Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurudumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, şonda şu ýylyň 5 aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň öňde goýlan jogapkärli wezipeleri netijeli berjaý etmek boýunça anyk ädimleri kesgitlendi.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde işlenip taýýarlanan giň gerimli harby özgertmäniň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýurdumyzda parahatçylykly we durnukly ýagdaýy saklamak boýunça durmuşa geçirýän çäreleri barada hasabat berildi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ministrligiň işgärleri üçin Aşgabat şäherinde her biri 40 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de düzümiň esgerleri üçin häzirki zaman ýtakhanasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan geçirilýän işiň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp, ýurdumyzda raýatlaryň parahatçylygynyň we hukuk tertibiniň saklanmagynyň täze taryhy eýýamda-- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan arzyly maksatlara tarap ynamly gadam urýan jebis we agzybir türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň möhüm ähmiýetli şerti bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz düzümiň işgärleri we harby gullukçylar üçin döredilýän amatlyklaryň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleri kämilleşdirmek we olaryň harby- tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan maksada okgunly işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda watançylyk – terbiýeçilik işine, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň gulluk we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, şeýle hem durmuşa geçirilýän harby özgertmäniň beýleki wajyp ähmiýetli jähetlerine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Şeýle hem ministr Ahal welaýatynyň Kaka we Baharly etraplarynyň çäklerinde harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny şertlendirýän täze birnäçe desgalaryň gurlup gutarylandygy barada habar berdi. Mundan başga-da, ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde harby gullukçylaryň durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen we gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalaryny görkezdi.
Milli Liderimiz şu ýylyň başyndan bäri geçirilen iş babatda kanagatlanma bildirip, döwletimiziň geljekde-de ýokary harby okuw mekdeplerinde okatmagyň we dürli okuwlary guramagyň hasabyna hünärine ökde işgärleriň taýýarlanmagyna, şeýle hem soňky ýyllarda döwrebap, has netijeli tehnika bilen kämilleşdirilýän milli goşunyň maddy-tehniki taýdan üpjün edilmeginiň has-da gowulandyrylmagyna aýratyn üns berjekdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy maý aýynyň başynda, Beýik Ýeňşiň 68 ýyllygynyň öňüsyrasynda “Galkan -2013” atly söweşjeň atyşykly görkezme taktiki meýdan okuw türgenleşigine ýokary baha berdi. Şol türgenleşigiň barşynda ýurdumyzyň harby güýçleriniň söweşjeňlik taýýarlygynyň ýokary derejä eýe bolup durýandygy, şeýle hem milli goşunyň uly güýç-kuwwata eýedigi we goşunlaryň ähli görnüşleriniň hereketleriniň diýseň sazlaşyklydygy äşgär boldy.
Şeýle hem milli Liderimiz görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz täze gurlan binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew çykyş edip, ýanwar-maý aýlarynda edilen işler we hususan-da, döwlet Baştutanymyz tarapyndan döwlet serhediniň goragyny güýçlendirmek, Gwaraşsyz, Bitarap Türkmenistanyň raýatlarynyň asudalygyny we ýurdumyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini goramak ugrundaky mukaddes borja eýerýän serhetçileriň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze serhet galalarynyň desgalar toplumynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň paýyna möhüm we jogapkärli işiň düşýändigini belläp, olaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň tutuş sebitdäki halklaryň parahatçylykly durmuşynyň we rowaçlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän bilelikdäki möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlyk edýän ýakyn goňşulary bilen köp asyrlaryň dowamynda saklanyp gelýän dostluga we doganlyga mahsus ýörelgelere ygrarly bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny elmydama ýatda saklamalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara degişli düzedişleri girizdi we olarda serhetçileriň göwnejaý gulluk etmekleri we dynç almaklary üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa söz berildi. Ol döwletde we jemgyýetde kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Baş prokuror Aşgabat şäherinde prokuratura işgärleri üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän iki sany döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik döwletiň kuwwatynyň we rowaçlygynyň jemgyýetiň ösüşiniň we aň-düşünjesiniň kämilliginiň derejesi bilen kesgitlenýändigini hem-de şol jemgyýetde Kanuna uly sarpa goýulmalydygyny we oňa berk eýerilmelidigini aýratyn belläp, prokuratura edaralarynyň bu mizemez düzgüniň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligiň üpjün etmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz prokuratura işgärelriniň ýaşaýyş we gulluk şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyny, olar üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyny mundan beýläk-de dowam etmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çykyş edip, öz garamagyndaky düzümleriň işi barada hasabat berdi, şol düzümleriň işi jenaýatlaryň gijikdirilmän ýüze çykarylmagyna we hukugyň bozulmagynyň islendik görnüşiniň, şol sanda ýurdumyzyň ýollaryndaky hukuk tertibiniň bozulmagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, ministr öz çykyşynda Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin Mary welaýatynyň Mary şäherinde 4 gatly 40 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.
Milli Liderimiz şol düzümleriň paýyna ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini goramak, agzybir, jebis halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek bilen bagly jogapkärli we hormatly işiň düşendigini aýdyp, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň geljekde-de öz gulluk borçlaryny ruhubelent ýagdaýda berjaý edip, özlerine ynanylan jogapkärli işi halallyk bilen ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. Düzümiň işgärleri üçin amatly şertleriň yzygiderli döredilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýdyp, milli Liderimiz olar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçylygyna ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we ýollarda şonuň ýaly hadysalary azaltmak boýunça işe berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Öz gezeginde Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýew milli Liderimiziň milli kazyýetçilik ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini berjaý etmek bilen baglylykda, hasabat berilýän döwürde özüniň garamagyndaky düzümler tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazyýet işgärleriniň öz işleriende hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerine eýerip, her bir iş boýunça adalatly çözgüdi kabul etmelidigini belläp, işgärleriň saýlanyp alynmagyna berk talap bildirilmeginiň möhümdigini belledi.
Türkmenistanyň adalat ministri B.Çaryýew milli Liderimiziň başlyngyjy boýunça milli kanunçylygyň pugtalandyrylmagyna we kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Ýurudumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kabul edilýän ähli Kanunlaryň täze döwrüň talaplaryna we ählumumy halkara kadalaryna laýyk gelmelidigini belläp, dünýäde toplanan oňyn tejribäniň we hereket edýän milli kanunçylygyň esasy ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynyň şu ugurdaky özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew çykyş edip, özüniň garamagyndaky düzümleriň işiniň netijeliligini artdyrmak babatda-da döwlet Baştutanymyz tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük gullygynyň işgärleriniň halkara derejesinede uly at-abraýa eýe bolan döwletimiziň netijeli syýasatynyň gazananlarynyň artdyrylmagyna öz goşantlaryny goşmalydygyny belläp, şol işgärleriň sazlaşykly işlemek arkaly Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de tutuş milli ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowa söz berildi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän gullugynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde işlenip düzülen “2011-2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, neşe serişdelerinden we psihotrop maddalardan ejir çekýän adamlara kömek bermek boýunça milli maksatnamanyň” çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň we ulanylmagynyň öňüni almak ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany neşekeşlige garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça giň gerim bilen alnyp barylýan işiň diýseň möhüm ähmiýetlidigini, häzirki wagtda şol işe hukuk goraýjy we lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň goşulandygyny belläp, abraýly halkara we sebitleýin düzümler bilen has içgin işlemegiň wajypdygyny belledi. Soňky ýyllarda şol guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly wajyp ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.
Şeýle hem bu gullugyň ýolbaşçysyna her ýylda 26-njy iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem bellenilýän Neşe serişdeleriniň ulanylmagyna we bikanun dolanyşyga garşy göreşmegiň halkara gününe bagyşlanan ähli çäreleri göwnejaý derejede geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy D.Baýramow özara bähbitlere laýk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üstünlikleriniň we gazananlarynyň wagyz edilmegine ýardam berýän bu gullugyň işi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz täze taryhy eýýamda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösldürilýändigini, tutuş dünýäde goşulyşmaga mahsus ýagdaýlaryň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna ýardam berilýändigini aýdyp, biziň Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň has ösen döwletleriniň arasynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna we ata Watanmyzyň at-abraýngyň we şan-şöhratynyň has-da artydyrlmagyna ýardam bermegiň migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň belent borjy bolup durýandygyny aýdyp, bu gullugyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, şunda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýyndaky işiniň netijelerini jemlemek bilen çäklenilmän, bu edaralary ýakyn geljekde ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem kesgitlenendigini aýtdy hem-de mejlise gatnaşan ýolbaşçylara şahsy düzümiň arasynda watançylyk terbiýeçilik işine aýratyn üns bermegi, işgärleriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan ugurlardaky işleriň ýagdaýy üçin jogapkärçiliginiň artdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler boýunça maksatnamalary amala aşyrmakda ajaýyp üstünlikleri gazanýan zähmetsöýer halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşyny goramagyň harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýandygyny belläp, gahryman ata-babalarymyzyň edermenlikleri bilen ruhlanan türkmen esgerleri üçin öz halkymyza we we ata Watanymyza wepaly gulluk etmekden belent bagtyň ýokdygyny belledi.
Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna öz öňlerinde goýlan wezipeleri berjaý etmekde üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň geljekde-de özleriniň gulluk borçlaryny halal ýerine ýetirip, garaşsyz döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylyp ugralan taryhy özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi.