meýdanlarynda orak möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we ony öz wagtynda ýitgisiz ýygnamak hem-de ýetişdirilen hasyly göwnejaý saklamak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi. Daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, milli Liderimiz gowaçalara ideg etmek işleriniň we beýleki oba hojalyk çäreleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýew birleşikde işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şu ýylyň 25-27-nji maýy aralygynda haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça halkara guramasynyň wekilleriniň Bütindünýä assambleýasynyň 81-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Fransiýa Respublikasyna bolan iş sapyrynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli buýsanjymyz bolan arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini milli däplerimiz bilen sazlaşykly ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiziň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ünsi çekip, bu möhüm işleriň mydama berk gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, iň gowy daşary ýurt işlerini we innowasion tejribäni öwrenmek babatda pudagyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Çarlyýewe söz berdi. Ol öz hasabatynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýy, galla orujy kombaýnlaryna, ýük awtoulaglaryna we beýleki tehnikalara iş üstünde tehnika hyzmaty ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Diňe bir galla oragynda däl, eýsem, beýleki oba hojalyk işlerinde ulanylýan tehnikalaryň netijeli işini üpjün etmek, olara eýeçilik gözi bilen garalmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz galla oragy möwsüminde işleýän mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli işini üpjün etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzy göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy we jemagat hojalygy ministri S.Satlykowy çagyrdy. Olar öz ýolbaşçylygyndaky düzümler tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.

Hususan-da, gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäherinde gurulmagy göz öňünde tutulýan medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny we çyzgylaryny hödürledi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada maglumat berdi. Mundan başga-da, wise-premýer Saglyk ýolunyň ugrunda abatlaýyş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy öjsdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ünsi çekmek bilen, bu wajyp ähmiýetli işe jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalara düýpli belliklerini, degişli düzedişleri girizdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Giňdiwaryň etegindäki Saglyk ýoluny we dynç alyş ýerlerini abadanlaşdyrmak, iň köp gatnalýan ýerlerini yşyklandyrmagy goşmak arkaly bezemek boýunça anyk teklipleri aýtdy.

Gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz göni aragatnaşyga çagyrylan ýolbaşçylara paýtagtymyzyň eteklerindäki we Aşgabadyň täze etraplaryndaky bagy-bossanlyga ideg etmek boýunça işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdigine nägilelik bildirdi hem-de olardan çäkleriň abadanlaşdyrylmagyna, düzgün-tertibiň, ekologik kadalaryň saklanmagyna gözegçilik meseleleriniň çözülmegine oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Muňa umumy medeniýetiň aýrylmaz bölegine öwrülmeli ekologiýa terbiýesine eýe bolmaly ýaşlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi täze itergi berip biler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.